Mollagara şypahanasy
Mollagara şypahanasy - Balkanabat şäheriniň 30 kilometr günbatarynda ýerleşýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde bu şypahana tanalmaz derejede ösdürildi we häzirkizaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edildi. Şypahananyň esasy bejeriş serişdeleri Mollagara kölüniň laýy we dyzly suwudyr. Bu kölüň gara gyrmançaly palçygyna we duzly suwuna deň gelip biljek Ukrainanyň Saki şypahanasynyň palçygy hem-de Ysraýyl döwletindäki öli köldür. Kölüň bir litr suwunda 300-350 milligram mineral duzlar bar. Häzirki wagtda şypahanada bütin ýylyň dowamynda guragyry, newrologik, ginekologik, şikesli soňky ýagdaýlar, önelgesizlik ýaly keseller bejerilýär. Bu ýerde suwasty owkalamak arkaly bejergi, bedenterbiýe, ultrases barlag, kliniki we biohimiki otaglar bar. Laý, duzly suw wannasy, elektrikleşdirilen palçygy we yşyk bilen bejeriş gezekleşdirme usuly, sagaldyş maşklary owkalamak arkaly yzygiderli ulanylýar. Soňky iki ýylyň içinde agyz boşlugynyň oplikasiýasy, ýüzüň maskasy, ýüzärlik hem-de hwoý wannasy näsaglara hyzmat edýär. Şypahanada 1998-nji ýylda açylan bil-oňurga bölümide bar. Bu bölüm Merkezi Aziýada ýeke-täk bölüm bolup, agyr bil-oňurga şikesli näsaglara bejergi geçirmäge ähli şertler döredilendir. Şeýle hem şypahanada 1994-nji ýyldan bäri önelgesizligi bejermekde peýdalanylýan enjam bejeriş usulynyň hataryna girizilen. Bu bejergileriň esasynda perzentden umydyny üzenleriň 50-60 göterimi haýyr tapyp gidýärler. Ekologiki taýdan arassa howaly şypahananyň 400 metrlik saglyk ýoly bolsa, saglyklaryny dikeldýän adamlara has-da oňaýly täsir edýär.
Edebiýat
düzet- "Diýar" žurnaly. Aşgabat. 2015. №2. S.20-21