Mohandis Karamçand Gandi 1869-njy ýylda günbatar hindistanda indus maşgalasynda dogulyar. Gandiniň maşgalasy bay bolupdyr we gandi beyleki garyp hindi çagalaryndan tapawutlylykda mekdepde okapdyr. 1882-nji ýylda bary-ýogy 13 ýaşynda ony öylendiryärler. Ayalynyň ady kasturbai ol hem 1869-njy ýylda dogulan. Gandi 1887-nji ýylda londona hukuk kollejine okuwa giryär. 3 ýyl okayar we aklawjy (lawyer) bolup yetişyär. Ol günorta afrikada 1893-nji ýylda işe başlayar. 1896-njy ýylda öz maşgalasyny afrika göçürip getiryär. Ol wagtlar gunorta afrikada, hindistanda iňlisler höküm süryärdi. 1907-nji ýylda iňlisler günorta afrikada dokumentsiz hindileri yurtdan kowup ya-da türmä salyp başlayarlar. Bu hereket gara kanun adyny alyar. Öz halkyny dilden däl-de ýurekden söyyän gandi halk bilen bile kösenmegi özüniň bagty hem borjy hasaplap hindileri mitinge çagyryar. Bu hindiler garyp adamlardy. Olar iş gozläp bu yere gelipdiler. Mitinge iňlis polisseylerem gelyär.gandi dokumentlerini hindileriň we poliseyleriň gözüniň öňünde oda yakyar. Ony dokumentsiz diyip türmä salyarlar. 1914-nji ýylda gandi angliya gidyär 1915-nji ýylda gandi hindistana yönekey hindi eşiginde gelyär. Ol öňler iňlis eşiginde gelyärdi Ol hindistanyň kop yerlerine aylanyar .adamlar bilen gürrüňdeş bolyar.halkynyň däp-dessurlaryny we taryhyny has içgin öwrenyar. 1915-nji ýylda gandi yazyjy Rabindranat Tagor bilen duşuşyar. Olar dostlaşyarlar. Tagor Gandini mahatma yagny beyik rehimdar diyip atlandyryar. Beyik rehimdar diyilmeginiň sebäbi gandi öz halkyny söyse-de halkynyň bähbidi üçin ezijileriň garşysyna güýç ulanmaga garşydy. Ol duşmanlarynyňam ömri üçin alada edyärdi. Gandi yaragsyz gozgalaň gurnayardy. Gandi hindilere şeyle öwredyärdi. Iňlisleri yurtdan kowmak üçin yarag ulanmaň. Olary kowmak üçin olaryň zawod-fabriklerinde işlemäň. Dükanlaryndan haryt satyn almaň. Naharhanalaryna barmaň. Onsoň olar mejbury yurtdan çykyp gitmeli bolarlar. Gandi hemişe garyplar bilen yaşady. Lezzetli zatlardan ýüz öwürdi. Hindi halkyny ýürekden söydi. Söygüsini subut etdi. Ol adam ganynyň dokülmegine hemişe garşydy. Ýüzlerçe million adamlaryň yaragdan ölen asyrynda yaşan bu beyik şahsyýet hindileri perişde kimin gorady. Halkyna gan dökmän garaşsyzlyk alyp berdi. Garaşsyz yurduň prezidentligini şägirdine berdi. Bu bolsa gandiniň wezipä ,şöhrada, baylyga kowalaşmanlygynyň şayadydyr. Gandi adamlaryň deň hukukly bolmagyny isleyärdi. Ol galtaşylmayanlar diyilyän hindi taypalarynyň hukugyny dikeltmek ugrunda goreşdi. Olar bilen oturyp nahar iydi. Söhbet etdi olary hormatlady. Ayaly kasturbai gandiň bu hasiyetini goldamady. Gandi oňa eger islemeseň gidiber meni üýtgetjek bolma men hindi halkyna we adamzat hukugyna ömrümi bagş etdim diydi I will only eat when the violence ends – bu sözleri aydan mahatma gandi Iňlisler hindilere duz satyardy. Özem gymmatdy. Gandi şägirtlerini yanyna alyp 1930-njy ýylyň 12-nji martynda deňiz suwundan bugardyp duz almak üçin arabystan deňziniň kenar yakasyna ýöriş edyär. Birnäçe obalaryň üstünden geçyärler. Obalaryň ilaty olaryň ýollaryna gül oklayardylar we bu ýörüşe kopçulikleyin howes bilen goşulyardylar. Bu ýöriş hindi halkyna bähbitli boldy we taryha duz ýörişi ady bilen girdi.(the salt marçh) Duz ýörişinden soň iňlisler gandini turmä salyarlar. 1931-nji ýylda gandini londona gepleşik geçirmäge çagyryarlar we türmeden boşadyarlar. 1944-nji ýylda gandiň ayaly Kasturbai türmede agyr keselleyär we aradan çykyar. Olar 62 ýyl bile yaşapdylar. 15-nji awgust 1947-nji ýylda hindistan garaşsyz yurt bolyar. Gandiniň islegi bilen onuň şägirdi Jawaharlal Neru prezidentlige saylanyar Iňlisleriň gurnamagy bilen päkistan musulmanlaryň yurdy diýlip yglan edilyär. Millionlarça musulmanlar hindistandan pakistana, induslar bolsa hindistana göçup başlayarlar. Yaragly çaknyşyklar bolyar. Gandi hindistanyň bolünmegini islemeyärdi. Emma boljak iş bolupdy. Äpet taryhy akymy saklamak mumkin däldi. Gandi hindistanyň bölünmegine garşy bolsa-da garaşsyz päkistana pul komegini berilmegini yola goyyar. Sebäbi pakistan komege mätäçdi. Gandi bolsa iki yurduň arasynda duşmançylyk däl-de doganlygy yola goymak isleyärdi. Ol pakistanyň halkyny hem öz halky hasaplayardy. Emma gandini pakistanly musulmanlara komek edeni üçin induslar yigrenip başlayarlar. 1948-nji ýylyň 30-njy yanwarynda delide mitingde çykyş etmäge baryarka bir indus ony üç gezek atyar. Ony atan adamyň ady nathuram godse. Ol garyp indus adam bolupdyr. Ol gandini pakistanly musulmanlara pul kömegini edenligi üçin yigrenipdir we şonuň üçin hem atypdyr.

Gandi