Lansetnikleriň 30-a golaý görnüşi bolup, olaryň uzynlygy 5-8 sm-e ýetýär. Lansetnikler tropik we aram şertli suwlaryň arassa çäge çökündili ýerlerinde ýaşaýarlar. Olaryň bedeni ýarym dury, iki gapdalyndan gysylan, gyzylymtyl, öň we yz tarapdan çowly bolýar. Deri epininden emele gelen arka ýüzgüji yz tarapdan çowlanyp, lukmançylykda ulanylýan ýiti uçly lanset guralyna meňzeş guýruk ýüzgüjini emele getirýär. Lansetnik ady hem şondan gelip çykypdyr.

Lansetnikler 10-20 jübüt şupalse bilen gurşalan agyzly ujuny daşa çykaryp, çägä gömlüp ýaşaýarlar. Ol ynjalyksyzlandyrylanda çägä sümlüp ýatan ýerinden atylyp çykýar-da, birneme ýüzüp, ýene-de çägä gömülýär.

Lansetnigiň arka tarapyndan bütin uzyn boýuna bir-birine jebis birleşen öýjüklerden ybarat bolan dykyz, çeýe çybyjak şekilli horda uzalyp gidýär. Ol içki synalaryň daýanjy bolup hyzmat edýär, haýwan bedenine belli bir derejede çeýelik berýär. Lansetnigiň hordasy bütin ömrüniň dowamynda saklanýar.

Lansetniklerde kelle beýnisi bolmandygy sebäpli , olarda kelleçanak hem bolmaýar. Şoňa görä-de, bu haýwanlary kelleçanaksyz hordalylar toparyna degişli edýärler.

Balyklarda, ýerde-suwda ýaşaýanlarda, süýrenjilerde, guşlarda we süýdemdirijilerde horda olaryň liçinka ýa-da düwünçek ösüş döwürlerinde bolýar. Ösüp ýetişenlerinde bolsa horda kitirdewük (kitirdewükli balyklarda) ýa-da aýry-aýry oňurgalardan duran oňurga sütüni bilen çalşyrylýar. Şeýle haýwanlary oňurgalylar toparyna birleşdirýärler.

Lansetnigiň myşsalary iki sany zolak şekilli bolup, hordanyň iki tarapynda ýerleşýär. Lansetnik bedenini dürli tarapa egmek bilen ýüzýär we çägä sümülýär.

Iýmitleniş ulgamy. Onuň bedeniniň öň tarapynda şupalseli guýguç bilen gabalan agyz deşigi ýerleşýär. Suwuň akymyna suwda ýüzýän ownujak bedenjikler we organiki maddalar agyzdan giň damaga geçýärler. Bu ýerde iýmit nem bilen ýelmeşip, tokgalanýar we içegä geçip, şol ýerde bişirilýär. Iýmit galyndylary bolsa guýruk ýüzgüjiniň başlanýan ýerinde, garyn tarapynda ýerleşýän artbujak deşigi arkaly daşa çykarylýar.

Dem alyş ulgamy. Lansetnik žabralary bilen suwda erän kisloroddan dem alýar. Damagyndaky köp sanly žabra ýarçyklarynda gan aýlanyş ulgamynyň kapillýarlary ýerleşýär, olarda gaz çalşygy bolup geçýär. Suwdan gana kislorod, gandan bolsa suwa kömürturşy gazy geçýär. Žabralar daşyndan görünmeýärler, çünki olar deri bilen örtülendir. Deri örtügi žabralary çäge bölejiklerinden goraýar.

Gan aýlanyş ulgamy ýapyk bolup, ol arka we garyn gan akdyryjylaryndan ybaratdyr. Kömürturşy gazy bilen baýlaşan gan garyn gan akdyryjysy boýunça öňe- žabra kapillýarlaryna akýar. Bu ýerde gan kömürturşy gazyny berip, kislorod bilen baýlaşýar we arka gan akdyryjysy boýunça yzyna akýar. Lansetnigiň ýüregi ýokdur. Bedende gan akdyryjylaryň diwarlarynyň ýygrylyp-ýazylmagy netijesinde gan herekete getirilýär.

Bölüp çykaryşy. Bölüp çykaryş synalary onuň damagynda ýerleşip, žabra ýanyndaky boşluga açylýarlar.

Nerw ulgamy. Lansetnigiň nerw ulgamy uzyn turbajyk görnüşinde bolup, hordanyň ýokarsynda bedeniň uzynlygyna ýerleşendir. Ol nerw öýjüklerinden ybarat bolup, olaryň gurluşy ähli ýerde birmeňzeşdir. Kelle beýnisi bolmaýar. Nerw merkezlerinden synalara we beden üstüne köp sanly nerwler baryp, olar daşky himiki we mehaniki gyjyndyryjylary kabul edýärler. Lansetnigiň duýuş synalary örän gowşak ösendir. Eşidiş we görüş synalary bolmaýar. Görüş synasynyň wezipesini ýagtylygy duýujy öýjükler ýerine ýetirýärler. Olar nerw sütüniniň bütin uzynlygy boýunça dagynyk ýagdaýda ýerleşip, diňe ýagtylygy garaňkylykdan tapawutlandyrmaga ukyplydyrlar. Lansetnik ýagtylygy duýan badyna çägä sümülýär. Lansetnigiň bedeniniň üstünde syzyş öýjükleri hem bolýar.

Rus alymy Aleksandr Onufriýewiç Kowalýewskiý lansetnikleriň ösüşini we gurluşyny öwrenip, köp alamatlary ( hordanyň, turba şekilli nerw ulgamynyň gurluşy we ýerleşişi) boýunça onuň hakyky hordaly haýwandygyny subut etdi. Ýöne bölüp çykaryş synasynyň meňzeşligi sebäpli, lansetnik halkaly gurçuklara hem meňzeşdir. Lansetnigiň gurluşyny öwrenmeklik alymlara hordalaryň gelip çykyşyny anyklamaga kömek edýär.