Magtymguly eýýamynyň taryhy çeşmeleri
Magtymguly eýýamynyň taryhy çeşmeleri
Meýilnama
1. Nusgawy şahyrlaryň eserleri taryhy çeşme hökmünde.
2. Abdysetdar Kazynyň “Jeňnama” eseri.
3. Pars ýazuw çeşmesi.
Baky Beýik Serdarymyz Mukaddes Ruhnamada Türkmeniň baý hem-de gahrymançylykly taryhyny Ruhy ösüşiň esasynda döwürleşdirdi. Bu döwürleşdirişiň dördünji eýyamynyň ruhy ýolbaşçysynyň Magtymguly Pyragyny, ol eýýamynyň XVII asyrdan 1991 ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 27-sine çenli döwri öz içine alyandygyny biz bilýäris. Bu döwrün taryhy her ýazarmanyň öz islegiçe ýazlypdyr. Bize bolsa milli nusgawy edebiýatymyzda saklanyp galan goşgular ygtybarly çeşme bolup hyzmat edýär. Sebäbi nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň watançylyk, gahrymançylyk, durmuş baradaky pikirleri ol goşgularyň süňňüne siňipdir. Bu bolsa Beýik Serdarymyz Mukaddes Ruhnamada “Ruhuň baý döwürdäki tebigatyny içeriniň aladalary” kesgitledi. Döwletsizlik, bölek-büçeklik, hatda taryhy hakydanyň biraz kütelişmegine sebäp boldy. Gündogaryň özge ýurtlaryna düşen kowumdaşlar bilen aragatnaşyklar seljeňleşdi. Taryhy işjeňlik şol kowumlaryň eline geçdi.
Emma şonda-da halkdan çykan Magtymguly beýik dag bolup döredi, ondan birnäçe derýalar halka tarap akyp başlady. Magtymgulynyň ýegeni Zelili bütin ömrüne watançylyk, Seýdi gahrymançylyk, Mollanepes, Kemine yşky-söýgi, Mätäji durmuş pikirlerini ösdürdi. Olar türkmeniň öz milletine guwanmagyny gazanmaga, ruhuny galkyndyrmaga jan edipdirler.
Magtymgulynyň goşgulary öz döwrüniň tarynyny, durmuşyny, wakalaryny bilmäge kömek edýär. Eýran basybalyjylarynyň Magtymgulynyň obasyna häli-şindi çozup, halky talapdyrlar. Bir gezek hem onuň eserlerini ýakypdyrlar, suwa akdyrypdyrlar, şonda ol:
Bäş ýylda bir kitap eden işimiz
Gyzylbaşlar alyp weýran eýledi.
Magtymguly ýurdy, halky tozgunçylykdan, daşary ýurt basybalyjylarynyň çozuşlaryndan halas etmegiň ýoluny agtarypdyr. Şonda ol türkmen tire-taýpalary birleşdirmeli, merkezleşdirilen bir döwlet gurmaly diýen netijä gelipdir. Bu goşgy setirleri bolsa onuň pikirlerini has hem aýdyň beýan edýär:
Türkmenler baglasa bir ýere bili,
Gurudar Gulzumy, derýaýy Nili,
Teke, ýomut, gökleň, ýazyr, alili.
Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz.
Magtymguly diýdi janyň dirligine
Musulmany goýma kapyr horlugyna,
Rowaç bergil ýomut-gökleň birligine.
Ol kemal han owgan bolsun başymyz.
“Musulmany goýma horlugyna” diýmek bilen, eýýäm şol günlerden türkmen diýarynda köpelip ugran ruslaryň halky horlamaga, ezmäge synanyşýandygyny bilmek bolýar.
XIX asyryň ýigriminji ýyllarynda Lebabyň ilaty Buhara emiri Mirhaýdaryň garşysyna gozgalaň edýär. Emma bu gozgalaň barada ýazuw çeşmeleri örän az maglumat saklanyp galypdyr. Şonuň üçin hem, diňe Seýitnazar Seýdiniň goşgularyna esaslanyp, käbir maglumatlary berip bolýar. Gozgalaňçýlaryň ruhlandyryjysy watançy şahyr, serkerde Seýitnazar Seýdi ärsarylary agzybirlige teke, salyr, sarygy kömege çagyryp şeýle şygyrlar bilen ýüzlenipdir.
Agzymyz bir etsek tükel ärsary,
Duşman geçe bilmez derýadan bäri.
Her ýigidiň söweş bolsa hünäri
Bir oturyp, bile turaly begler.
Öňe yza salyň ýagşy garawul
Namardyň janyna düşmesin dawul
Teke, salyr, saryk, gara bekewül
Bir oturyp, bile turaly begler.
Mirhaýdar Lebap halkynyň gozgalaňyna baştutanlyk eden Serdarlary yzarlapdyr. Mirhaýdar sebäpli halkyň şu güne düşendigi barada şahyr şeýle ýazýar.
Sakar halky bilen ärsary bolup,
Biz gitdik sen galdyň Lebap, hoş indi.
Kimse aglap gitdi kimseler gülip
Kimse çekip dürli azap, hoş indi.
Kinämiz ýok sen gadyrdan Watandan
Ynjadyk Mirhaýdar ýerler ýuwdandan
Tä ölinçäk üstümizden ötenden
Gezsek gerek seni sorap hoş indi.
Ärsary we Sakar halky Lebap topragy bilen hoşlaşýarýar, Mara göçüp gelýärler. Emma Maryda hem şol ýyllarda birnäce bulaşyk ýagdaýlar bolupdyr. Şu ýagdaýlardan çykalga tapmak maksady bilen Hywa hanynyň ýanyna ilçi bolup, iki molla bilen bir kazy gidipdir. Ilçileriň biri hem Seýdi bolup, Hywa hanyna ýüzlenip şeýle gussaly şygry okapdyr:
Siz ne diýdiňiz başda biz ony kabul etdik
Hem kylmak üçin bagty gaýrylarda ýol etdik
Bardyk Maryga her kim bir ýerde mezul etdik
Ýetgürmäge il arzyn biz özüni resul etdik
Bir çäre kylyň bizge, biçäre bolup geldik.
Şu goşgy bendiniň üsti bilen biz halkymyzyň şol döwürdäki syýasy ýörelgelerine we durmuş kynçylyklaryna göz ýetirýäris.
Kätibiniň “Seniň üstüňde” diýen goşgusy Gökdepe urşuna bagyşlanan gussaly goşgy.
Ýykylolmuş şäherimiz heniz otyrmyş.
Şeýle horluk gördük seniň üstüňde,
Şäherimiziň içi doldygan bilen,
Köpler şehit boldy seniň üstüňde
Biz musallat geldi jahany alyp
Bir maslahat tapyldy il bolup
On bäş gün gan akdy misliçil bolup
Şeýle horluk gördük, seniň üstüňde.
Ejizlerimiz saçyn ýaýyp aglady.
Hudaý urdy pygamberler dargady,
Ýigrimi üçi, düşenbe gün dargady,
Ne jepalar çekdik, seniň üstünde.
Şahyr Gökdepe gyrgynçylygyny janly, anyk faktlar esasynda beýan edipdir. Bu şygyr türkmen halkymyzyň taryhyny öwrenmekde ähtibarly resminama bolup hyzmat edýär, nesillere watançylyk terbiýesini berýär.
Türkmen taryhynyň Magtymguly eýýamyna degişli çeşmeler – Eýranly ýazarlaryň ýazgylarynda hem saklanyp galypdyr. Ol barada şeýle jümleler bar: “Şu ýylyň başynda ozaly bilen Horezmiň hakynyň taryhyn we onuň öldürilmeli ýeňsiň hem-de bagtlylygyň buşlukçysy boldy…”
Mälim bolşy ýaly 1855-nji ýylyň Nowruz aýynyň on dokuzyna Hywa hanynyň goşunlarynyň türkmen halkynyň birleşen goşunlary bilen Saragtda uly söweşde ýeňlendigi hasaby bilen täze ýyl başlanýandygyny nazarda tutsak, bu çeşmeler örän gymmatlydyr, dogrudyr. Ony inkär etjek adam ýok. Bu çeşmelerde haýsy tarapdan nähili zyyan çekilendigi barada, şol günlerde bolup geçen syýasy gatnaşyklar hakynda, Eýran döwletiniň 500 atly iberendigi barada hem ýazylypdyr. Hywa hany Muhammet Emini horasan atlylary gabadylar, merwli ýigit Gurban hili onuň agzyny gulagyna ýetirip diýen ýaly gylyç bilen çapypdyr. Ahyrsoňy hanyň kellesini Oraz ýaglynyň ogly Sähetnyýaz kesipdir. Hanyň dogan oglany Abdylla han, ýalan-ýaşryk sözläp, söweşden çekilipdir. Agşam düşüp garaňky gatlyşan badyna hem gymmat bahaly daşlaryny alyp hywa tarap gaçdy diýip, şol taryhyn ýazgylaryň köne hem gadymy, müdimi sahypalaryndan okamak bolýar.
2.XIX asyryň ikinji ýarymynyň başynda (1862-nji ýylda) Abdysetdar Kazy “Jeňnama” “Tekeleriň uruş kyssa kitaby” atly taryhyn poemasyny ýazypdyr. Awtoryň özüniň şaýatlyk etmegine görä, bu eser hem, “käbir adamlaryň haýyş etmegi” (“tiýdiler çun nice kim miltemaslar”) boýunça ýazylypdyr. “Megerem, tekeleriň atly – abraýy adamlaryndan kim-de bolsa biri, Ahalyň az sanly sowatly adamlaryndan bolan Abdu-I-sattar Kaza döwürdeşleriniň bitiren harby edermenlikleri barada geljekki nesillere ýadygärlik ýazyp galdyrmaga haýýş eden gerek. Ol, öz gezeginde, Orta Aziýada däp bolup gelen kada eýerip, haýyş edilen kitaby, şahyr bolmasa-da, şygyr bilen ýazmagy makul görüpdir” diýip A.N. Samoýlowiç belläpdir. Elbetde, bu mesele boýunça Abdysetdara ýüz tutulmagy ýöne ýerden bolmandyr. Şol döwürde ol eýýäm sowady, bilimi bilen il arasynda özüni mälik eden tanymal şahs bolupdyr. Abdysetdar Hywada okap, ýokary bilim alypdyr we hatda bu şäherde 7 ýyllap kazy bolup hem işläpdir. A.N. Samoýlowiç onuň bilim derejesine ýokary baha berip ýene-de şeýle diýip ýazypdyr: “Maňa mälim bolan türkmen ýazyjylaryndan, özüniň bilim derejesi boýunça onuň gapdalynda diňe Magtymgulynyň atasy Döwletmämmet Azadyny goýup bilerdim. Abdu –2Sattar hatda ondanam biraz ýokarrakdyr. Aýratyn hem namanyň girişinde Gurhandan we hadyslardan alnan bölekler onuň musulman dini edebiýaty boýunça okumyş adam bolandygyna güwä geçýärler”.
“Jeňnama” taryhy eser. Onuň esasynda Türkmenistanda bolup geçen iki sany uly taryhy waka we türkmen taýpa – tireleriniň meýilleriniň durmuşa geçip başlamagy ýaly hadysalar saklanýar. Abdysetdar kazy eline gylyç alyp Watan ugrundaky söweşlere gatnaşmasa-da olary ýakyndan synlapdyr, gatnaşýan adamlar bilen gürrüňdeş bolupdyr.
“Jeňnama” durmuşda bolup geçen real wakany beýan edýän eser. XIX asyryň ikinji ýarymynda Mary Gowşut hanyň, Ahalda Nurberdi hanyň ýolbaşçylygyndaky hanlyklar güýjäp, daşaryndan synlaýan basybalyjylar ol birleşmäniň öňüni almaklygy niýet edinýärler. Şol maksat bilen Japarguly han 1858-nji ýylda köp sanly goşun bilen Garrygala çozuş edýär. Ahal, Günbatar we dag içinde oturýan taýpalaryň birleşmeginde duşmanyň goşuny derbi-dagyn edilýär. Soňra 1861-nji ýylda agyr leşgere baştutan bolup, Hemze Mürze Mary etrabyna gelýär. Mary we Ahal türkmenleri birleşip duşmany kül-peýkun edýär.
abdysetdar Kazynyň “Jeňnama” atly poemasy bu söweşler hakda Maryda bolan söweşden uzak wagt geçmänkä, şahyr bu poemasyny döretmäge girişýär. Wakalar heniz unudylmanda, gahrymanlaryň hemmesi heniz halkyň aňynda ýaşaýarka, şahyr olary poema girizýär. Poemanyň ýene bir ähmiýetli tarapy onuň ýurtda bolup geçen söweşleri dogruçyl beýan edilýänligindedir.
Abdysetdar Kazynyň özüniň türkmen bolup türkmenleriň taryhy hakda ýazmagy has-da guwançlydyr. Çünki, türkmenleriň geçmiş taryhyny köplenç daşary ýurtly taryhçylar ýazypdyrlar we wakalara bir taraply çemeleşipdirler.
Abdysetdar kazynyň biziň döwrümize gelip ýeten “Jeňnama” atly ýeke-täk poemasy halkymyzyň geçmişini doly öwrenip, dogruçyl beýan etmekde gymmatly taryhy maglumatlary özünde jemleýär.
“Jeňnama” eseri wakalaryň gönüden-göni taryhyn ýazgysy bolman, eýsem ol çeper eserdir. Poemada beýan edilýän wakalar hakykat bolan hadysadyr, gantaşýan adamlar ýagny gahrymanlar hakykatdan-da ýaşan adamlardyr. Eser iki bölümden ybarat: “Jeňnama” eseri diňe bir çeper eser bolman, eýsem taryhyn çeşme bolup hem hyzmat edýär. Onuň gysgaça mazmuny şular ýaly:
Eýranlylaryň uly goşuny baýyrlaryň arasynda çadyrlaryny gurnaýarlar. Olaryň goşunbaşysy Japarguly han bolupdyr.
Geçen asyrlarda söweş başlamanka, öňurti her goşundan bir adam çykyp başa – baş söweşipdirler. Bu däp türkmenlerde hem bolupdyr. Şol däbe eýerip, türkmenlerden öwezli tentek çykýar, emma oňa garşy göreşjek adam eýran goşunlaryndan çykmaýar. Ertesi gün Paly mergen başa-baş söweşýär we garşydaşyny ýeňýär. Ondan soňra Çary batyr duşmanlaryň orta çykaran duşmanlaryny ýeňýär.
Netijede göreş başlanýar. Japarguly hanyň goşunam, ýaragam san taýdan artykmaçlyk edipdir, ýöne şonda-da türkmen ýigitleriniň edermenligi, batyrlygy, mertligi bilen söweşýär we Eýran goşunyny derbi dagyn edýär. onda Nurberdi han, Ýagşy mergen, Çopan Kir, Gülten, Durdy han, Çary, Eşrep, Batyr beg we beýlekiler öz edermenligini görkezipdir.
1861-nji ýylda Mary söweşine duşmanlaryň goşunyna Hemze Mürze, türkmenlere Gowşut han ýolbaşçylyk edipdir. Eýranlylardan Gara sertip türkmenlere boýun egmeklerini talap edýär. Türkmenler tarapdan Rahmanguly han olara boýun egmejeklerini aýdýar. Şeýlelikde uruş başlanýar. Türkmenler tarapdan ilkinji bolup Amanseýit diyen merdana serkerde ýigitlere baş bolup, duşman goşunyna zarba urýar.
Abdysetdar kazy söweşde edermenlik görkezip tapawutlanan türkmen ýigitleriniň adyny agzap geçipdir. Olar – Muhammet şyh ogly, Baýguly Ahmet, Täç Gök, sapy Mergen, Mämmetryza, Berdi Batyr, Hojanepes Nazar, Garrybaý, Agajan, Babahan. Bu ýigitler, şahyryň ýazyşy ýaly, dürli taýpadan, dürli ýerden gelen merdanalardyr. 1861-nji ýylda Mary söweşinde-de türkmenler ýeňiş gazanyarlar, bu bolsa eger agzybir ýaşalsa, öňünde durup biljek güyjüň ýokdugyny subut edýärler.
1858-nji ýyldaky Garrygala söweşine Nurberdi han ýolbaşçylyk edip, türkmen ýigitlerini ýeňse ruhlandyrypdyr. Nurberdi han uruş tilsimatlaryny oňat bilýän, mylakatly, merdana, halk içinde uly abraý gazananan serdar.
1861-nji ýylyň Mary söweşine Gowşut han serdarlyk edip, ýigitlere görelde görkezýär. Gowşut han parasatly, il içinde hormatlanýan, halkyň eşretli durmuşy, agzybirligi üçin jan aýamadyk batyr serkerde.
Abdysetdar kazy şu ýagdaýlary göz öňünne tutup, “Jeňnama” poemasynda Nurberdi hana we Gowşut hana uly orun beripdir. Ýeňişleriň guramaçysy we girewi bolan halkyň hormatlanýan bu hanlary poemada dogruçyl beýanlaryny tapypdyr.
Abdysetdar kazynyň “Jeňnama” diýen poemasy taryhyn wakalary, ata-babalarymyzyň gahrymançylygyny dogruçyl beýan edýär. şonuň üçin bu eser hem edebi miras, hem taryhyn document bolup, türkmen halkynyň geçmiş taryhyny dogruçyl beýan etmekde ägirt uly ähmiýete eýedir.
3. Türkmenistanyň taryhy: pars dilindäki taryhyn çeşmeler dürli – dürlidir. Ol taryhyn çeşmelere eýran taryhnamasy hem-de dürli derejedäki taryhyn maglumatlary özünde ilkinji nobatda ähliumumy taryha degişli eserlerdir.
Türkmenistanyň taryhyn boýunça Eýran dilindäki çeşmeler esasan taryhyn we gürrüň beriji edebiýatlardan durýar. Bu işler esasan pars dilinde bolup, Gündogarda, Ýewropada has irki döwründen bäri bellidir. Olar köp sanly gadymy golýazmalary, edebi işleri özünde jemleýär.
XVII asyr.
Nedir şanyň taryhyn hem-de XVIII asyr Merwiň taryhyn barada 3 tondan ybarat “Nedirnama” ýa-da “Nediriň kitaby” diýen kitapda giň Maglumatlar berilýär. Bu 3 tomdan diňe 2-3-nji tomlary saklanyp galypdyr. I tomda Nediriň hökümýete geçen döwrüne çenli Maglumatlar 2-de Nediriň tagta geçen döwründen 1736 ý-1746ý çenli maglumat berilýär. 3 tomda Nedriň ömrüniň soňky ýyllary Eýran goşunynyň Türkmenistan yza çekilşi barada giňişleýin Maglumatlar berilýär. Bu işiň awtory Muhammet Kasym bolup ol Merw şäheriniň weziri bolýar. Ol Nedir şanyň Buhara, Hywa hanlyklaryna garşy göreşine gatnaşypdyr. Merwde Nediriň alyp baran işleri barada giňişleýin durýar. Merwdäki we Orta Aziýadaky wakalardan başgada awtor Hindistandaky we Alyky Aziýadaky takyky maglumatlary hem peýdalanýar.
Nedir şanyň Orta Aziýany, Eýrany dolandyrşy barada Mürze Mehdi-han “Nediriň taryhy” diýen işini ýazýar. (Taryh-i Nadiri). Ol Nedir şanyň şahsy serkerdesi bolupdyr. Bu eserde goşunyň hereketleri, galalaryň alnyşy, uly söweşler barada maglumat berýär. Gajarlaryň taryhy barada Abu-ur-Rezzany “Maasir i Sultanita” diýen işini ýazýar.
Bu işde gajar taýpalaryň erjew wekilleriniň taryhyn, olaryň eýranda hökümýet ugrundaky göreşi, Eýran bolsa baglanyşykly wakalar, Orsiýet bilen bolan uruş, ol uruşda Angliýanyň orny, taýpalaryň gozgalaňlary, Merwiň dolandyryjylary barada Maglumatlar ýerleşdirilipdir. Abu-ur-Rezzanyň bu işi gajarlaryň taryhyn boýunça esasy iş hasaplanýar. Gajarlaryň taryhda Häzirbe gjandan Astrabada, Merwe, Horasana hat-da Yspyhana çenli ýaýrandygy bellidir.
Gison-ul mülkiň “Gajarlaryň taryhy” atly 3 tomluk kitaby gajarlar barada takyk taryhy maglumat berýär. 1-2 tomda Muhammet Pygamber barada maglumat berýär. Bu iş ýyllara çenli maglumat berýär. Bu kitap Nasnyr Eddin şanyň tabşyrygy bilen ýazylýar. Işde Ýusup hoja kaşgarlynyň gozgalaňy, Horasandaky Hasan han şolaryň gozgalaňy, Saltammyrat Mürzäniň 1853 ýyldaky Sarahsa we Merwde garşy harby hereketleri, Hywa hany Muhammet emine garşy göreş barada giňişleýin gürrüň berilýär.