Lukmançylyk ylmynyň kanunlary
Ylmyň dürli ugurlaryndan, şol sanda lukmançylykdan hem giňişleýin bilim alan, alym lukman (980–1037), gündogaryň beýik akyldary Abu Aly Ibn Sina (Awisenna) özüniň «Al–Kanun ttib» (Lukmançylyk ylmynyň kanunlary) atly kitabyny ýazýar. Öz döwrüniň görnükli kitaby bolan «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» alty asyryň dowamynda ähmiýetini ýitirmeýär. Daşary ýurt gündogar lukmanlary häzirki wagta çenli hem hassalary «Kanunlar» boýunça bejerýärler. Ibn Sina beýleki döwürdeş alymlardan tapawutlylykda, görnükli anatom, adam bedeniniň gurluşyny bilýän ökde alym bolupdyr. «Kanunyň» baplarynda diňe maglumatlar toplanman, olar ulgamlar boýunça berlen, üstleri doldurylan we kesgitlenendir. Ony düzýän agzalaryň we dokumalaryň, «peýdalylygyna», bütewiligine bolan garaýşy esasynda adam bedeniniň gurluşy düşündirilýär.
«El bir topar ownuk süňklerden durýar. Eger-de bir süňke zyýan ýetse, beýlekisi sagdyn galýar. Eliň süňkleri iki hatarda ýerleşýärler. Ýokarky hatarynda üç süňk we aşaky hatarynda dört süňk bar. Şol iki hatara girmeýän bir sany artykmaç süňk bolýar. Ol süňküň ýakynynda geçýän nerwleri goramak üçin hyzmat edýär».
«Çigin. Çigin süňküniň iki ähmiýeti bar: birinjiden, şu süňk arkaly el birleşýär we olaryň hereketleri has kämilleşendir. Eger-de el gönümel döş bilen birleşen bolsa, onda onuň käbir hereketleri az möçberde ýerine ýetirilerdi. Ikinjiden, çigin süňki döş kapasasynda ýerleşýän agzalary goraýar. Çigin süňki yzky tarapdan boljak urgulary yzyna gaýtarýar».
«Burnuň uly ähmiýeti bar. Burun deşikleri arkaly geçýän howa ýyladylýar we orta ýylylyga getirilýär, howanyň köp mukdary öýkenlere, az mukdary baş agza-beýnä barýar. Burun howany kabul edip, onuň hilini kesgitleýär. Gepleýiş wagtynda birnäçe sesleri emele getirmäge kömekleşýär. Burun boşlugy arkaly kä- bir hapalar daşary çykarylyp, netijede olaryň gözhanasyna geçmeginiň öňi alynýar we olaryň göze düşmeklerinden goralýar. Burun iki sany üçburç süňklerden durýar, bu süňkler ketirdewüklere birleşýärler. Burnuň ortasynda bir ketirdewük bolýar. Bu ketirdewügiň ýokarky bölegi burny iki bölege bölýär. Burnuň iki kanaly bolup, onuň birisinden sümük çyksa, onda beýlekisi howa geçmek üçin açyk galýar».
Abu Aly Ibn Sina gözüň gurluşyny ýazanda, häzirki wagtda ulanylýan atlary: nem (suwuklyk), göreç, gözüň älemgoşar bardasy, gözüň monjugy (merjenjigi), protein, göz nerwi, çüýşe (aýna) görnüşli beden, torly, gözüň diwarlaryny düzýän üç sany bardasy, göz muskullary, ýag, gözi gorap durýan kirpikler, ketirdewük, iki gatlakdan durýan gabaklar, onuň düzümindäki deri, ýag we muskullary tapawut- landyrylýar. Ol gözhanasy bilen burun boşlugynyň arasynda ýerleşýän gözýaş – burun kanalynyň barlygyny habar berýär. Ol ilkinji gezek göz muskullarynyň anyk ýazgysyny berýär.
Abu Aly Ibn Sina garyn muskullary barada ýazýar. Garyn muskullary içegelere, olardan täret maddalarynyň, peşew haltasyndan peşewiň çykmagyna we çaganyň aňsat dünýä inmegine kömek edýär. Muskullar garyn agzalaryny sowukdan goraýar.
Ol süňkleriň we bogunlaryň doly anatomiýasyny berýär. Skeletiň süňkleriniň we bogunlarynyň anatomiýa adalgalary häzirki wagtdaky adalgalara ýakynlaşýar.
Muskullaryň hereketiniň güýjüni häsiýetlendirende Abu Aly Ibn Sina şeýle ýazýar: «Muskuly herekete getirýän güýç nerwleriň üstünden geçýär. Hereket güýji bir, ýöne her bir aýratyn muskullaryň häsiýetine görä, hereketler dürli bolýar». Şu garaýyşlar we häzirkizaman garaýyşlaryň arasyndaky baglanyşyk örän ýakyndyr. Manysy boýunça aýdylanda, ol häzirki morfologiýanyň we fiziologiýanyň ýagdaýlaryny yzarlaýar, agzalaryň gurluşy bilen we olaryň işleriniň özara baglanyşygynyň barlygyny kesgitleýär. Bu barlaglardan başga Ibn Sina dişleriň 32 sanydygyny, olaryň görnüşlerini, işlerini öwrenipdir. Alymlaryň pikirleri boýunça «arteriýa» diýlen termin ilkinji gezek Ibn Sinada duş gelýär. «Arteriýa» – howa saklaýan damar diýip düşündirýär. Arteriýa ýüregiň çep boşlugyndan başlanýar, sag boşlugy bolsa bagra ýakyn ýerleşýär. Ähli wenalar bagyrdan ösüp başlaýar. Ilkinji bolup bagyrdan iki damar ösüp, olaryň biri bagryň egrelen tarapyndan ösüp başlaýar. Ol bagra iýmit maddalaryny getirýär we derweze wenasy diýlip atlandyrylýar. Ikinji damar bagryň güberçek tarapyndan ösüp başlaýar, ol bagyrdan agzalara iýmit maddalaryny daşaýar. Abu Aly Ibn Sinanyň göreldeli we döredijilikli ömri, halka eden hyzmatlary lukmanlar üçin nusga alarlykdyr.