Kiçi Amyderýa Pilburny balyk
Bekreşekilli balyklar otrýady Bekre balyklar maşgalasy
Ýagdaýy
düzetDerejesi I (CR) Düýbünden ýitip barýan görnüş.
Genefondy gorap saklamakda ähmiýeti:
Amyderýanyň endemigi, derýanyň iň gadymy ýaşaýjylarynyň biri.
Gysgaça beýany
düzetDaşky görnüşi uly Amyderýa pilburnyna meňzeş, emma ondan has kiçi, has insiz we çykgynsyz tumşukly. Bedeniniň uzynlygy 21-27 sm. Agramy 50,5 çenli, guýruk sapagy ýok. Onuň iki sypatlysynyň uzyntumşuk we gysgatumşuk bolmagy mümkin[8].
Ýaşaýşy
düzetAmyderýa (orta akymynda 一Halaç obasyndan ýokarda, Atamyrat (Kerki şäherine golaý ýerlerde)[4,8]. Türkmenistandan daşarda一 Özbegistan[1一3].
Ýaşaýan ýerleri
düzetDüzlüklerden we dag eteklerinden çalt akýan derýanyň bulanyk suwlary. Uly Amyderýa pilburnyndan tapawutlylykda derýanyň has çuň, düýbi uly daşly, toýun horsaňly çukurly ýerlerinde mekan tutýarlar[6,8]. Sany we onuň üýtgetmek ýagdaýy:
XX asyryň 70-80-nji ýyllarynda balyklaryň ýek-tüki tutuldy. Amyderýanyň aşaky akymynda hasaba alyndy. 1996一1998-nji ýyllarda Amyderýada, Atamyrat şäheriniň golaýynda, takmynan 80-90 gezek tor taşlananda 1-jigi düşdi.
Esasy çäklendiriji sebäpler
düzetSuw desgalarynyň gurluşygy netijesinde Amyderýanyň gidrologik kadasynyň bozulmagy[7一9].
Biologiýasynyň aýratynlyklary
düzetSuwuň düýbünde, çalt akýan bulanyk suwda ýaşamaga ýokary derejede uýgunlaşan derýa balygy. 6 ýyla çenli ýaşaýar[4]. 4一5 ýaşynda jyns taýdan ösüp ýetişýär. Urkaçy balyklaryň nesil önümliligi 1,2 müň işbil. Ýaşy ýeten jyns önümli balyklar juda seýrek duşýar. #Köpelýän ýerleri: Şerti we wagty belli däl. Suwuň düýbündäki oňurgasyzlar bilen iýmitlenýär. Suwuň himiki düzüminiň üýtgemegine duýgur görnüş[1,3,4,6,8].
Köpeldilşi
düzetIş geçirilmedik.
Gorag üçin görlen çäreler
düzetTGHB-niň Gyzyl sanawyna (2009), Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna (1985,1999) we CITES-iň (2011) sanawyna girizildi. Amyderýada döwlet goraghanasynda goralýar. Tutmak gadagan.
Gorag üçin zerur çäreler
düzetKöpelýän ýerlerini goramaly. Amyderýanyň suwuna zeý suwlarynyň guýdurulmagyny bes etmeli, balyjaklaryň suw gatlalarynyň düşmeginiň öňüni almaly. Genomyny has pes temperaturada doňdurmak arkaly uzak wagtlaýyn, saklanmaly. Amyderýada goýbermeklik üçin suw ýataklarynda saklamaly we ösdürip ýetişdirmeli
Barlaglar boýunça teklipler
düzetGeljekde sistematikasyny we ekologiýasyny öwrenmeli. Ýaşaýan ýerini, tohum taşlaýan wagtyny we şertini anyklamaly, gorap saklamagyň çärelerini, emeli usulda köpeltmegiň we ösdürip ýetişdirilmegiň biotehnikasyny işläp düzmeli.
Düzüji F. M. Şakirowa.
Maglumat
düzet1. Nikolskiý 1938. 2. Berg 1948 3. Tleuow Sagitow 1971. 4. Bristein Maýden 1996. 5. Žoldasowa i dr. 1990. 6. Pawlow i dr. 1994. 7. Bristein 1997 8. Salnikow 2006. 9. Ýoldaşow 19....