Kiok
Höküm sürdi: b.e.öňki: 174—b.e.öňki 161.
Özünden öň: Mode han
Özünden soň: Kuniçen (Szýunçen)
Öldi: b.e.öňki 161.
Ýurdy: Oguz türkmenleriniň Hun döwleti
Kakasy: Mode han (Mete han)
Ogly: Kuniçen (Szýunçen)
Umumy maglumat
düzetKiok han (Lawşan ýa-da Gök han) m. ö. 174-nji ýyldan m. ö. 160-njy ýyllarda hökümdarlyk etdi. Ol hunlaryň üçünji şanýusydyr. Ol Mode hanyň oglydyr. Dünýä ineninde ejesi oňa Çiçu adyny goýupdyr. Laoşan adynyň näme sebäpden dakylandygy belli däl. Hulsewanyň pikirine görä bu Hun dilindäki bir sözüň terjimesi ýa-da haýsydyr bir sözüň meňeşligi bolup biler diýipdir[1]. Çyn-maçyn (hytaý) dilinde Laoşan «uly we üstün» manysyny aňladýar. Hun dilinde onuň manysy Gökhan diýmekdir. Onuň häkimýeti döwründe Hunlar Çyn-maçyna beýik ýörüşleri gurnapdyrlar. Gökhanyň islegi tutuş Çynmaçyny eýelemekdi. Şeýlelikde m. ö. 166-njy ýylda Hunlar 140.000 leşgerler bilen birlikde paýtagt şäher Siýana golaý gelip çaknyşdy. Töwereklerden 100.000 leşgerleri bilen hökümdary haýbatly söweşi bilen garşylamaga çykdy. Emma ol güýçli garşylyk görmegi netijesinde yza Mangoliýa tarap çekildi. Mangoliýa Hunlaryň topraklarydy. Ol ýurdy eýelän Oguz handy. Gökhanyň bu ýörişi bir aýa çekdi. Soňra 10.000 Hun esgerleri bilen Lýawdun ýarymadasyna hüjüme geçdiler. Pekiniň ýakynlarynda ýerleşen Çili şäherine gelen Gökhan Çynmaçyn hökümdary bilen ylalaşyk baglaşyp yzyna dolandy. Merkezi Aziýadaky Hindi-Ýewropa kowmy bolan Düýeçileri (Ýuweçji) Hun topraklaryndan çykarylýar, kowulýar. M. öň 162-nji ýylda Düýeçi hanyň kellesinden gymyz käsesini ýasatdyran Gökhan hökümdarlygyny araçäklerini öňküsinden-de giňeldýär. Beýniden ýasalan şol gap atadan-ogula miras geçipdir. Gökhan Çynmaçyn hökümdary Weniň gyzyna öýlendi. Gök han m. ö. 160-njy ýylda wepat boldy[2].
Çeşme
düzet[1] Hulsewé, A.F.P. (1979). China in Central Asia: The Early Stage 125 BC AD 23: an annotated translation of chapters 61 and 96 of the History of the Former Han Dynasty. Introduction by M. A. N. Loewe. ISBN 90-04-05884-2. Leiden: E. J. Brill.
[2] Şamuhammet Suwtyýew. Şan-şöhratly Hunlar. Aşgabat 2015. Gök han. sah-8-9.