Mugallymyň hünär kämilligi – üstünlikli bilim bermegiň esasy şerti

Öçür!

Şol sahypa öçürilmeli. Wikipediýa üçin gowy däl bolsa sebäbini aýdyň.
Sebäp Out of project scope

Mugallymyň hünär ussatlygynyň esasy hasaplanýan ýagdaýlardan ugur alnanda pedagogik ussatlygyň düzümi aşakdakylardan ybaratdyr: 1. Pedagogik medeniýet (etika). 2. Pedagogik iş usuly (tär­tehnika). Pedagogik iş usul (tär­tehnika) – bu mugallymyň amala aşyrýan dürli iş usullarydyr. Onuň düzüjileri: 1) mugallymyň dolandyryş başarnygyndan (özüni alyp barşy bilen hem baglanyşykly); 2) mugallymyň şahsyýete täsir edip biliş başarnygyndan ybaratdyr. Pedagogik ussatlygyň düýp manysyna düşünmeklige şahsyýet­iş nukdaýnazaryndan çemeleşilende biz şahsyýet häsiýetiniň bitewiliginden ugur alýarys hem­de oňa ýokary hünärmençilik işi guramagy üpjün edýän ýokary dereje hökmünde garaýarys. Şeýle möhüm häsiýetleri bolsa mugallymyň işiniň ynsanperwerlik ugrukmasy, hünärmençilik bilimleri, pedagogik ukyplary we pedagogik tärleri (tehnika) ýaly sypatlarynda we iş usullarynda görýäris. Olar ussatlygyň düzüm bölekleri bolup durýarlar. Bu kesgitlemäniň esasy ýagdaýlary: a) pedagogik ussatlyk – bu şahsyýet düzüminde özüniň guraýan ulgamy; b) hünärlilik – ussatlygyň düýbi (özeni), oňa çuňlugy berýän herekete, işe akyl ýetirip, ony berjaý etmek hünär bilimleri ulanarlygy; ç) pedagogik ukyp ussatlygy – oýandyryjy – onuň kämilleşmesiniň çaltlygyny (tizligini) üpjün ediji. Pedagogik ussatlygyň düzümi: Mugallym şahsyýetiniň ynsanperwerlik ugrukmasy. Her mugallymyň şahsyýetiniň pedagogik gönükmesi köptaraplydyr. Onuň düzüjileri, ugrukdyryjy gymmatlygy aşakdakylardan ybaratdyr: 1. Öz üstüňe käbir häsiýetleri almak – öz­özüňi tassyklamak. 2. Pedagogik täsiriň serişdeleri. 3. Mekdep okuwçysy, çaga topary. 4. Mugallymçylyk işiň maksatlary – ynsanperwerlik meýilnama (strategiýa) iş serişdeleri we işiň täsirini kabul edijiniň döredijilikli özgertmeleri. Hünärlilik bilimler - mugallymçylyk bilimleriň utgaşmasy toplum, şahsy öwüşgini. Pedagogik aňyýetiň ýörelgeleri we düzgünleri (her bir hereketde we işde) üpjünçiligi nazara alynýar. Ylmy bilimleriň derejeleri, kanunalaýyklygyň nazaryýeti bu babatda seredilmeli meselelerdir. Olara bagly pikirlenme, geçirilýän seljerme, saýlama işiň hilini nazara alýar. Mugallymçylyk ussatlygy ele almagyň tizligi (çaltlygy) ýaly netijeli işlenilmelere esaslanýar.


Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň “Psihologiýa-pedagogika bilimi” taýýarlyk ugrunyň magistranty Yhlas Begmekow