Mao Dun
Mao Dun-lakamy, hakyky ady Şen Ýan-bin. Ol 1896-njy ýylyň iýul aýynda Çžeszýan welaýatynyň Sinçžen diýen ýerinde dogulýar. Pekin uniwersitetiniň taýýarlyk bölüminde okaýar. 1916-njy ýyldan başlap Şanhaýdaky neşirýatda işläpdir. 1920-1922-nji ýyllarda “Sýaoşo ýuebao” žurnalyna ýolbaşçylyk edipdir.Edebiýaty öwreniş guramasyny esaslandyranlaryň biri bolupdyr. Mao Dun bu guramany 1921-nji ýylda esaslandyrypdyr. 1927-nji ýyla çenli publisist, edebiýatçy, tankytçy we terjimeçi hökmünde hytaý okyjylaryny günbatar ýewropa we rus edebiýaty bilen tanyşdyrypdyr, sowet edebiýatynyň ilkinji şowly gadamlary barada gürrüň edipdir. “Personažlaryň öwrenilişi”(1925), “Hytaý mifiologiýasy”(1925), “Kyssany öwrenişe giriş”(1928) we.ş.m kitaplaryň ýazarydyr. Ilkinji çeper eseri-“Tutulma” (1927-1928), “Lapykeçlik”, “Ikirjiňlenme” “Gözlegler” atly üç powestden ybarat bolup, 1925-1927-nji ýyllaryň rewolýusiýasynyň şowsuz gutaranyndan soň ýazylypdyr. Onuň gahrymanlarynyň köpüsi – durmuşdan tamasy çykmadyk ýaş intelligentler, diňe az sanlylar göreşi dowam etdirýärler. 1928-1930-njy ýyllarda Mao Dun Ýaponiýa göçüp gidýär, ol ýerde “Itburun”(1929) we “Öňkiýyllyk ot”(1929) hekaýalar ýygyndylaryny ýazýar. Bu hekaýalar “Tutulma” kitabyna meňzeş ýazylypdyr. Şol wagt hem “Älemgoşar” romanyny başlaýar, emma ol doly tamamlanman galýar. 1930-njy ýylda Hytaýa gaýdyp gelip, Mao Dun Hytaýyň çep ýazyjylar guramasynyň agzasy bolupdyr. Üç sany uly hekaýadan durýan “Oba trilogiýasy” (1932-1934) eserinde Mao Dun ykdysady ýagdaýyň erbetleşmegi netijesinde nädip daýhanlaryň ýaragly göreşe başlaýandyklaryny görkezýär. Kiçi söwdegärleriň tozmagy, bergä batmagy “Liniň dükany” powestinde (1932) görkezilýär.Onuň gahrymanlarynyň syýasatdan uzak, garşylyk görkezip bilmeýän, iş başarjaň we akýürekli adamyň keşbi tipiki keşpdir. Iň täze hytaý edebiýatynda Mao Dunuň “Daň atmazyndan öň” (1933) romany sosial epopeýanyň ilkinji nusgasy boldy. Bu romanda milli buržuaziýanyň ýagdaýy, işçileriň köpçülikleýin göreşi şekillendirilýär. Ýaponiýa bilen uruş bolýan döwürde (1937-1945) Mao Dun edebiýat jemgyýetini watam üçin çagyrypdyr, “Wenýi Çžendi” žurnalynyň redaktory bolupdyr, çeper dokumental eserlere köp üns beripdir. “Birinji tapgyr baradaky powest”(1939) Şanhaýyň üç aýlap goranyşy barada gürrüň berýär, “Derbi-dagyn edilenden soň”(1942) we ş.m. 1941-nji ýylda Gonkongda “Dargama” romanyny çap edipdir. Roman “Çankaýşistlaryň gizlin polisiýasynyň aralaşmaly bolan ýaş aýalyň gündeligi görnüşinde ýazylypdyr.”1942-nji ýylda ýaponlar Gankongy alanlaryndan soň gomindan ýerlerine gaýdan Mao Dun hytaý welaýatynyň 1911-1913-nji ýyllar rewolýusiýasy öňisyrasyndaky ýagdaýy barada ýazjak bolan ullakan işiniň birinji bölümini – “Gyraw sepilen ýapraklar ýaz paslyndaky güller ýaly gyzarýar” atly romanyny (1942) döredýär, 1945-nji ýylda bolsa ýurduň täzeden dikeldilmegi üçin alnyp barylýan göreşe bagyşlanan “Ýas günlerinde” dramasyny ýazýar. Ýaponiýa bilen bolan uruş tamamlanandan soň Mao Dun demokratik guramalaryň hereketine gatnaşýar, terjime bilen meşgullanýar. Ol W.Kataýewiň “Goşun ogly”, W.Grossmanyň “Halk bakydyr”we ş.m. eserleri terjime edýar we “Berkişme” romanyň üstünde işleýär. 1946-1947-nji ýyllarda SSSR boýunça syýahat edýär we şonuň netijesinde “SSSR-de görlen we eşidilen zatlar” (1948) we “Sowet soýuzy” barada gürrüň (1949) eserleri ýazylýar. 1949-1964-nji ýyllarda Mao Dun Bütinhytaý edebiýat we sungat işgärleri birleşmesiniň ýolbaşçysynyň orunbasary, Hytaý Halk Respublikasynyň medeniýet ministri wezipelerinde işläpdir, edebiýaty öwreniş we publisistika bilen meşgullanypdyr. “Gije bellikleri”, “Sosialistik realizm baradaky oýlanmalar”(1958), “Hyjuw” (1959), “Taryh we taryhy dramalr barada” (1962), kitaplary medeniýet öwrülişigi diýip aýdylýan döwürde yzarlanma sezewar bolupdyr.