Murgap etraby Mary şäherinden günorta-gündogar tarapdaky meýdanlary öz içine alýar. Etrap ilatynyň sany we ekerançylyk ýerleriniň möçberi boýunça welaýatyň iri hojalyklarynyň biri hasaplanýar. Ol pagtaçylyga, däneçilige, gara mallary ösdürip ýetişdirmeklige, dowardarçylyga we ýüpekçilige ýöriteleşdirilendir. Etrabyň çäginde birnäçe uly gaz ýataklary ýerleşýär. Onuň territoriýasyny Mary–Serhetabat demir ýoly we Mary–Ýolöten awtomobil ýoly kesip geçýär. Bu bolsa etrabyň geografik ýerleşişiniň ähmiýetini artdyrýar. Etrapda 1 şäherçe, 18 geňeşlik we 23 oba bar.
Etrap merkezi Murgap şäherçesi Mary şäherinden 18 km. günorta-gündogarda ýerleşýär. Şäherçede pagta arassalaýjy zawod, oba hyzmat birleşigi, gurluşyk we durmuş-medeni edaralar bar.

Meşhurlygy

düzet

Etrap özüniň gawuny, Şordepe üzümi, nary, erigi bilen meşhurdyr. Akgurban Jumamyrat, Ümir Esen, Gözel Şaguly, Çary Meret, Ata Salyh ýaly belli adamlar bu etrapda doglan. Etrabyň demirgazygynda, Baýramaly etraby bilen araçäkde Gowşutbent bendi ýerleşýär. Bu bent Mary tekeleriniň Murgap oazisine gelenlerinde guran ilkinji bendi. Mundan başga-da bu etrapda "OJAR AZIÝA" we "BAŞLAR" ýaly belli hususy kärhanalar, "BAGT ÖÝI" toý mekany, "Ak öý" restorany hem bar.