Model aýdymçylar topary

Model Türk rok-aýdymçylar toparlarynyň biridir. Bu topar 2005-nji ýylda «A due Carmen» ady bilen tanalypdyr. 2008-nji ýylda «Model» adyny göterip başlaýar[1]. 2005-nji ýylda Okan Yşyk (gitaraçy), Aşkyn Çolak (perkusiýon) we Jan Temiz (bas-gitaraçy) tarapyndan «A due Carmen» ady bilen tanaldylar. 2007-nji ýylda wokal toparyna Patma Turgut gitarada bilsa Serkan Gürüzümçü goşuldy. Ilkinji albomy bolan Perili Sirk, GNL baştutanlygynda 2009-njy ýylda piýasa girdi. «Model» topary 2010-njy ýylda Efes Pilseniň «Köçede durmuş bar (Sokakta hayat var)» aýdymy diňleýji köpçüligine çykardy. Şol ýylyň 25-nji sentýabrda Antalýada gurnalan «Efes Pilsen One Love» festiwalynda özüniň ornuny eýeledi[2]. Ikinji albomy 2011-nji ýylyň ýanwar aýynda Demir Demirhanyň önümi bilen «Beýleki tymsallar (Diğer masallar)» ady bilen tanaldy[3]. Topar bu döwrüň içinde AFM Herbalife, Algida, Sinpaş ýaly markalar üçin köpçülikleýin işleşdiler. «Beýleki tymsallar» albomynda ýaýynlanan «Buzdan Şato» «Pembe mazarlyk», «Degmesin ellerimiz» we «Bir melek vardı» aýdymlary tomaşyçylaryň göwnünden turdy. 2012-nji ýylyň dekabr aýynda Modelden aýrylan Aşkyn Çolakyň ýerine Kerem Sedef geldi. Kerem «Model» gatnaşyjylary bilen işleşip başlady. Üçünji albomlary bolsa «Leýlanyň hekaýasy (Levlanın hikayesi)» 2013-nji ýylyň noýabr aýynyň soňky hepdelerinde GNL entertainment gatnaşmagynda piýasa girizildi[4]. Model topary häzirki wagta çenli 3 sany albomlary bilen tanalyp gelýärler. Stambul Live, Jolly Joker, Bronx Pi sahnasynda we beýleki festiwallarda tanalmaga başlady.

Albomlary

Perili Sirk (2009) Beýleki ertekiler (2011) Lewlanyň hekaýaty (2013)

Resmi internet sahypasy düzet

Twitter'da Model (müzik grubu)

Facebook'ta Model (müzik grubu)

YouTube'da Model (müzik grubu)

Çeşme düzet

[1] a b c d e f g h i www.modelband.com

[2] www.facebook.com/modelband/info

[3] a b c d Senem Aydın (17 Aralık 2011). "BU ‘MODEL’ TUTTU" . Milliyet gazetesi. Erişim tarihi: 5 Ocak 2012.

[4] www.dr.com.tr/muzik/levlanin-hikayesi/model/yerli-albumler/turkce-rock/urunno=0000000569656