Muhammet Gaýmaz Türkmen
Muhammet Gaýmaz Türkmen «Pygamber tebipçiligi» atly ylmy kitabynda dermanlar we iýmitler hakynda ýazýar. Alym dermanlary we iýmitleri yslary boýunça tanamaklygy, olaryň düzümlerini, täsirlerini düşündirýär. Ol çylşyrymly (düzümi çylşyrymly bolan) dermanlara tirýek ýaly ýasama ýa-da süýt ýaly tebigy dermanlar degişlidir diýip nygtaýar. Çünki süýdüň düzüminde suw, ýag we gaýmak bar. Dermanyň ysy ýiti bolsa, ol onuň gyzgyn dermanlara, yssyz bolsa sowuk dermanlara, ysy kadaly bolsa, orta hilli dermanlara degişlidigini nygtap, dermanlaryň ýagdaýyny şeýle bilip bolýanlygyny düşündirýär.
Allatagala «Ýeri bolsa ýaýbaň, giň etdik hem-de onda (ösümlikdir, miweler- den) her dürli gözel jübütleri öndürip-ösdürdik. Biz muny Perwerdigärine dolanjak her bendä görkezme we ýatlama bolsun diýip şeýle etdik» etdik» diýýär (Kaf süre- si, 7–8 aýatlar).
– Her bir musulmanyň mümkin boldugyça Hudaýa ýakynlaşmasy wajypdyr. Ähli başarnygyny Allanyň buýruklaryny we tagallalaryny bilmäge sarp etmelidir. Tagamlara boýun sunup, gadaganlyklardan çetleşensoň, ýollaryň peýdalysyny we Hudaýa ýakynlaşmagyň has şowlusyny tapmalydyr. Çünki ol zatlaryň peýdasy her bir ynsanyň öz saglygyny goramalydygyna, dert-keselleri bejermelidigine alyp barýar. Saglyk – şerigat dileglerinde we ybadatlarynda talap edilen emr–buýrukdyr.
Muhammet Gaýmaz Türkmeniň düwünçegiň ösüşi barada berýän maglumatlary örän ünsi özüne çekijidir. Ol başda «Möminler» süresiniň 12-14 aýatlaryny mysal getirýär: «Biz ynsany palçygyň arassasyndan ýaratdyk. Soňra ony mäkäm karargähde damja-tohum etdik. Bu damjadan lagta gan, ondan bir parça et ýaratdyk. Bu parça etden süňkleri ýaradyp, süňklere et gapladyk». Mäkäm karargäh diýýäni goragly ýer bolan ýatgydyr. Ibn Mesgut Muhammet Pygamberiň hadysyny getirip:«40 günläp damjasyňyz, 40 günläp lagta gana öwrülersiňiz, ýene 40 günläp bir parça ete öwrülersiňiz» diýýär. 4 aýda jan berilýär, hereketlenip başlaýar. 180 günlük çaga ýaşamaga ukyplydyr, iň dolusy bolsa 280 gündür. Her bir ynsanda 360 sany bogun ýaradylypdyr. Kellede 21 süňk bar. Dişler 32 bolup, 16-sy ýokarda, 16- sy aşakda ýerleşýär. Oňurga süňkleri 24 sany bolup, aşakda art süňküne birleşýär. 30 sany süňk el süňklerine, 28-si aýak süňklerine degişlidirler.
Çaganyň daşyny 3 sany perde örtýär, olaryň biri düwünçegiň ýoldaşy bolup, ol göwredäki çaga göbegiň üsti bilen iýmit getirýär.
Aşgazan bedeniň howzy, damarlar oňa barýan arykdyr. Ol uzyn kädä meňzeş agza bolup, ýokary başyna gyzylödek diýilýär. Ahyrky bölegi «derwezeban» diýlip atlandyrylyp, suwuklyk içegelere geçýär. Aşgazanyň içinde tüýjümek, mahmal ýaly gasynlar bolup, iýmitiň siňýän ýeridir. Soňra inçe içege gelýär. Berilýän maglumat- lary iýmit siňdiriş, jyns agzalary bölümlerinde ulanmak bolýar.