Merjenler
Merjenler molýuskalar tipiniň iki balykgulaklylar klasynyň wekilleriniň bedeniniň içinde emele gelýärler. Şu örän uly klasyň 20 müň töweregi görnüşi bolup, olar köllerde, derýalarda, deňizlerde, ummanlarda ýaşaýarlar. Merjeniň döreýşi we gurluşy XX asyryň başlarynda ylmy taýdan öwrenildi. Merjen iki balykgulakly molýusklaryň hemme görnüşlerinde bolýar. Merjenler midiýalarda, ustrisalarda, strambuslarda, pinnalarda, mähnet tridaknada tapyldy. Dünýäde iň uly, uzynlygy 24 sm-e, kese kesimi 14 sm-e barabar bolan «Allanyň merjeni» diýlip atlandyrylan merjen 1934-nji ýylda mähnet tridaknanyň bedeniniň içinde tapyldy.
Merjeniň emele gelşi
düzetMolýuskalaryň balykgulaklarynyň, bedeniniň içine çäge, daş, balykgulak bölejikleri düşende, olaryň daşy ýörite bölünip çykarylýan suwuklyk bilen örtülýär. Molýuska bedeniň içine düşýän jisimleri özi üçin zyýansyzlandyrýar. Suwuklyk jisimleriň ýa-da liçinkalaryň daşynda gataýar. Netijede merjen emele gelýär. Emeli merjeni gadymy wagtlarda Hytaýda, 1904-nji ýylda Russiýada, 1913-nji ýylda Germaniÿada, XIX asyryň ahyrlarynda bolsa merjeni ýaponiýaly K. Mikomato uly möçberde öndürip başlapdyr.