Lebap Futbol Topary, Türkmenabatda yerleşyar. Hazirki wagtda Ýokary Ligada basleşige dowam edyar. Olar 10,000 orunlyk Türkmenabat Stadionynda oyunlaryny geçiryar. Web sahypasy [1] Klubyň Täze Taryhy

2008-nji ýylda topar „Bagtyýarlyk“ ady bilen ýokary liga gaýdyp gelýär. Futbol kluby täzeden döredilip, ýaş oýunçylardan düzülýär. Tejribesi kän bolmadyk oýuçylar bilen bu ýyl şowly çykyş edip bilmeýär we 7 sany resmi duşuşygyny käbir sebäplere görä oýnamady. Türkmenistanyň ýokary ligasynda 4 utuk bilen 11-nji ýerde tamamlandy. 2009-njy ýylda hem 5 utuk bilen turnir tablisany 9-njy ýerde tamamlaýar. 2010-njy ýylda komanda-da kän özgerişikler geçirilýär. Şol ýyl komandanyň adyny “Lebap” futbol kluby diýip üýtgedilýär. 2010-njy ýylda Türkmenistanyň 18-nji Milli Çempionatynda Ýokary Liganyň 10 sany toparynyň gatnaşmagynda ýaz-güýz tertibi boýunça 2 aýlaw geçirildi. “Fk Lebap” kluby geçirilen 18 duşuşykda 10 ýeňiş, 4 deňlik we 4 utulyş bilen 34 utuk gazanyp turnir tablisada hormatly 3-nji ýere mynasyp boldy.

Gazanan Sepgitleri

Türkmenistanyň 18-nji Milli çempionatynyň (2010-njy ýyl) jemleýji sanawy. Klublar: 1. “Lebap” 44 utuk 2. “Altyn asyr” 35 utuk 3. "Balkan" 34 utuk 4. “Merw” 33 utuk 5. HTTU 28 utuk 6. “Aşgabat” 26 utuk 7. “Şagadam” 23 utuk 8. “Ahal” 16 utuk 9. “Daşoguz” 9 utuk “Talyp sporty” 4 utuk 2011-nji ýylda Türkmenistanyň 19-njy milli çempionatynyň Ýokary Liganyň 10 sany toparyň gatnaşmagynda ýaz-güýz tertibi boýunça 4 aýlaw geçirildi. “Lebap” futbol topary 36 oýun oýnap, 12 ýeňiş, 6 deňlik we 18 utulyş bilen 42 utuk gazanyp turnir tablisany 7-nji orunda tamamlaýar. 2011-nji ýylyň Türkmenistanyň kubogyny eýelemek boýunça ýaryşda ýarym finala çenli ýetýär. Gazanan sepgitleri: Türkmenistanyň ýokary ligasynyň bürünç medaly: (3-nji ýer) 2010-njy ýyl. Türkmenistanyň kubogy: 2011-nji ýyl, ýarym final.