Bu çekirtgäniň Türkmenistanyň çäginde ýaşaýanlygy, ony 1902-nji ýylda Morozow D. Pöwrüze we Çüli jülgelerinde we Bagyr obasynda tapanynda belli bolupdyr. Bu çekirtgäniň Türkmenistanda 1902-nji ýyldan öň-de bar bolmagy ähtimal, çünki Rossikow K.P. 1898-nji ýylda marokga çekirtgesiniň Daşkent etrapynda barlygyny belläpdir. Marokga çekirtgeleri süri bolup we ýekelikde ýaşaýanlygy sebäpli, olarda morfologik tapawutlar bolýarlar. Sürüde ýaşaýan osobyň morfologik alamatlary: yzky böküji aýaklarynyň budunyň ýokary tarapynda çala bildirýän gara tegmiller bolýar. Olar buduň ýokary kiliniň daşynda gara zolak emele getirmeýärler. Urkaçy osobynyň üstki ganatynyň uzynlygy 24,1-31,5 mm, erkek osobynyň üstki ganatynyň uzynlygy bolsa 20,0-27,9 mm bolýar. Ýekelikde ýaşaýan osobyň morfologik alamatlary: yzky böküji aýaklarynyň budunyň ýokary tarapynda çala bildirýän gara tegmiller buduň ýokary kiliniň daşynda gara zolak emele getirýärler. Urkaçy we erkek osoblarynyň üstki ganatlary 24,6-27,0 mm we 16,1-21,5 mm bolýar. Türkmenistanda marokga çekirtgeleri hemme ýerlerde ýaşaman, aýry-aýry territoriýalarda (ojaklarda) ýaşaýarlar. Olaryň jemlenen ýerleri Köpetdagda, esasan-da Köýtendagynda ýerleşýärler. merkezi Köpetdagda hem-de Marokga çekirtgesi ýumurtgalary gyrtyçlaryň we ýylaklaryň ösýän topragynda ýerleşdirýän kubyşkalaryň içine maý aýnyň ahyrynda we iýun aýynyň başynda taşlaýarlar. Bu ýumurtgalardan geljek ýylyň martynyň ahyrynda we apreliň başynda liçinkalar çykýarlar. Bu liçinkalar 31-40 gün ýaşap, uly ganatly osoblara ösüp geçýärler. Türkmenistanda marokga çekirtgesi ösümlikleriň 65 görnüşi, şol sanda bugdaý, arpa, mekgejöwen, gowaça bilen-de iýmitlenýär. Çekirtgeler has güýçli köpelen ýyllarynda ýa-da Eýranda köpelip, biziň respublikamyza uçup gelýän ýyllarynda öri meýdanlarynyň otlaryna we medeni ösümliklere uly zyýan berýärler.