Nikkólo Makiawélli (Makýawelli, italýan. Nikolò di Bernardo dei Machiavelli; 1469-njy ýylyň 3-nji maýy, Florensiýa - 1527-nji ýylyň 22-nji iýuny) - italýan akyldar, syýasatçy, filosof, ýazyjy, harby teoretiki eserleriň awtory. Makiawelli Florensiýanyň hökümetinde birnäçe wezipäni eýeledi, iň möhümi respublikanyň diplomatik gatnaşyklaryna jogapkär ikinji kansleriň sekretarydy. Makiawelliniň esasy eseri "Hökümdar". Şeýle-de bolsa, onuň syýasy garaýyşlary, respublikan pikirleriň tarapdary hökmünde häsiýetlendirilýän "Florensiýanyň taryhy" we "Tit Liwiniň ilkinji onýyllygyndaky çykyş" -da has gowy öz beýanyny tapdy.

Nikkolo Makiawelli
AdyNikolò di Bernardo dei Machiavelli
Doglan wagty 3 Maý, 1469
Doglan ýeri Florensiýa, Florensiýa respublikasy
Ölen wagty 21 Iýun,1527 (58 ýaş) ýa-da 22 Iýun,1527 (58 ýaş)
Ölen ýeri Sant-Andrea-in-Perkussina, Florensiýa, Florensiýa respublikasy
Watany Florensiýa respublikasy
Käri ýazyjy, syýasatçy, taryhçy, filosof, syýasy teoretik, harby teoretik, terjimeçi, şahyr, diplomat, dramaturg
Atasy Bernardo di Nikkolo Makiawelli
Aýaly Marietta di Luiji Korsini
Çagalary Pýero Makiawelli, Bartolomea Makiawelli, Bernardo Makiawelli, Lýudowiko Makiawelli, Gwido Makiawelli
Goly Machiavelli Signature

Biografiýasy

düzet

Makiawelliniň syýasy durmuşynda iki basgançagy tapawutlandyryp bolar. Birinji basgançakda, 1498-nji ýylda Florensiýa respublikasynyň ikinji sekretary wezipesine girişmekden başlap, esasan döwlet işleri bilen meşgullandy. Ikinji basgançagy bolsa, 1512-nji ýylda Makiawelliniň syýasy işlerinden mejbury aýrylmagy bilen adyny meşhur eden eserleri ýazanda başlandy.