Keteni
Bir gyrasyna atyp gelýän daňyň altyn reňki berlen, bir ýanyna bolsa ýaşyp gelýän şapagyň altyn reňki çaýylan, ikisiniň arasy bolsa dürli öwüşgin atyp duran düzlük... Keteni… Bu-da ýeke-täk türkmen gelin-gyzlarynda duş gelýän ajaýyp sungat eseridir. Arassa ýüpekden dokalýan ketenileri türkmen gyzlary durmuşa çykanlarynda hökmany suratda diýen ýaly geýýärler. Bu olaryň ömrüm daňy atandan tä ýaşýança öwüşgin atyp duran owadan hem bir durkly, parahat, düz bolsun diýip edýän niýet-arzuwlary bolaýmasyn?
Türkmeniň maşgala durmuşy hakynda kese ýurtly biri gözügidijilik bilen “Türkmen maşgalasynda uly bagt bar. Ol hem iki tarapyň hem biri-birinden arkaýynlygy“ diýipdi. Ine, keteni köýnekde şol arkaýynlygy görse bolýar. Keteni köýnek geýmegiň asyl manysyna düşünen, şol köýnegine mynasyp millilikde ýaşamagyň gymmatynyň ähli gymmatlyklardan ýokarydygyna düşünen gyz baran öýünde diňe bir özüni däl, maşgalasyny düz saklamak bilen ýaşaýar.
Keteni dokalanda saçyň tary ýaly inçe ýüpekden erişler ýüwürdilýär. Ol erişler adam häsiýetleridir. Ol tarlar lülelerden soň — bu edep-terbiýedir, sazdan geçirilýär. Şeýdip häsiýetleriň sazlaşygy emele gelýär. Aşakda iki üzeňňi bardyr — gije bilen gündiz. Olar erişleriň arasyny açar —wagt seniň aýbyňam açar, ýagşy gylyk- häsiýetleriňem. Taraçynyň elinde argaçly mäki bardyr, ol ony erişleriň arasyndan geçirer. Bu seniň häsiýetleriň arasyndan geçýän alan manyň, çykaran netijäňdir. Saz olary sazlaşdyryp ýüpek parçany emele getirer. Ýüpegi berk hem reňkdar keteni köýnek geýen türkmen gözelleri siziň ömrüňizem berk hem owadan bolmaga mynasypdyr. Ýüpeklerine pet berlen ketenili gyzlar enelerinden-atalaryndan pent alan gyzlardyr.
Enemin bukcasyndan. Ene-mamalarymyz ozlerinin el hunarleri bilen milli egin baslary tikip halallyga gol berip yasapdyrlar. Elde yerine yetirilyan kesdesidir gaymasy, kocumedir pugtamasy, basmasydyr sunsugi, alajasydyr aldymgajy, jahegidir ceplisagy bilen egin esiklerini gozel gorke getiripdirler. Arada men enemden miras galan nusgalyk saklanyan egin esikleri gune serip yelejiredeyin diyip sandykdan cykardym. Gurcuk keteniden tikilen koynegi synlap dursuma oya batdym. Gorsene, bu koynekde yagyrniclik, yensapy, begeyik yaly durli matalardan gurnalan bolejikleri. Ozude seylebir kebsirlenip gelisdirip tikilipdir. Gozbasyny oran anyrlardan alyp gaydyan milli egin baslar gozelligin ajayyplygyn cugdamy bolup dur. Yakasy bir kemsiz kesdelenip boynuna layyk edilip tikilen bu koynegi synlap, hazirki wagtda yaslarymyzyn doslerini acyp, dosleri ote acyk, yzy gapdaly dilikli gelsiksiz tikip geyyan koynekleri goz onume geldi. Konekilerimizin aydyp gecisi yaly "Ayal uyal" diyipdirler. Utanyp- uyalmaklyk gelin-gyza mahsus hasiyet. Edep ekramlylykda , sadadan sypayy geyinmekde ene-mamalarymyz bize nusga goyup gidipdirler. Kakilik Garajayewa (Gurbansoltan eje zurnalyndan)
Beýik Serdarymyzyň aýal-gyzlaryň baýramyny ýokary derejede bellemek hakyndaky Permany bilen geçirilýän bu toý güni hakyky eneleriň, gelin-gyzlaryň toýudyr. Egerde türkmen halysy ýaly haly, keçesi ýaly keçe, ketenisi ýaly keteni… dünýede ýok bolsa, olary döreden çeper elli gelin-gyzlar, mährem eneler hem dünýede tapylgysyzdyr. Türkmeniňem ähli milletleriňki ýaly özboluşly, özüne mynasyp gelin-gyzlary bar. Olar her bir maşgalanyň asudalygydyr. Diýmek tutuş türkmen iliniň asudalygydyr. Asudalyga-da taý geljek zat barmy näme?!