Open main menu

Maksat Kakabaýew ýa-da üýtgedilen ady bilen MaRo 1982-nji ýylyň 17-nji Oktýabr aýynda dogulýar. 1993-nji ýylda heniz 11 ýaşynda mahaly eline ussat halypalar tarapyndan Türkmen Milli saz guraly "Dutar" gowşurylýar. 1996-njy ýylda sungat mekdebine girýär we ol ýerde Türkmen Milli aýdym-sazlarynyň inçe syrlaryny öwrenýär. 1998-nji ýylda “Halypa Şägirt” studiýasynda iki ýyl işleýär. 2001-2006 ýyllar ara berýär, Belgoroda okamana gidýär we şol ýerde “Dünýä ykdysadyýet” fakultetini okaýar. 2006-nj ýylda täzeden aýdym-saz älemine dolanyp gelýär, ilkinji aýdymy bolan “Tans edeli” we “Görmesem” diýen aýdymlary bilen halk içinde tanalyp başlaýar. We şol sanda, MaRo, Türkmenistanyň birnäçe ýyldyzlaryna klip režisýorlygyny etdi hem-de birnäçe belli aýdymlaryň hem awtory boldy. Elbetde MaRo diňe bir aýdym-saz bilen meşgul bolman, ol oýlanmalry hem ýazýar. 2009-njy ýylda “Saňa bagly” aýdymyny çykarýar, ol aýdym meşgurlyga eýe bolýar we “Saňa bagly” aýdym bilen gaty uly üstünlikleri gazanýar.

Maksat Kakabaýew
Dogulan wagty we ýeriMaksat Kakabaýew
(1982-10-17) Oktýabr 17, 1982 (ýaşy 36)
Mary welaýaty,Flag of Turkmenistan.svg Turkmenistan
KäriAýdymçy
DiliTürkmençe,Türkçe we Rusça
EtnikasyTürkmen
Periýod2006- şu gün
ŽanrlaryTans, Hip hop
Partner(ler)iShatlyklip