MERKEZI AZIÝA IRKI ORTA ASYRLARDA

MOWZUK: MERKEZI AZIÝA IRKI ORTA ASYRLARDA

M E Ỳ I L N A M A:

1. Araplaryň Merkezi Aziýany basyp almagy.

2. Araplara garşy halk hereketleri.

3. Medeniýet we sungat.

VII asyrda arap çarwa taýpalary birleşip uly döwlet gurýarlar. Araplar arap ýarym adasynda ýaşapdyrlar. Olar VII asyrda Arap ýarym adasynda yslam dinini döredipdirler. Arap taýpalary söwda bilen meşgullanypdyrlar. Bu taýpalaryň başynda şyhy durupdyr. Arap taýpalary yslamdan öň köp hudaýlylyga uýupdyrlar. Hat-da Ỳasribde we Demirgazyk-Günbatar Arabystanda indeýçilik bilen hristiançylyk bäsleşipdir. VI asyrda Ỳemenlileriň döwlet dini diýlip iudizm yglan edilipdir. Yslamyň keramatly kitaby Gurhan bolupdyr. “Gurhan” okamak, sesli okamak diýen manylary aňladýar. Taryhy çeşmeleriň ýazylmagyna görä, Muhammet Pygamber 40 ýaşyna ýetende, takmynan 610-njy ýylda Mekge şäheriniň ýanyndaky Hyra dagynda ýalňyz ybadat edip otyrka, Jebraýyl perişde Pygambere aýatlary okap beren eken. Ol bolsa ýatdan öwrenip tarapdarlaryna aýdar eken. Olar hem öz gezeginde halkyň arasynda şeýle ýol bilen ýaýradypdyr. Bu iş 23 ýyl dowam edipdir. Gurhan 144 süreden (bapdan) durýar. Süreler öz nobatynda Aýatlara bölünýär. Sesli okamaga oňaýly bolar ýaly Gurhanyň teksti juz diýilýän 30 bölege ýa-da huzban diýilýän 60 bölege bölünipdir. Gurhanda ýerleşdirilen goşgularyň sany 6204-6236. Onda 77934 söz bar. Muhammet pygamberiň aradan çykan wagtyna çenli Gurhan gutarnykly düzülmändir. Gurhanyň asyl nusgalaryndan birnäçesi ýitip ýok bolupdyr. Emma olaryň daşlara, pergamente, süňklere, palma agajynyň ýapraklaryna ýazylan bölek-büçekleri galypdyr. Şeýlelikde Gurhanyň düýbünden ýitip gitmek howpy abanypdyr. Şoňa görä 633-nji ýyl töweregi Abu-Bekir ýaş ýigit Zaýt ibn Sabete bu jogapkärli ýumuşy tabşyrypdyr. Zeýt ibn Sabet ozalky bölek-büçek ýazylanlary ýygnapdyr, hem-de pygamberiň egindeşleriniň ýatdan bilýän zatlaryny ýygnap alypdyr. Gurhanyň gutarnykly görnüşini Osman düzüpdir. Ol Gurhanyň hakyky nusgasyny Medinede galdyryp, beýleki göçürmelerini Kufa, Basra we Damask ýaly araplaryň kiçiräk bölümlerine iberipdir. Yslam dinini esaslandyryjy we onuň pygamberi Muhammetdir. Ol 570-nji ýylda Mekgede eneden bolýar. Muhammet çagalygyndan ýetim galyp, atasy Abu al-Mutallibamdan terbiýe alypdyr. Ol aradan çykandan soňra bolsa daýysy Abu Talyp terbiýeläpdir. Muhammet daýysy bilen uzak wagtly söwda gidip gününi aýlapdyr. Ol 595-nji ýylda Mekgeli baý täjir aýal Hatyja öýlenipdir. Şol wagt Muhammet pygamber 25 ýaşynda, Hatyja bolsa 40 ýaşynda ekeni. Hatyjadan 2 ogul we 4 gyz bolupdyr. Onuň birinji ogly Kasym 1-2 ýaşyndaka aradan çykypdyr. Ikinji ogly Abdallah hem ýaş aradan çykypdyr. Onuň gyzlarynyň ady Zeýnep, Rukaýy, Umm Gülsüm we Patma bolupdyr. Muhammet pygamber 40 ýaşyna ýetende pygamber bolup dini wagyz nesihatyna başlapdyr. Onuň bu dini taglymatyna garyp gatlak bilen baý gatlagyň hem wekilleri gatnaşypdyr. Ýokary gatlakdan bolan mekgeliler bu ýagdaýdan howatyrlanyp, Muhammede garşy hüjüm etmäge başlapdyrlar. Muhammet Mekgede ullakan üstünlik gazanyp bilmändir. Şoňa görä ol şäheriň daşynda, iliň üýşen ýerlerinde, bazarlarda wagyz-nesihat ediji bolupdyr. Urugyň uly agzalary ýaşlara Muhammet we beýleki musulmanlar bilen duşuşmagy gadagan edipdirler. Muhammet Mekgäň demirgazygynda ýerleşen Ỳasrib şäherinde uly abraý gazanypdyr. Sebäbi ol bu ýerde iki sany taýpany ýaraşdyrypdyr. Şondan soňra Ỳasripliler Muhammedi ykrar edipdirler. Muhammet we onuň tarapdarlary Mekgeden Medinä (Ỳasrip) 622-nji ýylyň Ruhnama aýynyň 20-ne göçüpdirler. Şol ýyldan hem Hijri ýyl hasaby başlanypdyr. “Hijir” diýmek aýralyk diýmekdir. Muhammet pygamber hijiri ýylynyň 10-ýylynda 632-nji ýylda aradan çykypdyr. Ondan soň araplaryň döreden döwletine (halyf) Abu-Bekir ýolbaşçylyk edipdir. Ol 2 ýyl 632-634-nji ýyllarda halyf bolupdyr. Ondan soň halyf Muhammet pygamberiň egindeşi Omar (634-644) geçipdir. Bu döwürde araplar öz daşarky basyp alyş syýasatyny alyp barypdyrlar. Olar Arap ýarym adasyny doly eýeläpdirler. 644-nji ýylda Omar ölenden soňra halyf Osman bolýar. Bu döwürde aktiw daşary syýasat bilen birlikde mukaddes kitap bolan Gurhan kitaby çapdan çykypdyr. Ol Abu-Bekiriň buýrugy bilen mukaddes Gurhanyň böleklerini ýygnap Abu-Bekiriň gyzyna beren Zeýt ibn Sabeti tapyp onuň bilýän sürelerini we halkdan çöplän sürelerini jemledip, Gurhany çapdan çykardypdyr. Dört çaryýar adyny alan halyflaň iň soňkusy Aly (656-661) bolupdyr. Bu döwürde aktiw daşary syýasat ýagny yslam dini ýaýratmak has üstünlikli amala aşyrylypdyr. Bu döwürde araplar Kiçi Aziýany, Siriýany, Müsüri, Eýrany, Bagdady, Orta Aziýany basyp alypdyrlar. 651-nji ýylda araplar Merwi basyp alypdyrlar. Araplar öz basyp alan galalaryna agyr salgyt salypdyrlar. Merwe salnan salgytlaryň agyrlygy sebäpli Merw häkimi pulda doly üzüp bilmän at, goýun, düýe hat-da oglan-gyz hem beripdir. Dehistanda araplar bilen türki taýpalaryň arasyndaky söweşde araplar ýeňipdirler. Araplar yslam dinini kabul edenleri salgytdan boşadypdyrlar. 776-njy ýylda Maryda Haşym ibn-Hekim atly biri gozgalaň turuzypdyr. Onuň lakamy Mukanna bolupdyr. “Mukanna” diýmek “ýüzi perdeli” diýmekdir. Mukannaçylar hem Mazdaklaň taglymaty esasynda jemgyýetde synpy ýok etmek we arap basybalyjylaryna garşy bolupdyr. Mukanna ýaş wagty Abu-Musliniň goşunynda gulluk edipdir. Mundan başga-da Hürremitler hereketi hem bolupdyr. Oňa IV-V asyrlarda Sasani döwletinde gozgalaň eden Mazdagyň aýaly Hürremanyň nebereleri ýolbaşçylyk edipdirler. Hürrema äri öldürilenden soň gündogara gaçypdyr. Olar gyzyl reňki özlerine nyşan edinip alypdyrlar. Şoňa görä-de olary “surh-älem”, ýagny “gyzyl baýdaklylar” diýipdirler. Mukannaçylara “ak lybasly adamlar” diýip at beripdirler. Mukannaň gozgalaňy 873-nji ýylda Mukannanyň tutulmagy bilen ýatyrylypdyr. Araplar basyp alanlaryndan soň, öz basyp alan ýerlerine zorluk bilen yslam dinini we arap elipbiýini ornaşdyrypdyrlar. Bu bolsa medeniýetiň ösmegine getiripdir. Türkmenistanda arap elipbiýini XX asyryň 30-njy ýyllaryna çenli ulanypdyrlar. Araplar basyp alan ýerlerinde öz ylymda gazanan üstünliklerini peýdalanypdyrlar. Ýagny hemme araplaryň basyp alan ýerlerinde bir elipbiýiň bolmagy halklaryň ýakynlaşmagyna we söwdanyň ösmegine getiripdir. Söwdanyň ösmegi bolsa şäherleriň ösmegine we täze şäherleriň peýda bolmagyna getiripdir.