Maý tomzagy mör-möjekler klasyna degişli bolup, olar ýaz aýlary we tomsuň başlarynda üçburçlyk görnüşindäki ak tegmilleri bolan, açyk goňrumtyl reňkli, iri (2一2,5 sm) tomozaklar döreýär. Maý tomozagynyň bedeni 3 bölümden: kelleden, kükrekden we garyndan ybarat.

Tomzagyň kellesi

düzet

Tomzagyň kellesinde agyz we duýuş synalary murtlary ýerleşýär.

Iýmitlenişi

düzet

Maý tomzagy agaçlaryň we uly agaçjymak ösümlikleriň ýapragy bilen iýmitlenýärler. Ol ýokarky äňiniň ýiti uçlary bilen ýaprakdan uly bolmadyk bölekleri kertip alýarda, aşaky äňiniň dişe öwrülen eňegi bilen olary owradýar. Iýmiti gemrip kabul edýän agyz synasyna gemriji agyz diýilýär. Ýuwdulan iýmit gyzylödege, soňra garna barýar. Garynda gaty dişjagazlar bolup, olar iýmiti böleklemek üçin hyzmat edýär. Ownadylan iýmit içegä baryp, ol ýerde doly özleşdirilýär we onuň ýokumly maddalary gan tarapdan sorulyp alynýar. Iýmit galyndylary artbujak deşigi arkaly daşary çykarýar.

Içki gurluşy gan aýlanşy

düzet

Beýleki bognaýaklylarda bolşy ýaly, maý tomzagynda-da gan aýlanşy açykdyr. Gan beden boşlugyndaky içki synalaryň we dokumalaryň üstüne we aralaryna dökülýär, olara iýmit eltýär, bölüp çykaryş synalaryna bolsa ýaşaýyş işjeňligi netijesinde dörän zyýanly önümleri eltýär. Ganyň hereketi ýüregiň işi bilen amala aşyrylýar. Haçan-da ýürek giňelende, gan bedeniň yzky bölüminden, onuň gapdal deşikleriniň üsti bilen öňe barýar. Bu deşikleriň ýapyjalary ganyň yza akmagyna mümkinçilik bermeýärler. Beden boşlugynda gan öň tarapdan yza tarap akýar, soň ýürege düşüp, onuň urmagy netijesinde ýene-de kellä barýar.

Dem alyş

düzet

Bu ulgam şahalanýan traheýalardan ybaratdyr. Howa daşky demalgyçlaryň üsti bilen traheýalara barýar hem-de olar bilen hemme içki synalara we dokumalara eltýär.

Bölüp çykarşy

düzet

Bölüp çykaryş ulgamy inçejik suwuklyk geçirijileriň çogdam dessesi görnüşinde bolup, olara malpiginiň sosudlary diýilýär. Olar beden boşlugynda ýerleşýärler. Olaryň uçlary ýapyk kör bolup, esaslary bilen içegä açylýar. Olar soňra içegelere düşüp, iýmitleriň siňdirilmedik galyndylary bilen bedenden daşary çykýar.

Nerw ulgamy

düzet

Beýleki bognaýaklaryň bolşy ýaly, ol damakýany nerw halkadan hem-de garyn nerw zynjyryndan ybaratdyr. Kellede nerw öýjükleriniň birleşmeleriniň goşulyşmagy netijesinde kelle beýnisi emele gelýär.