Milli medeniýetimiz galkynýar!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Milli Liderimiziň başda durmagynda, Türkmenistan döwletimiz gün-günden ösýär, özgerýär. Eziz Watanymyz ähli ugurlarda uly üstünlikler gazanýar, belent sepgitlere ýetýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhammedowyň başlangyçlary bilen, ähli ugurlarda bolşy ýaly, milli medeniýetimize sarpa goýmakda, ony ösdürmekde we dünýä ýüzüne ýaýmakda uly-uly maksatnamalar işlenilip düzülýär we durmuşa geçirilýär. Tamamlanyp barýan 2016-njy ýylymyzda hem milli medeniýetimizi ösdürmäge uly üns berilýär. Munuň şeýledigine, eziz diýarymyzda 2016-njy ýylyň “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýlip atlandyrylmagy hem aýdyň subutnamadyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda Türkmenistanyň Medeniýet Ministrligi tarapyndan döwletimiziň medeniýet ulgamyny ösdürmek boýunça Döwlet Maksatnamasyna laýyklykda alnyp barylýan işler bu ugurda uly üstünlikleri gazanmaga gönükdirilendir. Ýurdumyzyň medeni ulgamyny giňeltmek, medeni hyzmatlaryň hilini has hem gowulandyrmak, täze muzeýleri, medeniýet merkezlerini, medeniýet öýlerini we kitaphanalary gurmak, bar bolanlarynyň durkuny täzelemek hem-de olary tehnologiýanyň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrmak ýaly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagta ýurdumyzda 11 sany döwlet teatrlary, 31 sany muzeýler işleýär. Welaýatlarda 667-den gowrak medeniýet öýleri halka hyzmat edýär. Ýurtda medeni guramaçylyk işlerine ýardam bermek maksady bilen yörite toparlar döredildi we ol toparlar medeni guramalar bilen sazlaşykly işler alyp barýarlar . Toparlar welaýatlara we etraplara saparlary gurnap, medeni ulgamdaky işleri seljerýärler. Olar her ýerlerde gürrüňdeşlik işlerini gurnap, medeni ulgama degişli degerli maslahatlary we kömekleri berýärler. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde medeni we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan medeni çäreler, aýdym-sazly çykyşlar yzygiderli geçirilip durulýar. Esasan hem, tamamlanyp barýan “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylymyz” medeni çärelere, toýdur-baýramlara baý boldy. Adyndan hem belli bolşy ýaly, ýylyň dowamynda ýurdumyzyň medeni ulgamynda uly-uly üstünlikler gazanyldy. Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli syýasaty, taýsyz tagallalary netijesinde türkmen medeniýeti galkynýar, dünýä äşgär bolýar. Milli buýsanjymyz, milli baýlygymyz bolan atçylyk, halyçylyk pudaklary bilen bir hatarda, milli medeniýetimize degişli bolan beýleki pudaklarda hem uly ösüşleri gazanmaga giň ýol açyldy we ýurduň medeniýet ulgamynda ýetilýän sepgitler, gazanylýan üstünlikler giň gerime eýe bolýar. Hormatly Arkadagymyzyň türkmen milli medeniýetimizi halkymyza gaýtaryp bermekde, ony ösdürmekde we äleme äşgär etmekde alyp barýan beýik işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn. Goý, Milli Liderimiziň jany-sag, başy belent bolsun, tutýan tutumly işleri hemişe üstünliklere beslensin!

                                                                    Ogulumyt Hümmedowa,
                                                                 Halkara ynsanperwer ylymlary we          
                                                                 ösüş uniwersitetiniň talyby

http://www.turkmenhabargullugy.com/

http://www.turkmenistan.gov.tm/