Muhammet Jelaleddin Rumy (1207-1273) - Yslam dünýäsinde at gazanan şahyr we ylahyýatçy.

Muhammet Jelaletdin Rumy
Rumy

Kakasynyň ölümine çenli ömri

düzet

1207-nji ýylyň Sentýabr aýynyň 30-ynda Balh şäherinde (Häzirki Owganystanyň demirgazygynda, Mazaryşerif şäheriniň 15 km. Günbatarlygynda) uly dindar alym bolan Soltan Belediň maşgalasynda dünýä inýär. Onuň ata-babalary bir asyr şondan öň bu şähere göçüp gelipdirler we öz döwründe Horezmde hökümdarlyk eden türkmen patyşalarynyň howandarlygyndan peýdalanypdyrlar. Munuň şeýle bolandygyny şahyryň babasy Jelaleddin Hatib Hüseýiniň horezmşa Alauddin Muhammediň gyzyna öýlenendigi bilen düşündirip bolar.

Şahyryň kakasy Soltan Belet dindarlaryň arasynda çäksiz uly abraýa eýe bolupdyr. Ol sofulyk ylmynda “soltanlyk ”derejesine ýeten dünýädäki “ýedi soltanyň” biridir.

Rumy bäş ýaşyndaka Mekkä zyýarata gitmek bahanasy bilen Soltan Belet ähli maşgala agzalaryny alyp, Balhdan göçüp gidýär. Ýolda olar Nyşapurda ýaşaýan şyh Attaryňkyda düşleýärler. Bu waka 1212-nji ýylda bolup geçýär. Attar bäş ýaşly Jelaleddini görüp, bagryna basýar we oňa “Astarnama” (“Syrlar kitaby”) eserini berip: “Bu çaganyň gözlerinde şygyr äleminiň kuýaşynyň nury bar” diýýär.

Soltan Belet soňra maşgalasy we ýanyndakylar bilen ilki Bagdada, Mekkä barýar, ondan gaýdyp, Malatnede biraz ýaşap, Arzinjana göçýär. Dört ýyl bu şäherde ýaşansoň, Lorandada (häzirki Garaman şäheri) ýerleşýär. Bu şäherde 1225-nji ýylda Jelaleddin asly Samarkantly baýyň gyzy Göwhere öýlenýär.

Meşhur alym Bahauddin Soltan Belediň şöhraty basym külli Rumustana ýaýraýar. Şol wagtlar Seljuk türkmenleriniň kiçi Aziýadaky döwletiniň paýtagty Konýa şäheridi. Rum soltany Alauddin Keýkubad I (1219-1237) Soltan Beledi Konýanyň iň uly medresesine baş müderrislige çagyrýar. Şeýdibem, 1228-nji ýylda olar Lorandadan Konýa hemişelik göçüp gelýärler.

Şems Tebrizi

düzet

1240-njy ýylda Jelaleddin şol döwrüň ylmynyň aňyrsyna çykyp, Konýa dolanýar we 1241-nji ýylda ýene-de baş müderrislige eýe bolýar. Belki-de, onuň durmuşy şeýle ýagdaýda dowam etse-de ederdi. Emma 1244-nji ýylyň Sanjar aýynda Konýa derwüş-sofy Şems Tebrizi gelýär. Soňra olar ömürlik dost bolup galýarlar.

Jelaleddin Rumynyň Şems bilen ýakyn gatnaşygy baş müderrisi edebiýat meýdanyna alyp gelýär we birwagtky şyh Attaryň welilik bilen aýdanlary amala aşyp başlaýar. Şondan soň Rumy köp wagtyny medresede däl-de derwüşleriň arasynda goşgy aýdyp, saz çalyp, tans edip geçirýär. Bu ýagdaý ylym bilen meşgullanýanlaryň birnäçesine ýakmaýar we olar Şemsi öldürmegiň kül-külüne düşýärler.

Iki beýik şahsyýetiň dostlugynyň berkemegi we güýjemegi göripleriň ýigrenjiniň artmagyna getirýär. Ýagdaýy duýan Şems 1246-njy ýylyň Nowruz aýynyň 11-inde gizlin ýagdaýda Konýadan çykyp gaçýar. Dostunyň we ruhy halyfasynyň birdenkä gürüm-jürüm bolmagy Rumyny gam kölüne batyrýar. Kiçi ogly Soltan Balady onuň gözlegine iberýär. Rumynyň hormatyna Şems bu gezek Konýa gaýdyp gelýär. Rumy täzeden dünýä inen ýaly bolýar. Ol Şemsi görende, Allanyň ýerdäki keşbini gören ýaly begenýär. Emma bu şatlykly we döredijilikli günlerem uzaga çekmeýär. 1247-nji ýylyň ortalaryna Şems ýene ýitirim bolýar. Bu gezek hemişelik. Onuň gije gizlinlik bilen ogurlanyp öldürilenligi barada çaklamalar bar.

Rumy öz garşydaşlarynyň ýanynda hiç syr bildirmezlige çalşyp, gaýgy-gussany duýga, duýgusyny goşgularyna siňdirýär. Şeýdibem, onuň döredijilik ýoly uzap gidýär. Rumy dostuna bagyşlan “Şems Tebriziniň diwany” diýen gazallar kitabyny döredýär.

Soňky ýoly

düzet

Jelaleddin Rumy 1273-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 12-sinde aradan çykýar. Ony soňky ýoluna ugratmaga musulmanlar bilen bir hatarda hristianlar, grekler we beýlekiler hem barýarlar. Olaryň öňünde Rumynyň esaslandyran tans oýnaýan derwüşleriň-sofular jemgyýetiniň agzalary barýar. Şahyr Konýanyň patyşasy tarapyndan bina edilen mawzoleýde, kakasynyň ýanynda jaýlanýar.

Mesnewi

düzet

Şahyr sofylar jemgyýetiniň halyfasy bolmak bilen medresede hem sapak bermegini dowam etdirýär. Sofylar jemgyýetiniň şyhy Hisamiddin Hasanyň teklibi we haýyşy boýunça Rumy şygyrlar diwanyny döretmäge girişýär. Bu diwanyň adyna “Mesnewi” diýýär. Ol goşgular ikileme, ýagny iki setir görnüşinde özara kapyýalaşyp (sazlaşyp) gidýär. Şeýle goşgy formasy (görnüşi) soňra diňe pars dilli şahyrlaryň däl, eýsem tutuş dünýä edebiýatynyň ajaýyp eserlerine öwrüldi. Rumy “Mesnewisini” alty bölege bölýär we hersini bir depder diýip atlandyrýar. Bu kitapdaky goşgular 26632 beýtden ýa-da 53264 setirden ybarat.

Şahyryň mesnewilerinde diňe pelsepe-sofuçylyk garaýyşly eserler (goşgular) bolman, eýsem, grekleriň, gadymy rimlileriň, ermenileriň, arablaryň, gündogaryň we beýleki halklaryň ägirt uly halk döredijiliginden (faýdalanylan) peýdalanylan rowaýatlar, basnýalar, hekaýatlar hem öz beýanyny tapýar.

Ulanylan Çeşme

düzet

Maglumatlar Almagül Ýusubowanyň «Türkmen edebiýatynyň taryhy ösüş döwürleri» atly kitabyndan alyndy. «Başkent» bilim merkeziniň neşirleri. Aşgabat 2005.

http://vecizebank.com/sozler.php?sozleri=Mevlana Archived 2011-07-17 at the Wayback Machine Mevlana Sözleri

Daşarky çykgytlar

düzet