Muguthor gurçuklar
Mugthor gurçuklar ýa- da ylmy dil bilen aýdanymyzda gelmintler – adamyň bedenine ornaşyp, onda dürli gurçuk kesellerini – gelmintozlary döretmäge ukyply ýönekeý gurçuklaryň uly toparydyr. Olar adamzadyň saglygyna howp salýan musallatdyr. Göräýmäge arassaçylyk şertlerini berjaý edýänlere gurçuk ýolukmajak ýaly, emma öýde arassaçylyk kadalary doly saklansa-da, köpçülik ýerlerinde dürli ýollar bilen bu kesel ýokuşyp bilýändir. Gelmintleriň ýaýramagy ilki bilen howa şertlerine, soňra bolsa ýerlerdäki durmuş-ykdysady ýagdaýa baglydyr. Hemmetaraplaýyn ösen ýurtlarda gelmintoza ýolukmagyň derejesi yzagalak tropiki we subtropiki guşaklykdaka ýurtlara garanyňda mes- mälim pesdir. Ýer ýüzünde adamyň bedenine şikes ýetirmäge ukyply gurçuklaryň 400-den hem köpräk görnüşi bardyr. Olar öz arasynda üç topara bölünýärler: togalak gurçuklar, lenta şekilli gurçuklar we gansorujylar. Ýokuşmagyň ýoluna görä bolsa olar: Biogelmintlere (ösüş tapgyry haýwanyň bedeninde geçip, şolardan adama ýokuşan gurçuklar); Geogelmintler (gurçuklaryň ýumurtgalary toprakda ösüp ýetişen); Kontagelmintlere (keselli adamdan geçen gurçuklara) bölünýär. Adam gurçuklary ýaýradyjy ýa-da olaryň ahyrky eýesi bolup biler. Keseliň ösmegi we bedeniň şikeslenmegi mugthor gurçuklaryň adamyň bedenine ýokuşmagynyň ýoluna, olaryň sanyna we bedendäki uýgunlaşmasyna baglydyr. Gurçuklaryň liçinka (ýaş gurçuklar) görnüşi hem, doly ösüşi geçen görnüşleri hem adamyň bedenine uly zyýan ýetirýändir. Uly gelmintler adatça bedeniň belli bir ýerine ornaşýar, emma liçinka beden agzalarynyň içinde çylşyrymly hereketleri ýerine ýetirip, agzanyň üýtgemegine getirip biler. Beden agzalarynyň içinde garyn-içege ýollary mugthor gurçuklaryň mesgeni bolup, olaryň her bir görnüşi özi üçin onuň belli ýerlerini saýlap alýar. Mysal üçin togalak gurçuklar (askaridler) – inçe içegäniň başynda, kiçi soguljan (ostrisa) – inçe içegäniň ahyrynda we ýogyn içegäniň başynda, uly soguljan (wlasoglaw) – ýogyn içegäniň başynda ýaşaýar. Gurçuk keseli adamyň bedeniniň hemme agzalaryny we dokumalaryny şikeslendirip bilýär. Onuň ähli görnüşleri bedendäki bar bolan keselleriň geçişini agyrlaşdyrýar. Görnüşine baglylykda şu aşakdaky gurçuk keselleri has ýygy duş gelýär: Askaridoz; Trihosefalez; Trihinellýoz; Trematodoz; Enterobioz; Ankilostomidoz. Gurçuk keseliniň alamatlary Gelmintoz keseli adatça iki tapgyrlaýyn geçýär: ýiti döwri – 2-3 hepdeden 2 aýa çenli we dowamly döwri – birnäçe aýdan ençeme ýyla çenli dowam edip biler. Ýiti döwri mugthorlaryň bedene geçip, onuň içinde ornaşyp başlamagy bilen gabat gelip, esasy ýat antigenlere garşy immunitetiň allergiki görnüşde ýüze çykýan jogaby bilen häsiýetlendirilýär. Gelmintozyň bu döwrüniň alamatlary mugthor gurçuklaryň bedene geçiş ýoluna garamazdan birmeňzeşdir. Emma dowamly tapgyrynyň alamatlary köp dürlüligi bilen tapawutlanýar. Gurçuklaryň ýerleşýän ýerine, sanyna, alyp barýan işine görä, dürli beden agzalaryň we ulgamlarynyň işinde bozulmalar peýda bolýar. Bedende maddalaryň çalşygyna ýaramaz täsir edip, mugthorlar özüne gerekli maddalary kabul edýärler we iýmit siňdirişiň bozulmagyna, witaminleriň, beloklaryň, ýaglaryň, uglewodlaryň, mineral maddalaryň bedende özleşmegini bozýarlar. Gelmintozyň ilkinji alamatlary 2-3 günden (askaridozda), 1,5 ýyla çenli (filýariozda) ýüze çykýar. Bu döwür köplenç 2-3 hepdäniň içinde bolup geçýär. Keseliň başynda deride örgün peýda bolýar, limfa düwünleriň, bagryň we dalagyň ulalmagy, beden etinde we bogunlarda agyry peýda bolýar. Gelmintozlaryň käbirine özboluşly alamatlar: opistorhoza (bagyr soruja) sary getirme, trihinellez üçin bolsa gyzdyrma, beden etinde agyry, ýüzüniň we gabaklarynyň çişmegi mahsusdyr. Gurçuk keseliniň dowamly döwründe, eger-de ol uly göwrümli, mysal üçin inli lentes, askarid bolaýmasa, bedene düşen ýeke-täk gurçuklar onda hiç bir alamatlary ýüze çykarman ýaşap bilýär. Ýöne bedene düşen köp sanly gurçuklar iýmit siňdirişi bozýarlar ( ýürek bulanma, garnyň çişmegi we agyrmagy, iç geçme ýüze çykýar) we käbir özboluşly häsiýetleri ýüze çykarýarlar. Gurçuk keseliniň ähli görnüşleri hem howply gaýraüzülmelere getirip bilýändir. Mysal üçin, askaridler içegä dykylýar, adamda ýürek bulanma we gaýtarma ýüze çykýar. Şonda olar gaýtarylan iýmit bilen adamyň agzyndan çykyp bilýär. Kähalatlarda lukman eli bilen basyp barlag geçirende, gurçuk ýumagynyň (esasan uly ölçegli gurçuklarda) bardygyny anyklap biler. Askaridler dem alyş ýollaryna düşende, bogulma ýüze çykýar. Içege geçirijiliginiň bozulmagy, onuň diwarlarynyň deşilmegi seýrek duş gelýän, ýöne örän howply gaýraüzülmeleriň biridir. Şeýle agyr ýagdaýlaryň öňüni almak üçin irki anyklaýyş çärelerini geçirmek örän ähmiýetlidir. Bu çäreler gakylykda we ganda gurçuklaryň ýumurtgajyklaryny ýa-da antitela (bedene del maddalar düşende, olaryň zyýanly täsirini ýok etmek üçin işlenip çykýan öýjükler) öýjüklerini ýüze çykarmaga gönükdirilendir. Giçki anyklaýyş çärelerinde gurçuklaryň ýumurtgalary täretiň düzüminde ýüze çykarylýandyr. Gurçuk keseliniň bejergisi Häzirki döwre çenli gurçuklar bilen bagly meseleleriň köpüsi anyklanyldy. Mugthor gurçuklardan saplanmak üçin gelmintlere garşy, hersiniň özüne mahsus derman serişdeleri ulanylýar. Olar üýtgeşik köp dürliligi bilen tapawutlanmasa-da, ençeme ýokary netijeli serişdeleri öz içine alýar. Mysal üçin, degelmintizasiýa - gurçuklary ýok etmek çäresini geçirmek üçin mebendazol (wermoks, antioks), pepiraziniň adipinaty (adipalit, antepar, wermikompreý, gelmirazin), pirantel pamoaty (antimint, kombantrin, strongid) serişdeleri bellenilýär. Enterobiozy we askaridozy bejermek üçin pirantel, mebendazol, albendazol, karbendasim ýaly dermanlar ulanylsa, lenta şekilli gurçuklary bejermek üçin prazikwantel ulanylýar. Köp ýagdaýda, gelmintozy bejermek üçin derman serişdesini bir gezek ulanmak ýeterlikdir, ýöne käwagt bellenilen tertip boýunça birnäçe günden gaýtalap ulanmak hem maslahat berilýär. Gynansagam, ehinokokkozy we alweokokkozy bejermegiň netijeli, şol kesele mahsus usuly entäk tapylanok. Şol sebäpli, bu ýagdaýlar ýüze çykanda, mugthor gurçugyň bedene ýetiren zyýanyna görä bejergi bellenilip, esasan hirurgiki bejergi geçirmeklige ýykgyn edilýändir. Gelmintlere garşy dürli-dürli derman serişdeleriniň barlygyna garamazdan, olaryň zyýanly taraplary barada unutmaly däldir. Gurçuklaryň hüjüm etmegi zerarly gowşan bedene güýçli dermanlar hem zyýanly täsirini ýetirmegi ahmal. Halk lukmançylygynda gurçuk keselini bejermegiň usullary Halk lukmançylygynda gurçuk keselinden saplanmak üçin ony aýyrmaga ukyply, iç geçiriji derman otlaryny ulanýarlar. Bu serişdeler dermanlara garanda, ýumşak täsir edip, has howpsuz hasaplanýar. Ajy ýowşan, pižma (çylşyrymly gülli ot ösümligi), kädi çigidi, kruşina agajynyň gabygy, şeýle hem ajy burç, sarymsak, grek hozy, sogan, nar ýaly ösümlikler giňden ulanylýar. Ajy burç Ululara (lukmanyň görkezmesi bilen) ajy burç iýmek maslahat berilýär. Belli bir keseller zerarly burç iýmek zyýanly bolsa, onda käşir iýmek we käşiriň şiresini içmek bolar. Süýt bilen sarymsak Bir bulgur süýtde bir tokga sarymsagy gaýnatmaly. Süýdi süzüp, sowatmaly we ony klizma (artbujakdan göýberme) edip gije ýatmazdan öň ulanmaly. Ulular üçin 1 bulgur, çagalar üçin bolsa 70-100 ml ýeterlikdir. Bu emi bir hepdäniň dowamynda gaýtalamaly. Grek hozunyň demlemesi Owradylan ýaş grek hozundan 4 nahar çemçesiniň üstüne biraz duzlanan gaýnag suw guýmaly. Ýarym sagat basyryp goýmaly we ony içiňi sürüji serişde bilen utgaşdyryp, günüň dowamynda içmeli. Ajy ýowşanyň demlemesi Guradylan ajy ýowşanyň bir nahar çemçesiniň üstüne iki bulgur gaýnag suw guýup, bir sagat basyryp goýmaly. Soňra sowadyp süzmeli we bir-iki nahar çemçeden günde 3 gezek içmeli. Kädi çigidi we ajy ýowşan Kädi çigidini we ajy ýowşanyň ýapraklaryny deň mukdarda owradylan görnüşinde çüýşä salmaly (1/3 bölegi), üstüni arak bilen doldurmaly. Çüýşäni 7 gün ýyly ýerde saklamaly. Soňra 50 ml günortanlykdan we agşamlykdan 1,5 sagat öň içmeli. Bu emi birnäçe hepde gaýtalamaly. Gurçuk keseliniň öňüni almak Gurçuk keseliniň döremegine, esasan, immunitetiň gowşaklygy we hapaçylyk sebäp bolýar. Bu kesele duçar bolmaz ýaly, witaminleri we mikroelementleri köpräk kabul etmeli diýýänler hem bar. Elbetde, adamyň bedeni üçin olaryň peýdasy uludyr. Ýöne bedeni gurçuklardan saplamazdan, witaminlerdir mikroelementleri iýmek – olary iýmitlendirmekdir. Gelmintoz keseline uçramazlyk üçin arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek zerurdyr. Bu kesele "hapa elleriň" keseli diýip, ýöne ýere aýdylýan däldir. Elleriňizi mydama, esasanam nahardan öň we soň sabyn bilen ýuwmagy unutmaň. Ir-iýmişleri oňat ýuwup iýiň. Hapa suwa düşünmek onuň içindäki gurçuklaryň deri üsti bilen bedene ýokuşmagyna getirýär. Eti we balygy mazaly bişirip iýiň. Mugthor gurçuklardan goranmagyň kadalaryny bir öýde ýaşaýan maşgala agzalarynyň ählisi doly berjaý etmelidir. Sebäbi olar bir aşhanada iýmitlenip, hojalyk enjamlaryny bile ulanýandygyny, hemme otagda bolup, ondaky goşlary bile ulanýandyklaryny unutmaly däl. Adam mugthor gurçugyň göterijisi bolmak bilen çäklenmän, käbir ýagdaýlarda ony ýaýradyjy hem bolýandyr. Öz saglygyňyza wagtynda üns berip, gurçuklar ýaly mugthorlaryň oňa şikes ýetirmezligini gazanmagyň ugrunda göreşiň. Gurçuklar siziň bedeniňizde "hojaýynlyk" etmez ýaly, arassaçylyk düzgünlerini berjaý ediň, immunitetiňiziň berkligini gazanjak boluň.