Türkmenistanyň Merkezi banky

(Merkezi Bank sahypasyndan gönükdirildi)

Türkmenistanyň Merkezi Banky, Türkmenistan (düybi, Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 36) Türkmenistanyň bank ulgamy iki derejeli bank ulgamy bolup, ol Türkmenistanyň Merkezi bankyndan (TMB) we täjirçilik banklaryndan emele gelýär.Türkmenistanyň Merkezi banky Türkmenistanyň milli bankydyr. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň (merkezi edarasynyň) ýerleşýän ýeri Aşgabat şäheridir. http://www.cbt.tm/tm/about/about.html Archived 2015-09-08 at the Wayback Machine

  • Merkez bankynyñ işi

Onuň işi 2011-nji ýylyň 25-nji martynda kabul edilen «Türkmenistanyň Merkezi banky hakynda» Türkmenistanyň Kanuny we beýleki hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär TMB-niň esasy maksatlary şu aşakdakylardan ybarat bolup durýar:1) manadyň durnuklylygyny üpjün etmek; 2)Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmek we pugtalandyrmak.

  • Merkez banky töleg ulgamy

Türkmenistanyň Merkezi banky töleg ulgamynyň operatory bolmak bilen Türkmenistanyň çäklerindäki hasaplaşyklary sazlaýar, bankara elektron hasaplaşyklar bilen bagly işlere gözegçilik edýär. Nagt däl hasaplaşyklaryň işini dolandyrmak boýunça düzgünnamalary taýýarlaýar we tassyklaýar, nagt däl hasaplaşyklary geçirmegiň tertibini, möhletlerini we standartyny kesgitleýär. Şeýle hem Türkmenistanyň Merkezi banky töleg ulgamy boýunça statistiki hasabatlary düzmegiň we jemlemegiň tertibini kesgitleýär.

  • Kanunlar bilen Merkez banky

Türkmenistanda töleg ulgamynyň hukuk binýady bolup, Türkmenistanyň Raýat kodeksi, Türkmenistanyň «Türkmenistanyň Merkezi banky hakynda», «Karz edaralary we bank işi hakynda» kanunlary we Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kadalaşdyryjy hukuk namalary çykyş edýär. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň bankara elektron hasaplaşyklar ulgamyna Türkmenistanyň ähli banklary, şeýle hem Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň Gazna müdirligi agza bolup gatnaşýar.http://www.cbt.tm/tm/payment/payment.html

Internetda

düzet