Mugallymyň hünär-pedagogik ussatlygyny gazanmagynyň nazary we usuly esaslary

Öçür!

Şol sahypa öçürilmeli. Wikipediýa üçin gowy däl bolsa sebäbini aýdyň.
Sebäp Out of project scope

Mugallymyň hünär-pedagogik ussatlygyny gazanmagynyň nazary we usuly esaslary

Okuwçylaryň okuwa bolan höwesini artdyrmaga, bilimleri bahalandyrmaga, dogry aragatnaşygy ýola goýmaga bildirilýän talaplar okuw­terbiýeçilik işleriniň netijeliligini artdyrmak bilen baglanyşyklydyr. Mugallym sapagyň meýilnamasyny düzende, ýüze çykýan kemçilikler sapagyň mazmun üpjünçiligini doly amala aşyrmak nukdaýnazaryndan işlenilmelidir. Sapagyň maksady we wezipesi okuw­terbiýeçilik ýörelgesini kesgitleýjidir. Çagalaryň ýörite taýýarlanyp bilmezligi, öý işini soranda goýberilýän ýalňyşlyklar mugallymyň üns bermeli taraplarydyr. Görkezme esbaplary ulanmazlyk okatmagyň usulynda kemçilikleri emele getirer. Şu ýagdaý okuwçylara hödürlenýän barlag we ýazuw işleriniň öňünden oýlanyşykly düzülmezligi netijesinde ýüze çykýar. Okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmakda daşky keşbine, özüni alyp barşyna şeýle­de, bahany düzetmek ýaly abraýa çapraz gelýän ýagdaýlar aradan aýrylmaly. Okuwçy bilen ýüzbe­ýüz durup gepleşmekden gaça durmak, käbir halatlarda çendenaşa köp geplemek özüňi alyp barmak kadalary berjaý etmek bilen baglanyşyklydyr. Mugallym – mugallym, mugallym – ata­ene, mugallym – okuwçy we okuwçy – okuwçy aragatnaşygy pedagogika­psihologiýa düşünjelerine esaslanan ara gatnaşygy talap edýär. Ähli zat – bilimlilik, tertip­düzgün, ylmyň belentliklerine aralaşmak, zehinleriň, ukyplaryň gülläp ösmegi we beýleki ösüşler, üstünlikler mugallymdan başlanýar. Mugallymlary taýýarlamak, olaryň hünär­pedagogik bilimde rejesini yzygider ýokarlandyrmak bilen kämillige, ussatlyga, pedagogik döredijilige ýetirmek jemgyýetiň durmuşy meseleleriniň biridir. Türkmenistanyň, türkmen halkynyň geljekde nähili derejede boljakdygy, onuň ylmy­tehniki, ykdysa dy­syýasy, durmuşy­medeni taýdan ösüşi häzirki ösüp kemala gelýän, hem­de geljekki nesliň bilimine we terbiýesine köp derejede bag lydyr. Şu nukdaýnazardan şu günlerde­de, geljekde­de mugallym kadrlaryny taýýarlamak, olaryň hünärini ýokarlandyrmak jemgyýetiň ösüşiniň islendik basgançagynda esasy orun tutýar. Jemgyýetiň şahsyýete, mugallymyň hünär işine goýýan talaplarynyň we hünär­pedagogik ussatlygy kämilleşdirmegiň mümkinçilikleriniň arasyndaky dialektiki gapma­garşylygy, okatmagyň mazmunyny we görnüşlerini saýlamagy nazary taýdan esaslandyrmak ýoly bilen çözmek mümkin. Mugallymyň hünär­pedagogik ussatlygyny kämilleşdirmekde mekdepde we mekdebara, etrap boýunça geçirilýän usuly birleşmelere esasy üns berilse maksada laýyk bolar.



Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň “Psihologiýa-pedagogika bilimi” taýýarlyk ugrunyň magistranty Yhlas Begmekow