Mineral baylyklar
Mineral baýlyklary. Adam has irki döwürlerden bäri mineral çig mallaryň dürli görnüşlerini giňden peýdalanypdyr.
Döwletleriň köpüsi tarapyndan tebigy baýlyk tygşytlaýjy syýasatyň geçirilýändigine garamazdan, mineral çig mallaryna bolan isleg ýylsaýyn artýar ( ýylda 5%). Bu meýil birinjiden, ösýän ýurtlarda ýagny Aziýada, Afrikada, Latyn Amerikasynda çig mallara bolan islegiň artmagy, ikinjiden, senagata garanyňda materiallary tygşytlamak ýagdaýy çylşyrymly bolan gurluşyk işleriniň çalt ösmegi bilen düşündirilýär. Geçen XX asyryň ikinji ýarymynda mineral baýlyklary peýdalanmagyň möçberleri örän artdy. Diňe 1950-nji ýyldan bäri gazma baýlyklary çykarmagyň möçberi üç esse ýokarlandy. XX asyrda gazylyp
ýyldan soň çykaryldy. Şu gün mineral çig maly sarp etmegiň ösüşi onuň ýüze çykarylan gorlarynyň ösüşinden has ýokarydyr. Her ýylda Ỳeriň jümmüşinden 100 mlrd tonna golaý dürli mineral çig mallary we ýangyç gazylyp alynýar. Olar gara we reňkli metal magdanlary, nebit,gaz, gurluşyk materiallaryhemmesi 200-den gowrak dürli görnüşlerdir. Siziň fiziki geografiýa derslerinden bilşiňiz ýaly, gazma baýlyklarynyň häzirki ýerleşişi - Ỳeriň uzak taryhy döwürde geologiki ösüşiniň netijesidir. Litosferanyň dürli ýerlerinde ýataklaryň belli bir toparynyň jemlenen uly territoriýalary ýüze çykypdyr. Şunlukda, organiki gelip çykyşly ýangyç baýlyklary gadymy platformalaryň çet gyralaryna we bükülme sebitlerine ýygnanypdyr, magdan baýlyklary bolsa, köplenç platformalaryň döwülmeleriniň çäginde we Ỳer gabygynyň hereketli-epinli sebitlerinde gabat gelýär. Tektoniki hadysalar netijesinde dörän magdan ýataklarynyň köp toplanmagyny magdan guşaklygy diýip atlandyrylýar. Olara Alp-Gimalaý, Ỳuwaş okean we beýleki magdan guşaklyklary degişlidir. Mineral baýlyklaryň esasy toparlaryna ýangyç baýlyklary degişlidir. Nebit, tebigy gaz we kömür gazylyp alynýan ýangyjyň esasy görnüşleridir. Olaryň gorlary Ýer şary boýunça birmeňzeş ýaýran däldir. Nebitiň baý gorlary Ýakyn Gündogar ýurtlarynda (Pars aýlagynyň sebiti ), Russiýanyň çägindäki Günbatar Sibir pesliginiň demirgazygynda, Hazar deňiz sebitinde, Demirgazyk Afrikada, Günbatar Afrikadaky Gwineýa aýlagynda, Meksika aýlagynda we Karib deňiz basseýninde, Alýaska ýarym adasynda, Hytaýyň we Hindistanyň kenar sebitlerinde jemlenendir. Russiýanyň demirgazygynda, Günbatar Ýewropa ýanaşýan Demirgazyk deňzinde, Pars aýlagynyň ýurtlarynda, Demirgazyk Afrikadaky Alžirde we Tunisde, Liwiýada, Merkezi Aziýadaky Türkmenistanda we Özbegistanda, ABŞ-nyň we
Kanadanyň çäklerinde tebigy gazyň uly känleri ýerleşýär. Daş kömriň uly ätiýaçlyklary Russiýada, Hytaýda, Hindistanda, Awstraliýada, ABŞ-da we Günbatar Ýewropada bar . Magdan baýlyklary häzirki zaman dünýäsinde örän uly ähmiýete eýedir, sebäbi metallar (ozaly bilen demir) öwezini tutup bolmaýan konstruksion material bolmagynda galýar. Maddy önümçiligiň dürli pudaklaryndan başga-da, olar durmuşda, saglygy goraýyş ulgamynda we ş.m giňden peýdalanylýar. Magdan gorlarynyň bolmagy islendik döwlet üçin ykdysady ösüşiň esasy aýratynlygydyr. Adamzadyň geçmişdäki, häzirki we geljekki durmuşy demir bilen has jebis baglanyşyklydyr. Demir magdanynyň öňden peýdalanylýan uly gorlary ABŞ-da, HHR-da, Hindistanda, Awstraliýada, Russiýada jemlenendir. Soňky onýyllyklarda geçirilen geologiýa-gözleg işleri Aziýa, Afrika, Latyn Amerikasy ýurtlarynda köp sanly känleriň açylmagyna getirdi. Olara Braziliýada Amazonka basseýniniň demir magdanlary, Liberiýadaky, Gwineýadaky, Alžirdäki we baş. magdan känleri degişlidir.
Dünýäniň mineral çig-mal ätiýaçlyklary Mineral çig-mal Barlanan ätiýaçlyklary, mln t Mineral çig-mal Barlanan ätiýaçlyklary, mln t Demir magdany 230 000 Gurşun 130 Boksitler 28 000 Nikel 110 Hromitler 6 700 Tantal 35 Marganes 4 900 Wanadiý 27 Niobiý 4 200 Kobalt 8,8 Titan 595 Kümüş 0,42 Mis 590 Altyn 0,06
Sink 330 Platina toparynyň metallary 0,066 Reňkli metallardan alýuminiý has giňden ýaýrandyr. Ỳer gabygynda onuň mukdary 10%-e ýakyndyr. Alýuminiý çig malynyň (boksitler we baş.) uly gorlary Russiýada, Fransiýada, Italiýada, Hindistanda, Surinamda, ABŞ-da, Günbatar Afrikada, Karib deňiz basseýniniň ýurtlarynda ýerleşýär. Mis magdanynyň esasy baýlyklary Zambiýada, Zairde, Çilide, ABŞ-da, Kanadada, gurşun-sink magdanlary – ABŞ-da, Kanadada, Awstraliýada jemlenendir. Dünýaniň senagat taýdan ösen döwletleriň aglabasy özüne gerek bolan mukdardaky metal magdanlary bilen ýeterlik derejede üpjün däldir we olary daşyndan getirmäge mätäçdir. Meselem, Ỳaponiýada magdan baýlyklarynyň senagat gorlary ujypsyzdyr. Germaniýa demir magdanynyň, Italiýa-mis magdanynyň, Fransiýa-polimetal magdanlarynyň we ş.m. ýetmezçilik etmeginden kösenýär. Şol bir wagtyň özünde gara we reňkli metallurgiýanyň kartasyny ünsli öwrenmek, magdanlaryň esasy görnüşleriniň gorlary we gazylyp alnyşy boýunça öňdebaryjy orny ösýän döwletleriň: Braziliýa we Hindistan- demir magdany; Çili, Zambiýa, Zair, Peru, Meksika- mis; Gwineýa, Ỳamaýka, Surinam – boksitler; Gabon-marganes; Malaýziýa, Indoneziýa, Boliwiýa, Braziliýa, Tailand – galaýy we ş.m. eýeleýändigini görkezýär. Häzirki zaman dünýäsinde gazylyp alynýan baýlyklaryň arasynda mineral himiýa çig mallary - kükürt, fosfatlar, kaliý duzlary, gurluşyk materiallary, oda çydamly çig mal, grafit we beýlekiler hem möhüm orun eýeleýärler. Bu baýlyklaryň Ỳer gabygynda ýaýraýyş derejesi hem örän dürlidir. Meselem, gurluşyk materiallary hemme ýerde diýen ýaly gabat gelýär, kükürdiň, fosforitleriň, grafidiň känleri bolsa seýregräk duşýar.
Bu ýagdaý, bir tarapdan gurluşyk ulgamyny her bir döwletde döretmäge mümkinçilik berýär, beýleki tarapdan – döwletleriň hojalyk ýöriteleşişinde öz yzyny goýýar. Çig malyň gazylyp alynşynyň we peýdalanylyşynyň geografiýasy, şeýle hem dünýä bazarynda olaryň nyrhlarynyň üýtgäp durmagy, ýurtlaryň durmuş-ykdysady ýagdaýyna düýpli täsir edýär. Gazylyp alynýan baýlyklaryň täze känlerini tapmak boýunça geçirilýän gözleg-barlag işlerinden başga-da, dünýäde baýlyk üpjünligini gowulandyrmagyň geljegi uly ugurlarynyň biri, olary gaýtadan ulanmak (metallar), şeýle-de başga materiallar bilen öwezini tutmak (plastmassa, keramika) we ş.m. bolup durýar. Köplenç mineral baýlyklaryň gazylyp alynmagynyň çenden aşa artdyrylmagy ekologiki meseleleriň ýitileşmegine getirýär. Şonuň üçin mineral-çig mal baýlyklary kompleksleýin (köptaraplaýyn) we rejeli ulanmak ykdysady syýasatyň iň bir esasy ugurlaryň biri bolup durýar.