Malik ibn Anas (Arapça: مالك بن أنس; dogluşy: 712-nji ýyl, Medine - ýogalyşy: 795-nji ýyl, Medine), 4 sany mezhebden biri bolan Mäliki mezhebiniň ymamy, Yslam hukugy boýunça alym we hadys alymy.

Malik ibn Anas
Doglan wagty we ýeri712-nji ýyl
Medine
Aradan çykan wagty we ýeri795-nji ýyl
Medine

Nesil daragtynda ady geçýän Ebu Amir, Hezreti Muhammediň (s.a.w.) sahabalaryndan biri bolup, onuň bilen bilelikde Bedir söweşinden başga ähli söweşlere gatnaşandyr. Onuň ogly Malik, ýagny, Ymam Maligiň atasy bolsa, meşhur tabygynlardandyr. Ol Ýemenden Medinä göçüpdir. Sahabalardan Omar (r.a.), Talha ibn Ubaýdullah (r.a.), Aýşa (r.a.) we Abu Huraýradan (r.a.) rowaýatlar aýdandyr. Onuň ogullary, ýagny Ymam Maligiň daýylary bolsa Abu Suheýl, Nafi, Uweýs, Rebi we Nadrdyr. Malik ibn Abu Amir hijri 102-nji ýylda ýogalypdyr. Ymam Maligiň ejesi Aliýa binti Şureýk el Ezdidir. Ymam Maligiň Ýahýa we Muhammed atly iki ogly we Fatma atly gyzy bolupdyr.

Durmuşy

düzet

Ymam Malik hijri 93-nji ýylda Medinede dünýä inendir. Umra we Haj üçin çykmakdan başga Medineden hiç haçan çykmandyr. Ol halifa Harun Raşid özüni Halifatlygyň merkezi Bagdada çagyranda-da, bu teklibi kabul etmändir. 10 ýaşlaryndaka ylym öwrenmäge başlandyr. Rowaýata görä Ymam Maligiň kakasy bir gün orta bir mesele atypdyr. Ymam Malik ýalňyşyp jigisi Nadr dogry jogaby bereninde kakasy Ymam Malige “serçeler seni güýmedi” (görnüşine görä ýaşy kiçikä serçeleri gowy gören bolmaly) diýdi. Şol sebäpli ylym almaga karar beren Malik, İbn Hurmuzyň (hijri 148-nji ýyl) ýanynda 7 ýyl (bir rowaýata görä 8 ýyl) ylym alýar. Mundan soňra Rebiaturreýiň ders zynjyryna goşulýar. Ymam Maligiň aýdyşyna görä ejesine ylym ýazjagyny aýdanynda, ejesi ony çagyrýar we oňa täze eşik geýdirýär. Soňra “indi git we ýaz” diýýär. Deňduşlarynyň arasyndan saýlanan Malik 21 ýaşynda fetwa we sapak bermäge başlaýar. Sapaklary uly bilesigelijilik bilen yzarlaýardy. Uzak diýarlardan okuwçylar sapaklaryny diňlemek üçin Medinä gelýärdiler.

Mugallymlarynyň arasynda Nafi (hijri 117-nji/milady 735-nji ýyl), Said al Makburi, Amir bin Abdillah bin Zubeýr (h. 124-nji/m. 741-nji ýyl), Zuhri (h. 124-nji/m. 741-nji ýyl), Abdullah bin Dinar (h. 127-nji/ m. 744-nji ýyl) ýalylar bardyr. Muwattada 90-a ýakyn kişiden rowaýat edendir. Özüniň 900-e ýakyn mugallymynyň bolandygy aýdylýar. Okuwçylarynyň sany bolsa, müňlerçedir. Onuň ýolundan giden meşhur okuwçylarynyň arasyndan Abdullah bin Wehb, Abdurrahman bin Kasym, İbn Ziýad el Absi, Asad bin Furat, Ýahýa bin Ýahýa al Laýsi, Kanabi, Wakidi, İbnul Majişun ýalylary agzamak bolar.

Ymam Malik hijri 179-njy ýylda Medinede ýogalýar we Medinedäki Baky mazarlygynda gömülýär. Jynaza namazyny Medine şäheriniň häkimi Abdullah bin Muhammed okadandyr.

Eserleri

düzet

Ymam Maligiň eserleriniň başynda al Muwatta atly içinde Medine halkynyň amaly, sahaba we tabygynlaryň fetwalary ýazylan hadys eserini agzamak bolar. Kitabyň döwrümize ýeten 9 rowaýaty bardyr. Mundan başga-da Tefsiru Garibil Kuran, İbn Wehbe ýazan ýazgyt hakyndaky haty, Harun ar Raşida, Leýs bin Sada, käbir kazylara we şuňa meňzeşlere ýazan hatlary bardyr.

"Muwatta" hakynda Ymam Şafi bu kitabyň Allahyň kitabyndan soňra iň sahyh kitapdygyny aýtmagy, İbnul Mehdiniň Mukaddes Kurandan soňra iň peýdaly kitapdygyny aýtmagy we alymlaryň bu kitap hakyndaky sözleri eseriň möhümligni görkezýändir.