Matematiki logikanyň elementleri
Matematiki logikanyň elementleri Berlen pikir aýtmalardan täze has çylşyrymly bolan pikir aýtmalary emele getirýän amallara logiki аmаllаг ýa-da logiki baglanyşyklar diýilýär Özi hem şeýle çylşyrymly pikir aýtmalaryň çyndygy ýa-da ýalandygy оnuň düzümindäki ýönekeý pikir aýtmalaryň çyndygyna ýa-da ýalandygyna baglydyr. Pikir aýtmalaryň çynlyk bahalary EHM-de logiki amallary amala aşyrmak üçin esas bolup durýar. Logiki amallaryň içinde üç sanysy esasy hasap edilýär. Olar: iki pikir aýtmanyň dizýunksiýasy, iki pikir aýtmanyň konýunksiýasy, рikir aýtmanyň inkär etmesi. Pikir aýtmalar üstünde logiki amallar çynlyk jedweli arkaly kesgitlenýär.