Kofe - bu miwedir. Kofe döwüji serişdäni 1665-nji ýylda iňlis demir ussasy oýlap tapypdyr. Döşünýä belli kompazitor Bethofen şeýle bir ynjyk adam bolupdyr. Hatda ol özüne demlenjek kofäniň dänesiniň 60-dan artyk ya-da kem bolmazlygy üçin ony bulgura özi sanap atyan eken. Wolter bolsa, günüň dowamynda 50 bulgur kofe içip , munu adaty endik hasap edipdir. Gadym dowürlerde Konstantinopada ilkinji kofehanalar açylyp,olar “qahveh khaneh”, yagny , “parasatlylygyň öýi” diyilip atlandyrylypdyr. Sebäbi bu ýerdäki müşderileriň aglabasy edebiyatçylardyr hudožnikler, alymdyr filosoflar bolupdyr . Gresiýada we Türkiýede kofe ilki ýaşuly adama, sňra beýlekilere äberilýär. Ýaponiýa kofäni ulanmakda dünýä ýurtlarynyň içinde 3-nji orunda durýar. Bu ýurtda kofäni diňe içmek däl, oňa ýuwunmak hem peýdaly hasaplanýar.. Ýaponlar kofäniň derini sagaldyjy, ýygyrtlary ýazyjy güýji bar diýip belleýärler we hepdede bir gezek kofäniň çökündisine ananas bölejiklerini goşulyp ýyly wanna kabul edýärler. Duhi almak isleýän zenanlara ýany bilen birnäçe kofe dänejiklerini almak maslahat berilýär. Duhi saýlanyňyzda, yslar garyşýar, şonda kofe dänesini ysgamak ýeterlik. Kofäniň ysynyň güýji burnuň ys alyjylyk ukybyny artdyrýär. 2001-nji ýylyň Bitaraplyk aýynda Braziliýada kofe ysly poçta mmarkalry çykarylyp başlandy. Geň ýeri, markadan 3 ýyldan 5 ýyla çenli kofäniň ysy gelip durýar. Kofe çökündisi ekine sepilse, ekine zyýan ýetirýän ulitkadyr suw öküzleri ösümlikleriň golaýyndan hem gelmez X asyra çenli kofe içgi dälde, iýmit hasap edilipdir. Efiop taýpalary kofe dänelerini mal ýagy bilen garyp, tegelekläp, uzak aralyga gidenlerinde nahar, çörek hökmünde iýipdirler.