Mazdakitler hereketi — Mazdak ruhany gatlagyndan bolupdyr.Ol agalyk ediji gatlaga garşy göreşe köpçiligi çagyrýar.[1]

Aňyýeti

düzet

Deñlik, zatlary paýlamak. Ol agyr ýaşaýan giñ köpçuligi özüne çekipdir. Daýhan gozgalañlary tutaşyp başlapdyr.Hak begleriñ ep-esli toparynyñ emlägi ellerinden alynyp daýhanlara paýlanypdyr. Mazdakitleriñ hereketiniñ iñ osen döwri Kawad patyşanyñ dolandyran ýyllaryna gabat gelýar.Kawad gozgalañçylara dane ambarynyñ agyzlaryny açyp beripdir.[1] Kawadyñ özi hem bu hereketi bir bada goldapdyr.Ýerli ruhanylar dildüwişip goşun toplap, patyşa Kawady 496 ý tagtdan düşüripdirler.Ol Eftalylara gidipdir. Soñ 499 ý Eftalylaryň kömegi bilen tagta geçýär. 529-njy ýylda Mazdak we onuñ egindeşleri öldürilýär. Bu hereket Merkezi Aziýa, Azerbeýjana ýaýraýar. Onuň taglymatlary astynda soñ- soňlar hem birnäçe gozgalañlar bolup geçýär.[1]

Çeşme

düzet
  1. 1.0 1.1 1.2 A. Gubaýew, Ý. Orazgylyjow, T. Sahydow. Türkmenistanyň taryhy (iň gadymy döwürden VII asyra çenli). Ýokary okuw mekdepleriniň taryh hünäriniň talyplary üçin synag okuw kitaby. Aşgabat, 2010. s.314-315.