Maturidi
Mäturidizm (arap. الماتريدية — äl-mäturidiýä) 10-njy asyryň başynda ýüze çykan sünni kelam mezhebi. Äbu Mänsur äl-Mäturidi , Mu'tazilitler we Jahmitler ýaly firgalar (akydadaky bidgatçylar) bilen jedellerde "akyl argumentlerini" we kelam subutnamalary ulanypdyr.
Äl-Mäturidiniň taglymatlary we ideýalary döwürdeşi Abul-Hasan al-Aşariniň pikirlerine köp meňzeýär (ýöne käbir bellikler bilen), ýöne tanyşlyk hakda ygtybarly maglumat ýok.
Maturidizm XIII asyrda ahyrynda emele gelýär we Osmanly döwründe musulman dünýäsinde iň uly täsir alýar. Maturidizm Hanafileriň köpüsi tarapyndan akyda mezhebi hökmünde kabul edilýär.
Taryh
düzetEsaslandyryjy
düzetMaturidizmi esaslandyryjy Abu Mansur al-Maturidi (944-nji ýylda aradan çykan). "Samarkand mahalla Maturidde" dünýä indi. Äl-Mäturidiniň doglan senesi takyk däl, ussadlary barada hiç hili habar ýok, diňe Nasir ýa-da Nasr ibn Ýahýa al-Balhi we Muhammed ibn Mukatil ar-Razi ýaly birnäçe ussady agzalýar. Maturidler äl-Mäturidini “Mutakallimleriň ymamy” (imämul-Mutäkälimin) diýip atlandyrýarlar.
Emele geliş döwri (994-1100)
düzetÄl-Mäturidi ölenden soň, Samarkanddaky okuwçylary we yzyna eýerijiler maturidi mezhebini ösdürip başladylar. Maturidleriň esasy traktatlaryny, şeýle hem Hanefi mezhebiniň fikh esaslary boýunça eserler ýazypdyrlar (Maturidleriň köpüsi Hanafi). Merkezi Aziýada maturidizm has giňden ýaýrap, şol ýeriň eýeleýän mezhebine öwrülýär.
Soňky emele geliş döwri (1100-1300 ýyl)
düzetBu döwür maturidit ynançlarynyň doly kemala gelmegi bilen tapawutlandy.
Ýaýraýyş döwri (1300-1900 ýyllar)
düzetOsman soltanlarynyň Maturid mezhebine eýerýändikleri sebäpli, Maturidizm Osman imperiýasynyň hemme ýerinde musulmanlaryň arasynda giňden ýaýrapdyr. Bu döwürde maturidizmiň tanymal wekillerinden (arap. المسايرة في العقائد المنجية في الآخرة — “äl-Musaýar fi-l-akaid äl-mänjiýä fi-l-ähira”) kitabynyň awtory "äl-Kamalä ibn äl-Humämä" belläp bolar. Bu kitap hatda häzirki döwre çenli hem medreselerde okadylýar.
Esasy dogmalar we usullary
düzetAkyl delilleri
düzetErk
düzetİlähi sifatlar
düzetMaturidiler Allanyň ähli sifatlaryny iki görnüşe bölýär:
- şahsy (sifätäz-zätiýä)
- subut ediji (sifätäs-subutiýä)
Alladan başga hiç kime degişli däl sifatlary (sifätäz-zätiýä):
- Wujud - Allanyň barlygynyň zerurlygy
- Kydäm - bakylyk (57:3)
- Baka - baky barlyk (55:26,27)
- Wähdäniýä - birlik (112:1, 2:163, 17:42, 35:3)
- Muhälifät äl-haäwädis - (24:11)
- Kyýämun bi-näfsihi - yzygiderlilik we garaşsyzlyk (35:15, 112:2)
Maturidleriň arasynda 8 sany sifat aýdylýar (emma Aşarylaryň arasynda 7 sany sifat aýdýarlar):
- Haýat - durmuş (25:58, 40:65, 2:255)
- Ilm - ylym (66:2, 20:111, 67:14, 8:73, 23:17, 2:284)
- Sama - eşitmek (17:30, 24:11, 58:1, 40:56)
- Basar - görmek (17:30, 24:11, 58:1, 40:56)
- Irada - ykrar (3:47, 2:105, 3:40, 5:1)
- Kudra - güýç (47:33, 16:77, 24:45, 35:1)
- Käläm - söz (4:144)
- Takwin - döretmek ukyby (59:24), bu 4-i öz içine alýar:
- Ihýä - janlandyrmak ukyby
- Imäta - öldürmek ukyby
- Tahlik - döretmek ukyby
- Tarzik - dürli haýyr bermek ukyby
Hudaýy görmek
düzetMaturidiler jennetde musulmanlaryň Allany görmegi hakdygyny tassyklaýar, emma nähili boljakdygy hakda aýtmaýarlar. Sebäbi Alla hiç bir ýaradylan ýaly däldir.
Kuran
düzetMusulmanlykdaky günäkärler hakda
düzetMaturidileriň akydasyna görä, musulman günälerine toba etmän ölen bolsada eger imanly ölen bolsa hemişelik dowzahda galmaz.[1]
Bellikler
düzet- ↑ Kuran: 6/160.
Edebiýat
düzet- Али-заде А. А. Матуридизм // Исламский энциклопедический словарь. — М. : Ансар, 2007. — ISBN 978-5-98443-025-8