Nuklein kislotalary
Nuklein kislotalary- öýjügiň ýadrosynda emele gelýärler. Olaryň ady hem şondan gelip çykýar, ýagny "nukleus" diýmek latynça "ýadro" diýmekligi aňladýar.
Nuklein kislotalaryny dezoksiribonuklein (DNK) we ribonuklein (RNK) kislotalary diýen iki görnüşi bar. DNK bedeniň nesle geçýän alamatlaryny ýüze çykarýan hromosomalaryň düzümine girýär. RNK bolsa ýadroda we sitoplazmada bolýar. Bu kislotalaryň ähmiýeti diňe soňky ýyllarda takyklanyldy. DNK-da nesle geçýän alamatlaryň maglumatlary saklanýar. RNK bolsa öýjüklere mahsus bolan beloklaryň emele gelmegine gatnaşýar.