Türkmen edebiýatynyň taryhynda uly yz galdyran şahyrlaryň biri-de Annagylyç Mätäjidir. Annagylyç onuň çyn ady bolup, Mätäji edebi lakamydyr. Mätäji 1824-nji ýylda Aşgabat şäheriniň eteginde ýerleşýän Köşi obasynda dogulýar. Çagalykda ata-eneden jyda düşüp, agasy Sapargylyç bile ýetim galansoňlar, olara garyndaşlary hossar çykýarlar.

Şahyr başlangyç bilimi oba mekdebinde alýar. Ýöne maşgala güzerany zerarly medreselerde okap bilmänligi sebäpli, ol özbaşdak okap, halk döredijiligi hem-de öňki ýaşap geçen şahyrlaryň eserleri bilen içgin tanyşýar.

Mätäji daýhançylyk hem-de çagalary okatmak bilen meşgullanypdyr. Onuň Molladurdy, Orazmämmet atly ogullary bolupdyr. Molladurdy kakasynyň kesbini dowam etdirip, ökde şahyr bolup ýetişýär. Onuň “Hojaguly”, “Heşdek baý”, “Nury-imandyr okuw” ýaly goşgulary halk içinde meşhurlyk gazanýar.

Annagylyç Mätäji 1884-nji ýylda aradan çykýar.

salgylanma

düzet

http://www.tkm.8m.net/mataji.htm