Niderland buržuaz rewolýusiýasy

Mowzuk . Niderland buržuaz rewolýusiýasy.

1. Nidirlandlar Karl V-niň döwletiniň düzüminde. XVI asyrda Niderladlaryň ykdysady ösüşi.

2. Niderlandlaryň demirgazygynda azat edijilik göreşiň başlanmagy.

3. XVI asyryň ahyrynda XVII asyryň başlarynda Niderlandlaryň ispanlar bilen bolan göreşi.

Niderlandlaryň Maas, Reýn we Şeld derýalarynyň aşak akymlarynda ýerleşýär.

XIV – XV asyrlarda bu territoriýada ýerleşen graflyklar, gersoglar Gurkung gersoglygyny gol astyna geçýär.

Häzirki Niderlandlaryň territoriýasynda 1433-nji ýylda burgund gersogynyň basyp alan ýerleri bolan (häzirki Belgiýa, Niderlandlar, demirgazyk-gündogar Fransiýa we Lýuksenburg) ýerleri degişli. XV-XVI asyrda bu döwlet Niderlandlar adyny aldy. Burgungd gersoglary ýurdy merkezleşdirmek syýasatyny alyp bardylar. 1465 ýýlda bu ýerde ilkinji gezek Baş ştatlar çagyryldy. Hemişelik salgytlar girizildi, hemişelik güýçli goşun döredildi. Iň soňky burgungd gersogy Karl Smelyý boldy, 1477 ýylda ol aradan çykandan soň, bu welaýatlar gabsburglaryň garamagyna geçdi, sebäbi Karl Smelyýy öz gyzyny Mariýa Burgudskaý (durmuşa çykardy). Mukaddes Rim imperiýasynyň imperatory Maksimilian Gabsburgskiniň ogly Maksimilian 1493 ýylda durmuşa çykýar. Karl Smelyý şu nikanyň netijesinde Burgundiýany karollyk diýip yglan etmek isläpdir, Gabsburglar bolsa öz täsirini ol ýerde giňeltmegi maksat edindi.

XV asyryň ahyrynda Niderlandlar agrar gurluşda ep-esli özgerişleri başdan geçirýärdi. Dayhanlar öz hojaýynyna Çinş ady bilen pul salgydyny töleýärdi. Kärende-fermerçlik gatnaşyklaryň ornaşmagy obada synpy gapma- garşylyklary güýçlendirýärdi.

Maksimilian I öz syýasaty bilen merkezi häkimýeti berkitmek isledi. Ol halk hereketlerinden ganly ar aldy. Onuň oruntutarlarynda şu syýasaty dowam etdirdi. Karl V döwürde Niderlandlar Gabsburglaryň imperiýasynyň esasy düzümini düzdi. Ol hökümýetiň syýasatyna garşy çykanlardan öç aldy.

Onuň obsalýutizm syýasatyny halk köpçüligi goldamady we oňa garşy XVI asyryň 20-30 ýyllarynda halk hereketleri bolup geçdi.

Karl bu hereketleriň öňüni alardan güýçsiz bolup çykdy. XV asyryň ahyrynda söwda ýollary Orta ýer deňzinden we Baltik deňzinden Atlantik ulgamyna geçip, ykdysady taýdan Gallandiýa güýçlendi. Onuň welaýatlarynyň biri Niderlandlarydy. XV asyryň ahyrynda XVI asyrda bu ýerde iri ýer eýeçiligi dargap, baylyk toplamaklyk başlandy. Ýeketäk bazar ykdysadyýetine geçdiler. Balykçylyk, daşy söwda ösdi. Angliýa, Pribaltika, Rus döwleti bilen söwda aragatnaşygyny edipdir. Ýokary gatlagyň hakyna tutma işçleri ezmegi rewolýusiýanyň boljakdygyny görkezýärdi. Karl V-niň ogly Flipp II (1556 ýylda Ispan tagtyna geçýär. Ol dini meselede närazyçylyklara duçar bolýar. Üstesine Ispan ezişine çydam etmedik halk milli azat edijilik göreşe başlaýar, sebäbi ispanlar Niderlandlylary ezmegiň hasabyna 40% girdeji gazanýar. Gozgalaň welaýatlaryň köp bölegini öz içine alýar.

Üstesine iňlis ispan gapma – garşylyklarynda ýitileşip, olaryň arasyndaky söwda hem pese gaçdy. Açlyk, gymmatçylyk 1562-1566-njy ýyllardanky şäher garyplarynyň, dokma senagatyndaky işçleriň hereketi güýçlendi. Dwarýanlaryň köpüsi aralykçy bolup çykyş etdi. Olar 500 adamly ylalaşyk döredipdirler. Gozgalaň Turn, Gollandiýa, Zellandiýa, Utrehtde möwç alypdyr.

Filipp II-niň yzarlamalary ýatyrmagyny, gozgalaňçylary talapyny ýerine ýetirmäge söz bermegini talap etdiler, ýöne gozgalaňyň gyzan pursady köp dworýan wekillleri gozgalaňdaň boýun gaçyrdylar.

1566 ýylyň 22 awgustynda Nedirlandiýada ispan korolynyň häkimýetine we kotoliki buthana garşy gozgalaň turdy, bu rewalýusiýanyň başlanandygyny aňladýardy. Dayhanlar, senetçilik we işçiler katolikleriň ybadathanalaryna kürsäp girdiler, hudaýlaryň ikonlaryny we heýkelleri döwüşdirdiler. Monahlary kowdular. Şeýdip iri ýer eýeçiligini täze gurluş bilen çalyşman ugrunda öwrülişikler başlandy. Flipp II tejribeli serkerde gersog Alboniň ýolbaşçýlygynda Niderlandiýa 1567 ýylda saýlama goşun iberdi. Ol ýörite tertipsizligiň öňüni almak barada maslahat geçirdi. Halk oňa ganhorlaryň maslahaty diýip at berdi. Ol jeza çärelerini geçirdi, 1567 ýylyň baharynda Niderland Rewolýusiýasynyň birinji döwri gutardy. Gozgalaň ýeňildi. Ýöne gozgalaňçylar tokaýlara gidip ispan goşunlaryny, dindarlaryny, kazylaryny, ýok edip başladylar. Demirgazykdaky göreşe deňizçiler, balykçylar, port işgärleri kalwençiler gatnaşdy. Olara tokaý gýozlary (eleşanlar ispan ýagylaryna şeýle atlandyryp, özleride şol ady göteripdir.)

Gýozlar duşmany gözläp, gije diýmän, gündiz diýmän deňizde sökmedik ýerleri galmandyr. Alybanyň goşuny üçin niýetlenen köp gämi deňiz gýozlarynyň oljasy bolupdyr.

Olar 1572 ýylda Brille duralgasyny eýeläpdirler. Alyba goşunynyň demirgazyga gönükdiripdir. Ispanlar kiçiräk şäherleriň birnäçesini basyp alypdyrlar we olaryň ilatyny uçdantutma gyrypdyrlar. Halk basybalyjylara garşylyk görkezipdir. Alyba millionlarça puly oljany korola ibermäge wada eden bolsada ony ýerine ýetirip bilmän, gaýtam goşuna pul berip bilmän karola ýüz tutupdyr. Şowsuzlyga gaharlanyp Filipp II Alybany Niderlandiýadan yzyna çagrypdyr.

Alyba yzyna gaydandan soň ispan goşuny leyden şäherini gabapdyr. Ilat duşmana gaýtawul bermek üçin aýaga galypdyr.

Şeýdip Flipp II Günorta italiýany öz häkimýeti astyna alypdyr. Ispanlar halky talap ugrarly 5 Nowruz 1576 ýylda Rekezens tarpa taýyn aradan çykýar, edara etmek Döwlet maslahatynyň eline geçýär.

Halk köpçüligi dworýanlar ruhanylar olara garşy göreşe geçdiler. 1576 ýylda Gentde Baş ştatlar çagyryldy. 8 Sanjar “Gent ylalaşygyny ” kabul etdiler. Bu dokument kagyz ýüzündäki parahatçylykly ylalaşyk bolsada maksat rewolýusiýasyny çuňlaşdyrmak ispan goşunlaryny çykarmak, Albanyň kararyny ýatyrmak onuň tussag eden adamlaryny çykarmak, ispanlaryň ýok eden emläginiň öwezini dodurmak zerurdy.

Gollandiýa we Zellandiýa syýasy awtonom statusyny bermelidi. Niderlandiýa täze ispan dolandyryjysy (namestnigi) geldi, Huan Awstriýskiý geldi, “hemişelik edinte” gol çekdi. Özüniň “Gent ylalaşygy” bilen razylaşýandygyny kagyz ýüzünde boýun aldy. Ýöne Oguz aýlarynda Huan öňki düzgüňe gaýdyp gelmegi, maksat edip Baş ştatyna garşy herekete başlady.

Bu täze durmuş – syýasy göreşe galkyndyrdy. “18-leriň guramalary” döräp başlady. Olaryň esasy wezipesi şäherleri ýakyn obalary ispanlardan goramakdy. Häkimýetde rewolýusion gurama roluny oýnadylar. Brýuselde Döwlet maslahatyna, Baş ştatlara zor salyp ugradylar, üstesine dayhanlary ezip, talap zorlap başladylar. 1578-79 ýylda Flandriýada güýçli dayhan gozgalaňy boldy, ýöne olary Baş ştatlaryň goşuny basyp ýatyrdy. 1579 ýylyň 23 Türkmenbaşy aýynda Gollandiýa, Zellandiýa, Frislandiýa we Utreht arasynda Utreht uniýasyna gol çekildi. Oňa iri şäherler Flandiýa we Brabant hem goşuldy.

Bu uniýanyň maksady Ispaniýa garşy ahyryna çenli göreş alyp barmalydy. 1579 ýylyň Al-Aslan aýynda şazada Flipp Gentde demokratik hereketleri basyp ýatyrdy. Demirgazykda dayhanlar hereketleri ýatyrylandan soň 1581 ýylyň 26 Gorkut aýynda Flipp II häkimýetden çetleşdirildi. Şazada Oranskiý we Baş ştatlar 1582 Baýdak aýynda fransuz patyşasynyň dogany wezipe soýýän gersog Anžuýskini tagta gecirdiler. Ol 1583 ýylyň Türkmenbaşu aýynda öz goşunlarynyň Flandriýa we Brabanta girizip Fransiýa boýun egdirmek islediler. 1585 ýylyň 17 Alp Arslan aýynda Flandriýa we Brabanta rewolýusiýa we milli azat edijilik hereketi basylyp ýatyryldy. Rewalision gatlaklar bolan brýugerleriň, dworýanlaryň, ruhanylaryň islegi orta asyr Ispaniýasy bilen bagklanyşykly boldy.

Demirgazykda Utreht uniýasynyň Birleşen welaýatlaryň respublikasy döredi.

1585-1609 ýylda bu respublikada Fransiýa bilen soýuz boldy. Angliýada Ispaniýa garşý göreş alyp bardy. “Ýeňilmez armandy” derbi – dagyn edilenden soň, Ispaniýa 1609 ýylda 12 ý möhlet bilen şertnama baglaşdy. Rewolýusiýanyň dördünji etaby (1585-1609) bolup Birleşen prowinsiýanyň rewolýusiýasy döredi.

Şeýdip XVI asyrda Niderlandiýa buržuaz rewolýusiýasy 1648 we 1789 ýyldaky rewolýusiýada şol wagt buržuaziýa syýasy taýdan başlamandy.

Kalenizm şgary astynda Gollandiýada respublika döredildi. Niderland rewolýusiýasy ilkinji öne süren zady Ispan agalygyny ýök etmek, olara garşy göreşmekdi. Soňra ýene-de bir tapawudyň şäheriň garyp gatlagy dayhanlar bilen soýuz bolman, dworýanlar bilen ýakynlaşmakdy. Diňe demirgazykda buržuaz üstünlikler gazandy.

Emma ispanlaryň ele salan welaýatlarynyň ýagdaýy erbetdi, şol öňki ýaly 12-14 sagat zähmet çekýärdiler, beýleki Ýewropa ýurtlaryna seredende bu ýerde eziş güýçlidi.

Şeýdip işewür adamlaryň baştutanlygynda Niderland halkynyň iri ýer eýeçilik tertiplerine garşy göreşi we ispan agalygyna garşy ýaragly göreşiniň barşynda häkimýet ispan iri ýer eýelerinden gollandiýa iri ýer eýeleriniň elinden Golland işewür adamlarynyň eline geçdi.

Ýurt ispan ejizinden azat boldy. Buržuaz rewolýusiýa kapitalizmiň ösmegi üçin ýol arçady. Gollandiýa dürli ýurtlar bilen söwda edip, öz gämilerinde-de dürli ýurtlaryň harytlaryny daşap başlady. Amsterdam potunda söwda merkezi döräpdir.

Gollandiýa köp bakna ýurtlary edinipdir. Olar Portugallary, Indoneziýadan gysyp çykarypdyrlar. Ýurtda öňki iri ýer eýeleriniň ezişine derek, işewür adamlarynyň ezişi bilen çalşypdyr. Bu Günbatar Ýewropanyň kiçiräk böleginde üstün çykan ilkinji buržuaz rewolýusiýasydyr.