Höküm sürdi 1118.

Özünden öň: Muhammet Tapar

Özünden soň: Soltan Sanjar

Ýurdy: Yrakdaky Seljuk türkmenleriniň döwleti:

Höküm sürdi: 1118-1131 [1]

Ogly: Dawut bin Mahmyt

Kakasy: Muhammed Tapar

Ejesi: Guhar hatyn

Doguldy: 1103

Öldi: 1131 Hamedan

Depin edildi: Yspyhan

Dini: Yslam. Sünni.

Mahmyt II (d. 1102/1103一1131 Hemedan) Beýik Seljukly türkmen döwletiniň soltany we Muhammet Taparyň ogly.

Umumy maglumat düzet

Mahmyt II kakasy Muhammet Tapar yň 1118-nji ýylyň 18-nji aprelinde ölmegi bilen özüni Bagdat şäherinde Beýik Seljukly türkmen döwletiniň soltany bolup tagta geçdi. Möhüm wakalary ýazyjy-taryhçy Hamdullah Müstewfi Kazwin iň «Taryhy Guzide» atly eserinde Mahmyt II kakasynyň tagtyna geçeninde Wezir bolan Aly Bar gündogarda Reý merkezinde Seljukly soltany bolan agasy Soltan Sanjaryň hökümdarlygyndan üstün görýändigini teswirläpdir[1]. Hatda Merkezi Eýran we Hazar deňzi niň kenarlaryny öz soltanlygyna goşmak islemän hem duranokdy. Mahmyt II kakasy Muhammet Taparyň gatnaşýan adamsy bolan Deýlemli Şyga Kakwaýhi maşgalasyndan bolan Ýezd Atabegi bolan Ebu Kalijar Garşaspy saraýda bolan gürrüňlere ynanyp hökümdarlygyň atabeglik wezipesinden uzaklaşdyrdy. Ýezde bir goşun ugradyp Garşaspy tutduryp Jibalda zyndana atdyrdy. Ýezd atabegligini saraýda işleýän naharhanaça berdi. Garşasp zyndan gaçyp Ýezde döndi. Garşaspyň gyz jigsi Horasanda Beýik Seljukly soltany bolup höküm süren Soltan Sanjaryň aýalady. Garşasp gudasy Soltan Sanjardan kömek sorady we ony Mahmyt II, Soltan Sanjaryň golastynda bolan Merkezi Eýrana göz dikýändigine we Soltan Sanjar yň Mahmyt II göz görkezmelidigini ynandyrdy. Gaýnynyň hilesine ynanan Soltan Sanjar 1119-njy ýylda goşuny bilen Merkezi Eýrana ýöredi we ýanynda Garşasp II, Sistan Emiri, Horezmşa hökümdary we beýleki iki sany ady bilinmeýän Emir bilen birlikdäki güýçleri bilen Mahmyt II goşunyny Saweh söweşinde ýeňlişe sezewar etdi. Bu ýeňişden soň Garşasp II ä Ýezd Atabegligi gaýdyp berildi[2]. Soňra soltan Sanjar Mahmyt II merkezi bolan Bagdada ýörüş etdi. Bu ýerde Soltan Sanjar iki sany gyzyny Mahmyt II ä nikalap berdi. Şol iki gyzyndan dogan erkek agtygynyň hem özüne mirasdüşeri edip aljakdygyny düşündürdi. Soň Mahmyt II iki sany her aýalyndan hem bir ogly boldy. Soltan Sanjar oňa Azerbeýjan, Bagdat, Diýarbekr, Pars, Arran, Ermenistan we Gürjüstan da hökümdar belläp Soltan unwanyny berdi. Mahmyt II Seljukly türkmen döwletiniň günbatarynda höküm sürdi. Ol ilki Yrak Seljukly türkmen döwletiniň hökümdarydy. Bagdatda oturan Abbasylar halyfy Mustazhir hem soltan Mahmyda «Muinddin Mahmyt Emirul-muminin» lakamyny bagş etdi[1]. Soltan Mahmyt II soň içerde dörän gapma-garşylyklary basyp ýatyrmak bilen meşgullandy. Eýranyň demirgazygy üçin Atabeg bolan Emir Kontagyň baştutanlygyndaky topraklarda pitneçi Togrula goşulandygyny yglan etdi we bu atabeg wezipesinden uzaklaşdyrylanda Mahmyt II bu ýerleri golastyndan giderdi. Azerbeýjan we Jezire welaýatlarynyň başyna Mahmyt II niň jigsi Mesut geçdi. 1120-nji ýylda Mahmyt II kiçi jigsi bolan Mesuda garşy uly goşun toplap çozdy. Bu çozuşy basyp ýatyrmak üçin Mosul Atabegi Aksungur Bursuki serkerdelige belledi. Şol pitneden bir ýyl geçensoň Hemedan töwereklerinde başlanan «Esadabat» söweşiniň soňunda Mesut ýeňildi. Mahmyt II jigsi Mesudy bagyşlady emma Mesudyň ýakyn duşmany bolan Parsly şahyr Aly ibn El-Hasan El-Tugraýy tarapyndan tutulyp öldürildi. Taryhçy Aly Ibn Esiriň ýazmagyna görä 1121-nji ýylda soltan Mahmyt II Bagdat häkimi Nejmeddin el-gazynyň serkerdeligindäki örän köp mukdardaky goşuny Gürjüstan tarapa basyp alyşa ugratdy. Bu goşunda Artykly Ilgazy beg we Arap Mazýadileriň Hillede emiri bolan Dubaýs bin Sadakada hem bardy. Bu goşun Gürjüstanda Seljuklylar merkezi bolan Tiflis ýakynlarynda ýerleşen Manglissi Trialethiada posýolok gurdy. Gürjüstan karoly Dawid IV goşuny azlyk edýärdi ýöne 200 adamlyk Ýewropaly we horwat asylly agyr ýaraglanan goşuny bardy. 1121-nji ýylyň 12-nji awgustynda Didgori söweşinde Seljuklylardan ýeňiş gazandylar. Soňra Gürji goşuny Tbilisa tarap ilerledi we şäheri gabamaga başlady.1122-nji ýylyň Aprelinde gürjüler Tbilisi eýelediler. Şeydip 400 ýyllap musulman dünyäsindäki Tbilis emirligi agdaryldy[1]. 1223-nji ýylda Arap Banu Mazýad maşgalasyndan bolan we Mazýadileriň Hillede emiri bolan Dubaýs bin Sadaka Yrakda yktydar ýetmezçiliginden peýdalanyp halyf Mustarşidiň kiçi jigsi bilen birlikde Bagdada çozup şäheri gabady. Halyf Seljuklylardan goşun kömegini berilmegini sorady. Seljuklar Mosul atabegi bolan Kerboganyň serkerdesi Ymameddin Zeňňiniň saýasynda bir goşuny Bagdada ugratdylar. Bu goşun Dubaýsyň goşuny bilen ýeňiş gazanyp şäheri gabawda saklamakdan alyp galdy. Bu üstünligi üçin Ymameddin Zeňňi Seljukly Basra häkimi edilip bellendi. 1225-nji.ýylda Abbasy halyfy Mustarşit bilen Soltan Mahmyy II bilen arasy sowaşdy. Halyf soltan Mahmyt II äsgermezlik edip Yragy öz gol astyna almak üçin hem-de Wasydy eýelemek üçin bir goşun ugratdy. Soltan Mahmyt II Seljukly Basra häkimi Ymameddin Zeňňini halyf goşunyna garşy ugratdy. Bagdat ýakynlarynda bolan bu söweşde halyf goşuny ýeňildi. Bu ýeňişi üçin Soltan Mahmyt II Ymameddin Zeňňini 1127-nji ýylda Mosul Atabegi we 1128-nji ýylda Halap Atabegi bolup wezipä bellendi we özüne orunbasar soltan diýip yglan etdi. Bu bolsa Zeňňiler döwletiniň gurulmagyna getirdi. Soltan Mahmyt II 1131-nji ýylyň Sentýabrynda 27 ýaşyndaka wepat boldy[1]. Soňra Mahmyt II ogly Dawut Seljukly jigsi Mesud bilen atabeg bolan Togrul II aralygynda tagt dawwasy başlandy. Bu bolsa Seljukly türkmen hökümdarlygyny güýçden gaçyrdy.

Çeşme düzet

1. ^ a b c d e f Cawley, Charles, (2008-07) West Asia & North Africa, Chapter 5. Iran and Iraq. Seljukid Sultanat,Foundation for Medieval Genealogy TURKS.htm#_Toc179089990

2. ^ Bosworth, C. E. (1968). "The Political and Dynastic History of the Iranian World (A.D. 10)