Mowzuk: Mary sőweşi.


Meýilnamasy:

1. XIX-njy asyryň ortalarynda günorta Türkmenistanda jemgiýetçilik syýasy ýagdaý.

2. Mary sőweşiniň başlanmagynyň sebäpleri, Sőweş hereketleri. Taryhy ýeňiş.


Edebiýatlar:


1. Saparmyrat Türkmenbaşy Ruhnama A. 2001 ý.

2. Saparmyrat Türkmenbaşy Ruhnama A. 2004 ý.

3.Annanepesow M. Türkmenistan taryhynyň maglumatlar XVIII asyr-XX asyryň başlary

4. Abysetdar Kazy “Jeňnama” (Tekeleriň uruş kyssa kitaby) Aşgabat 1994.

5. Genri de Gulobet de Blokwill. “Türkmenleriňkide ýesirlikde ” A. 1992.

6. Ç. Ýazlyýew Serdarymyz, taryhymyz hakda Türkmenistan. 1995 ý.

7. “Mukaddes Ruhnamam – durmuş ýőrelgäm” atly ylmy teswirlemeleriň 138 – 143 s “Türkmeni galp taryh ýazyp kiçeldip bolmaz”. atly dosent D. Narbaýew makalasy.

Sarpasy belent Serdarymyz Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy 2001-nji ýylyň Bitaraplyk aýynda 1-de talyp ýaşlarynyň őňünde eden çykyşynda, XIX asyr türkmen taryhyna ser salyp: “Gőkdepe galasynda, Sarahsda, Maryda… Lebap türkmenleriň başynda gopan gowgalar – şu toprak üçin gopan gowgalardyr” diýip belledi. XIX asyryň ortalarynda we 60 – njy ýyllaryň başynda günorta Türkmenistandaky jemgiýetçilik syýasy ýagdaý entek doly durnuklaşmak derejesine baryp ýetmändi.

Beýik Serdarymyzyň ýüreginiň emri bilen dőreden Mukaddes Ruhnama kitabynda: “Bitewilik milletiň geljegini gurnamaga esas berýär. (s 23.) diýip belleýşi ýaly, asyryň ortalarynda Sarahs, Garrygala şőweşleriniň ýeňişli tamamlanmagy belli bir derejede türkmenleriniň birleşmeklik, jebisleşmeklik ýaly asyl birligini dőreden hem bolsa, entek halkymyza bir millet, bir dőwlet bolup, milli bütewlilik ýoluny doly eýgermeklik başartmady.

XIX – nji asyryň 50-60-njy ýyllarynda türkmen tire – taýpalarynyň milli őzbaşdaklyk, syýasy garaşsyzlyk ugrunda baş goşan sőweşleriniň biri hem, türkmenleriň birleşen güýçleriniň Eýranyň talançylykly ýőrüşlerine garşy gőnükdirilen Mary sőweşidir. Bu sőweşiň netijesi hem Garrygaladaky ýaly uly taryhy ýeňiş bilen tamamlandy.

Beýik Serdarymyzyň Mukaddes Ruhnamasynda: “ 1855 – nji ýylda Sarahs sőweşinde, 1857 – 58 – nji ýyllarda bolup geçen Garrygala sőweşinde, 1861 ýylda Mary sőweşinde daşary güýçleriniň derbi-dagyn edilmegi türkmen tire-taýpalarynyň agzybirliginiň netijesidi. Bu sőweşlerde teke, ýomut, gőkleň, salyr, ärsary we beýleki tireler birleşip, ýow gaýtardylar ”. M. R. 2 kitap s. 47.

XIX – nji asyryň ortalarynda 60 –njy ýýllaryň başlarynda günorta Türkmenistanda jemgiýetçilik syýasy ýagdaý gaty dartgynlydy. Eýranyň şasy Nesreddin őzüniň Astrabad hőkümdary Jeparguly hanyň masgaraçylykly ýeňlişinden soň, ýene-de bir amatly pursat, gőzleýärdi. Şeýle pursat Mary topragynda emele geldi. Nasreddin şa Mary topragynda ýüze çykan ýer – suw ugrundaky teke – saryk dawasyny çőzmek babatda hamala diýerçin saryklaryň bähbidiniň kemelmeginiň őňüni almak maksady, bilen türkmen topragyna täzeden aralaşmagyň meýilnamasyny işläp düzýär. Ine şol bahana bilen hem, (saryklar kőmege ýetişmek, tekelere temmi bermek maksady bilen) Eýranyň dőwlet goşuny Mara ýőrüşe gaýtdy. Şeýlelikde, Eýran gajarlarynyň Mary topragyna aralaşmagyna teke – saryk dawasy sebäp bolupdyr. Hakykatda ýer – suw, ýaşaýyş-territorial dawalar, eýýäm Ahaldan gelen Nurberdi han tarapyndan hem – de Gowşut han tarapyndan doly çőzülipdi. (1860 ýyllaryň başlarynda).

Bilşimiz ýaly Mary sőweşiniň gidişi, harby hereketleriniň ýaýbaňlanyşy baradaky, şeýle hem wagty, senesi sőweş hereketleri, baradaky maglumatlar bize XIX asyr türkmen edebiýatçysy Abysetdar Kazynyň 2200 setirden ybarat mesnewi gőrnüşinde ýazylan “Jeňnama” atly kitabynyň mazmunyndan mälimdir. Bu kitabyň I bőlümi – türkmenleriň birleşen güýçleriniň Garrygala sőweşine, 2-nji bőlümi hem şol Eýran şazadalarynyň Mary topragyna eden talaňçylykly, masgaraçylykly ýőrüşlerine bagyşlanandyr.

Indi bolsa Mary-Gajar urşundaky wakalaryň ýaýbaňlanyşyna gős–gőni geçmänke, poemanyň gymmatynyň ýene–de biri jemgiyetçilik syýasy meseläni ýüze çykarandygyny bellemeli. Ol hem Eýranyň, Hywanyň, Buharanyň kőşk taryhçylarynyň Mürze Muhammet Tagy hanyň, Muhammet Hasan hanyň , Abdyryzagyň, Munis we Agehiniň harby – syýasy jemgiýetçilik pikirleriniň garşysynda türkmeni goraýan uly bir syýasy güýç bolup saýlandy. Taryhy nukdaý nazardan seretseň, ýokardaky taryhçylararyň hiç birinde hem türkmeni goramak meýli ýok. Olaryň garaýşyça mydam türkmen günäli, alamançylyk edýänem, çapawulçylyk edýänem, şerbaşam, bozgakdyr-bibaşam diňe türkmen, garaz ol dek gezýän halk däl. Sőweş sahnasynda türkmeni gorkak, züwwetdin, ejize ganym, azgyn, gula gyzýan sőwdägär edip gőrkezýärler. Buhara goşunbaşylary, alamançylary we serkerdeleri welin başgaça taryp edilýär. Olar rehimdar bozgagy ýola salyan, rahatlygy ýola goýan adyl hem dana adamlar edilip gőrkezilipdir.

Beýik Serdarymyz “Türkmene soňky iki ýüz ýylyň dowamynda alamançy çapawulçy diýlen tőhmet atylyp gelindi, şol tőhmet XX - nji asyryň 30 – njy ýyllarynda “basmaçy” sőzi bolan çalşyldy. Ol tagma türkmeniň ýurduny basyp almak üçin gaýry bir bahana tapmadyk yurt basanlaryň goýan bahana ýarygydy...”

Türkmeniň taryhyny ýoýup ýazmak, ýalan häsiýetnamalar bolan tőhmet atmak ýaly hereketler XIX – XX asyr ýüzýyllyklaryň sepgidinde ilki rus, soňra sowet taryhçylary tarapyndan hem dowam etdirilipdi.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy: Ýalan häsiýetnamalar türkmeniň dünýä taryhynda ornuny, at–abraýyny peseltmek maksady bilen edilipdi. Milli bähbidini arap 17–19 asyrlarda türkmen halk taryhy barada erbet häsiyetnamalary ýaýratdylar. Türkmenler alamançy, adam őldürmäni hiç zatça gőrmeýän, biri-birini őldürip ýőren wagşy halk, gara őýli, bilimsiz, medeniýetsiz, gőçüp-gonup ýőrän millet diýip sypatlandyrylýar. M.R.s __ Bu haram işler ýüzlerçe ýyllap dünýä ősuşine täsir eden türkmen halkynyň şanly aslyny taryhdan aýyrmak, topragyny basyp almak, milletini bakna etmek üçin gurnalan syýasy oýunlardy. M.R.s __ Şu meselede hatda XX asyryň uly alymlaryda biziň ata – babalarymyzyň geçen taryhy ýoluny nädogry häsiýetlendirip, biziň başdan – aýak gara donly edip gőrkezilipdir. Bu babatda bellemeli taryhy maglumat XIX asyr 20-nji ýyllarynda Türkmenistana gelen syýahatçylaryň biri (1919-1921ýý. Murawýew ekspedisiýasy). Balkan daglarynda ýaşaýan ýomutlara diňe Astrabada alamançylyga gidip, adamlary gul – gyrnak hőkmünde Hywanyň bazarlarynda satmak bilen meşgul bolýan şol ýerdenem satyn alyp, diňe çőrek bilen düýe çalyny hurş edinip oňýan ýalta bikär türkmenler hőkmünde sypatlandyrylýar.

Abysetdar Kazy őzüniň “Jeňnama” eserinde Eýranyň ilçisi Ryzaguly hanyň Hywada Muhammet Emin bilen gepleşigi barada ýazyp, şonda aýdan sőzlerini getirýär: Ilçi: - Türkmende gul sőwdasyndan amatly kär barmy? Hywada satmagy gadagan ediň. Onuň ekin ekme, galla őndürme bilen işi ýok. Hünäri alaman – eklenji gul. Akademik A. N. Somoýlowiç “Çarwaçylykdan soň Eýranyň şäherlerine we obalaryna almanaçylyga gitmek tä ruslar Zakaspini basyp alýançalar türkmenleriň maddy ýagdaýynyň esasy çeşmesi bolupdyr diýip ýazýar.

Elbetde gündogar halklarynda, şol sanda türkmenlerde setanda-seýranda alamançylygam bolupdyr. Ýőne alamançylyk halkyň kesbi däldi, il arasynda alamanyň ýoly bir bolsa-da yrsgy bir däldir, diýip ýőne ýerden aýdylmandyr. Alamançylykda goňşy hőkümdarlar gőz – gőrtele batyrgaý, sőweşjeň, batyr türkmen ýyigitlerini peýdalanypdyrlar, soňundanam olary “alamançy, wagşy” hőkmünde häsiýetlendiripdirler. Türkmene ýőnkelýän bu tőhmetler, türkmeni tabyn edip bilmän, onuň watansőýüjiliginden, batyrlygyndan gaýduwsyzlygyndan, gahrymançylygyndan gőzi gorkan basybalyjylaryň içiniň ýangyna tapan sőzleridir.

Beýik Serdarymyz “Türkmen mydamada erkanalygyny, namys – aryny gorap geldi, bu oňa ýeňil düşmedi, hut geçen asyryň őzünde – de ol iki yola Garrygala, Sarahs, Balkan uruşlaryny başdan geçirdi. Türkmenabat bilen Daşoguzda bolan şahsyz uruşlar sowet eýýamynda halkdan ýaşyryldy” diýip ýazýar. M. R. s. 188. 1 kitap.

Eýran gajarlarynyň Mara ýőrüşine Mary türkmenleri “Gajar urşy” diýip at beripdir. Bu ýőrüşiň bolan wagtyny A. Kazy “Jeňnama” kitabynda hijri- kamary, milady hasabynda 1860-61 ýyllar bilen gőrkezýär. Urşuň senesini tassyklaýan ýene-de bir kitap, Guliber de Blokwillin “Türkmenleriňkide ýesirlikde” diýen kitabydyr. Kitabyň “Uruş” diýip atlandyrylylan 2-nji bőlüminde aýma–aý, günme–gün Eýran serbazlarynyň Mara ýőrüşi barada anyk maglumatlar berilýär. Ýőne Eýran goşunlaryň Mara ýőrüşinde goşunlaryň sany welin A. Kazyda 70 müň, Blokbillde we Hywa taryhçysy Muhammet Ýusup Baýanynyň “Rodoslownaýa drewo Horezimşahow (Horezm şalarynyň nesil daragty) atly kitabynda takmynan 20-30 müň, atly pyýada goşun we 32-23 toply serbazlar diýilip berilýär.

Eýran goşunlaryna Nasreddin şanyň daýysy Horasynyň häkimi Hemze Mürze Hişmet ed Dőwle we onuň parahor kőmekçisi Mürze Mämmet Kabam ed -Dőwle baştutanlyk edipdir. Mürze Mämmediň türkmenleriň arasynda “Gara sertip” diýen ady bolupdyr.

1860-njy ýylyň Gorkut aýynyň 6-nda Eýranyň goşunlary Murgabyň çep kenaryndaky Garaýabyň ekinzarlygyna aralaşypdyr. Marylylar ähli ekin meýdanlaryny suwa basdyryp, gajarlaryň harby hereketlerine garşylyk gőrkezipdirler. Agyr ýükli serbazlar , ýükli arabalar, gatyrlar, düýeler batga batyp jebir baryny gőrýärler. Türkmenler bolsa az sanly toparlar bilen bukuda durup Eýran goşunlarynyň hatarlaryny bőlýärdiler.

1860-njy ýylyň 19-njy Gorkut aýynda pürsiýan goşunlary deprek kakyp, surnaý çalyp dabaraly ýagdaýda Mary galasyna girdiler.

1860-ýylyň Gorkut aýynyň 19-da sőweşsiz eýelenen “Mary galasy” diýilýän Gowşutwendiň günb-da derýanyň çep kenarynda ýerleşýän Niýazmetgala bolmaly. Bu galanyň ozalky ady Janalybendiň ady bilen bagly “Janaly gala” diýilýärdi. Gajar urşundan soň “Porsy gala” ady galýar.

Eýran serbazlary gala girip hiç hili hereket etmän, günde agşam haýbat üçin gümmerdedip, top atyp gündüzine surnaý-kernaý çaldyryp, şady horramlyk edýärdiler. Şeýle ýagdaýda G. Blokwil goşun serkerdelerine ýüzlenip, uruşmaga gelen bolsaňyz, onda harby hereketlere başlaň?-diýen yşaratyna olar: “Enşalla biz tekeleri bir alarys, onsoň Buhara bararys” diýip gopbamsyraýardylar.

Şol pursatdan peýdalanyp Gowşut han Goşa senner galasynda sőweşe taýýarlyk gőrüpdir. Gowşut han őňde-soňda Eýran goşunlary bilen başa – baş sőweşiň boljakdygyna gőz ýetirip ýene-de bir gezek başa gelen belany parahatçylyk ýoly bilen çőzmek üçin syýasy diplomatik hereketler edýär. Ol őz wekili Rahmanguly Hany Gara sertibiň ýanyna iberýär. (Kowwam ed Dőwle) Emma Gowşut hanyň dürli diplomatik hereketlerini ret edip, Hemze Mürze we Kawwam ed Dőwle: “Biz Mary türkmenleriniň ýogyna ýanmaga geldik, enşalla basym olary külüni sowurarys” diýip gődek jogap beripdir. Şondan soň Gowşut han, gyssagly maslahat geňeş edip, sőweşe taýýarlyk gőrdi. Gowşut han ýene – de sőweş taktukasynda “hilegärlik ýőrelgesine baş urmaly boldy. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Mukaddes Ruhnamada türkmenlerde hilegärlik erbet häsiýet hőkmünde gapalmaýar, gerek ýerinde iliň bähbidi üçin ony peýdalanmak zerur hadysa hőkmünde belleýär. M.R. II kitap s.

Gowşut han gajarlary garadan çykarmak maksady bilen mekir ýol tapypdyrlar, ýagny Mary galasynyň 3 tarapyna 3 süri geçi eltipdirler. Geçileriň hemmesiniň şahyna gara ýaga batyrylan keçe ýyrtyklaryny daňyp çykypdyrlar. Galanyň diňe derýanyň kenaryna tarap açylýan demirgazyk derwezesiniň ýanynda derýa boýundaky gamyşlyklarda bukulyp garaşypdyrlar.

Gijäniň ýarymynda 3 süri geçileriň şahlaryndaky keçelere ot degrip, 3 tarapdan gykylyklap galanyň üstüne sürüpdirler. Eýran goşunlary 3 tarapdan gala aralaşan gyzyl ot bolup çozup gelýän duşmany gőrüp galadan çykyp gaçmakçy bolýarlar. Ol ýerden hem bukuga ýatan mergenler serbazlary oka tutyp naýzalap gylyşdan geçirýärler. Şeýdip geçileriň gijeki hüjümi türkmenleriň Mary sőweşiniň ilkinji tapgyryndaky ýeňişine alyp barýar.

Soňra Hemze Mürze Tährana yzyna gitmeklik üçin hereket edýär, emma şanyň “başlanan işini dowam etdirmek” baradaky buýrugyny alyp, ahyr soňy 1860-njy ýylyň Ruhnama aýynyň 10-da galadan çykyp goşaseňňer galasyna aralaşýar. Bu ýerde hem aldym – berdimli sőweş bolup türkmenler gaýduwsyz gahrymançylyk gőrkezýärler. Eýran goşunynyň hataryny seýrekledipdirler. Sőweşlerde Amanşahet serdar, Berdiniýaz serdar, Täçgők serdar we b – p gahrymanaçylyk gőrkezipdirler.

1860-ň Garaşsyzlyk aýynda bolup geçen sőweşde Eyran goşunlary derbi – dagyn edilipdir. Bu çaknyşygynyň soňy “Gaçan gutular, galan tutylara őwrülipdir”. Şeýlelikde 1860-ň Garaşsyzlyk aýynyň 3-de sőweş Mary sőweşiniň çür depesi boldy. Bu sőweş uly taryhy ýeňiş bilen tamamlanandy. Onlarça müň ýesirler düşdi. Şolaryň içinde G. Blokwil hem ýesir düşdi.

Soňky gapma – garşylyklarda Gara sertip őldürilipdir. Hemze Mürze Emren ed Dőwle hem maglumatlara gőrä Eýranda őldürilipdir. Şeýle – de Eýran goşunlary Marydan soň, Sarahs, Badhyz ülkelerde, Galaýmor, Çemenebit ýaly ilatly etraplarda hem Eýran serbazlarynyň derbi – dagyn edýärler.

A. Kazy 1860-nji ýylyň Marydaky gajar urşunda gatnaşan ençeme batyr türkmen ýigitleriň atlaryny ebedileşdirdi. Olardan Gowşut hany, onuň ýakyn egindeşleri Amansahet serdar, Berdiniýaz serdar, Täçgők serdar, Rahmanguly han, Saparek serdar, Paly Mergen, Hally batyr, Nepes serdar, Öwez, Gylyç, Mergen, Abdylla ýalylaryň atlary türkmen topragyny daşary duşmanlardan goradylar. Mary halky Garaşsyzlyk gazandy, ýőne bu garaşsyzlyk şeýle bir uzaga çekmesede onuň syýasy taryhy ähmiýeti ulydyr.

Bu taryhy ýeňiş Beýik Serdarymyzyň sőzleri bilen aýtsak: “Ata – babalarymyzda biziň şu günki neslimize gőrüm – gőrelde bolup boljak beýik ygrarlyk, Watana buýsanç, çäksiz sőýgüniň bardygyny, bu buýsanjy we sőýgüni her bir güýjiň basyp bolmajykdygyny nygtaýar”…. M. R: 2 kitap s. 48.