Beýleki käbir ösümlikler ýaly kertýapragyň köki-de köpýyllykdyr. Ýerüsti ösüntgileri bir ýyllyk bolup, onuň asly watany Efiýopiýadyr. Ol özüni bezeg hem-de derman ösümligi hökmünde tanadansoň, adamlar ony bäş müň ýyl bäri ulanyp gelýäler.

  Bu ösümlik ilki bada Müsür, Ortaýer deňiz kenar ýurtlaryna, soňra Ýewropa döwletlerine, Kawkaz yklymlaryna aralaşyp, Aziýa  we Merkezi Aziýa çenli gelip ýetýär. Kertýapragy häzir güneşli Diýarymyzyň köp ýerlerinde görmek bolýar. Esasanam gözel paýtagtymyz Aşgabadyň ähli seýilgählerinde, gezim meýdançalarynda, ýol ýakalarynda hem oňa näçe diýseň duş gelinýär. Bu ösümligiň iň oňat tarapy hem ony hiç wagt sowuk urmaýar. Kertýapragyň kökünden başlap baldagy, ýapraklary, gül-gunçalary hatda tohumlaryna çenli dermandyr. Onuň düzüminde himiki maddalar örän köp. Giçki Orta asyrlardan bäri dünýä halklary bu ösümligiň düzüminde  B1, B2, B6, С witaminleri, beloklar, uglewodlar, karotin, flawanoid, şeker, fitonsit ýaly peýdaly maddalaryň barlygyny bilip onuň bilen has-da gyzyklanypdyrlar.  Onuň gül–gunçasyny ösümlik ýagyna çalarak gowrup, ýaga daglap, buglap, duzlap, konserwa ýapyp, iýmit we derman hökmünde ulanylýar. Kertýaprak öthaltadan öt çykarmakda , peşew çykarmakda, derlemekde, sary getirme, keselinde, ýadyň kütelişende ulanylýar. Ýapraklary çaý ornunda, gaýnan suwa  demlenip içilýär. Näsagyň şähdini açmakda, ukusyny kadalaşdyrmakda , rahatlandyrmakda, ýürek keselleriniň başlangyç döwürlerinde, böwrek sökelliklerinde hem ulanylýar. Eger-de, kertýapragyň ýygylýan möwsümini geçirmän, onuň ugruny bilip  göwnejaý ulanylsa iýmit hem derman ösümliklerden has peýdaly, ýakymly berhiz hasap edilýär.