Möýleriň bedeni beýleki ýagny möýşekillilere meňzemeýän ýaly görünýär, ol kellekükrekden we bütewi bogunlary bolmadyk garyndan durýar. Garyn kellekükrege inçelen, 7-nji segment bilen birleşýär. Möýlerde 1 ýa-da 2 jübüt öýkenler, olaryň köplenji görnüşlerinde bir jübüt desseşekilli traheýalar hem bolýarlar. Möýler aýry-aýry jynslydyr we olarda dimorfizm ösendir, urkaçylary erkek osoblardan köp esse uludyr. Möýleriň garyn ujunda ýüpek-sapak bölüp çykarýan mäzler bolýarlar. Möýler ýaşaýyş aýratynlygy boýunça ykmandalara we oturymlylara bölünýärler. Ykmandalar awlaryny ykmandalykda awlaýarlar, oturymlylar bolsa kerepleriň (torlaryň) üstünde ýa-da hiniň içinde oturymly ýaşaýarlar we şol ýerik düşen oňurgasyzlar bilen iýmitlenýärler. Möýler guzlan ýumurtgalaryny pilejikleriň içinde ýerleşdirýärler. Möýler hem jynsly osob görnüşinde hem-de ýumurtgalar görnüşinde gyşlaýarlar. Möýler ýyrtyjy bolup, olar mör-möjekler bilen iýmitlenýärler. Türkmenistanda zäherli möýler esasan dört sanydyr. Olar tarantul (Licosa singariensis), garagurt (Latrodectus tridecimguttatus), gara möý-Erezus (Eresus niger) we ak gurtdyr (Latrodectus pallidus). Möýler ýyrtyjy bolup, köp mukdarda zyýanly mör-möjekleri iýýänleri üçin peýdaly hasaplanýarlar we goralyp saklanmalydyr.Möýler 3 sany erkek 1 sany urgaçy bolup ýaşaýarlar we adatda urgaçy erkek möýlerden uly bolýar,erkek möýleri iýýärler.

Türkmenistanyň zäherli möý şekillileri:Garagurt,Agymtyl garagurt,Hinçi möý we Ataýry degişlidir.Möýler 2 bölegden durýar.Olar:kellekükrege we garna bölnen.

düzet