NASDAQ-100 Amerikanyň gazna indeksidir. Indekse, paýnamalary NASDAQ biržasynda satylýan kapitallaşdyrma boýunça iň iri 100 kompaniýa girýär. Indeks maliýe pudagyndaky kompaniýalary öz içine almaýar.[1]

Indi Nasdaq 100 sanaw düzgünine laýyk gelmeýän kompaniýalar, dekabr aýynyň üçünji hepdesinde ýylda bir gezek täze firmalar bilen çalşylýar.[2]

Taryh düzet

Indeksiň taryhy, şol bir wagtyň özünde iki sany: NASDAQ-100 we NASDAQ Financial-100 täze san görkezijisi girizilende 1985-nji ýylda başlaýar.[3] Birinji san görkezijisine senagat ýokary tehnologiýaly kompaniýalar, ikinjisine bolsa, maliýe kompaniýalary girizilipdi. Indeksiň esasy ilkibaşda 250 nokatdan düzüldi.

1998-nji ýylda bu san görkezijä daşary ýurt kompaniýalary kabul edildi. Ilkibaşda olara bildirilýän talaplar berk bolup, ýöne 2002-nji ýylda gowşadyldy.

4700 nokatdan iň ýokary taryhy dereje 2000-nji ýylda dotkomlaryň tolkunynda san görkezijisi bilen gazanyldy.[4]

2021-nji ýyl boýunça NASDAQ 100-iň 57 göterimini tehnologiýa kompaniýalary düzýär.[5] Senagatda indiki iň uly pudak 21,99 göterimli sarp ediş hyzmatlarydyr. Saglygy goraýyş NASDAQ 100-iň 7,08 göterimini, sarp ediş harytlary bilen meşgullanýan kompaniýalary NASDAQ 100-iň 6,14 göterimini, senagat kompaniýalary bolsa 5,92 göterimini tutýar.

NASDAQ-100 esaslanýan söwda gurallary düzet

NASDAQ biržasynda, QQQ tikeri astynda gurluşy NASDAQ-100 indeksine meňzeş gazna satylýar we ýokary takyklyk bilen onuň hereketini gaýtalaýar.[6][7]

NASDAQ Composite indeksinden tapawudy düzet

Nasdaq Composite indeksi NASDAQ biržasynda ähmiýeti bolan ähli kompaniýalaryň paýnamalaryny öz içine alýar (jemi 3000-den gowrak).

2021-nji ýyldaky üýtgeşmeler düzet

21-nji iýulda “Honeywell” AstraZeneca -ny satyn alandan soň “Alexion Pharmaceuticals” -yň ornuny tutdy.[8] 26-njy awgustda Crowdstrik” “Analog Devices” kompaniýasy tarapyndan satyn alnan Maxim Integrated Products -yň ornuny tutar.[9]

Salgylanmalar düzet

  1. "Five facts about the Nasdaq 100 index". morningstar.com.au. Archived from the original on 2021-08-30. Retrieved 2021-09-06. 
  2. "What Are The Nasdaq Composite And Nasdaq 100 Indexes?". forbes.com. Archived from the original on 2021-09-06. Retrieved 2021-09-06. 
  3. "10 Fun Facts about the Nasdaq-100 Index". nasdaq.com. Archived from the original on 2021-08-30. Retrieved 2021-09-06. 
  4. "3 Lessons for Investors From the Tech Bubble". nasdaq.com. Archived from the original on 2020-04-04. Retrieved 2021-09-06. 
  5. "Best Nasdaq 100 Brokers Guide". comparebrokers.co. Archived from the original on 2021-08-30. Retrieved 2021-09-06. 
  6. "Invesco QQQ Trust, Series 1". nasdaq.com. Archived from the original on 2019-07-09. Retrieved 2021-09-06. 
  7. "Q: Why Did QQQQ drop a Q to Become QQQ?". wsj.com. Archived from the original on 2021-08-30. Retrieved 2021-09-06. 
  8. "Honeywell International Inc. to Join the NASDAQ-100 Index Beginning July 21, 2021". globenewswire.com. Archived from the original on 2021-09-29. Retrieved 2021-09-06. 
  9. "CrowdStrike Holdings, Inc. to Join the NASDAQ-100 Index Beginning August 26, 2021". globenewswire.com. Archived from the original on 2021-08-24. Retrieved 2021-09-06.