Nurmyrat Saryhanow

Sowet ýazyjysy
Nurmyrat Saryhanow

Ýazyjy Nurmyrat Saryhanow
Doglan wagty we ýeri1906
Gökdepe, Türkmenistan
Aradan çykan wagty we ýeri4-nji maý, 1944
Moldowa
KäriÝazyjy
DiliTürkmençe
MilletiTürkmen
ŽanrlaryKyssa, žurnalizm
Esasy eserleri"Şükür bagşy" powesti
"Kitap" hekaýasy

Ýazyjynyň ömri we döredijiligi düzet

Nurmyrat Saryhanow 1906-njy ýylda Gökdepe etrabynyň ikinji Gökdepe obasynda garyp daýhan maşgalasynda eneden dogulýar. Ol ilki oba mekdebinde okaýar. 1925-nji ýylda onuň kakasy Aşgabat etrabynyň Gökje obasyna göçüp gelýär. Ýaşlykda okamaga bolan höwes ony Aşgabatdaky politehnikuma alyp gelýär. Tehnikumda Nurmyrat üstünlik bilen okaýar we şonuň bilen bir wagtda “Türkmenistan” gazetiniň redaksiýasynda işleýär. 1928-nji ýylda Nurmyrat Saryhanow Daşkende okuwa gidýär. Ol ýerde žurnalistleriň bir ýyllyk kursyny gutaryp, 1929-njy ýyldan tä 1937-nji ýyla çenli Goşun hatarynda gulluk edýär. Bu ýyllar ýazyjy üçin uly terbiýeçilik mekdebini geçýär. Onuň syýasy taýýarlygy ösüp, bilim derejesi artýar. Köpçülik işlerine işjeň gatnaşýar we “Gyzyl goşun” atly harby gazetiň jogapkär sekretary bolup işleýär. N. Saryhanow 1937-41-nji ýyllarda dürli gazetleriň redaksiýalarynda, “Sowet edebiýaty”, “Garagum” žurnallarynda işleýär. Metbugat işi bilen aragatnaşyk saklamagy ony edebiýat meýdanyna çykarýar. N. Saryhanow zähmetsöýer, joşgunly watançydy. Beýik Watançylyk Urşy başlanan wagtynda ol meýletinlik bilen Watan goragyna gidip, özüniň ýiti galamy, ötgür ýaragy bilen faşistlara garşy batyrgaý söweşýär. 1944-nji ýylyň maý aýynyň 4-ne Gitlere garşy Moldowadaky söweş meýdanynda gahrymanlarça wepat bolýar.

N. Saryhanow türkmen prozasynyň taryhyna “Şirin”, “Kitap”, “Arzuw”, “Soňky öý”, “Ak tam”, “Giýew” ýaly hekaýalary; “Şükür bagşy”, “Ýagtylyga çykanlar”, “Gyzgyn günler” ýaly powesleri; "Hossarlygy”, “Aýjemal”, “Garaş aga”, “Ene” ýaly oçerklerini goşmak bilen özüne müdümi ýadygärlik galdyrdy. Olar watançylyk, dostluk duýgularyna, gumanistik, internalistik ideýalaryyna ýugrulan eserlerdir.

N. Saryhanowyň eserleri türkmen dilinde we goňşy halklaryň dilleriniň birnäçesinde ençeme gezek neşir edildi we edilýär

“Kitap” hekaýasy düzet

“Kitap” hekaýasynda N. Saryhanow türkmen nusgawy edebiýatynyň meşhur wekili Magtymguly we onuň edebi mirasy barada söz açýar. Hekaýanyň baş gahrymany Welmyrat aganyň obrazynda türkmen zähmetkeşleriniň XVIII asyr nusgawy şahyry Magtymgula we onuň dürdäne döredijiligine bolan mähirli söýgüsi ynandyryjy suratlandyrylýar. Hekaýada Welmyrat aga ýaly bir sowatsyz adamyň bütün maşgalasynyň guwanjy, olaryň güzeranyny dolandyryjysy bolan düýesini kitap bilen çalyşmagy, okap bilmesede ony wagtal-wagtal eline alyp görmegi, tüýs ýürekden guwanmagy, onuň her bir setirini bir düýä hasaplamagy – bularyň hemmesi okyjyda aýratyn bir täsir galdyrýar.

“Şükür bagşy” powesti düzet

Ýazyjynyň döreden powestleriniň arasynda onuň adyna şöhrat getireni “Şükür bagşy” powestidir. Bu eseri N. Saryhanow urşa gitmeziniň öň ýanynda, 1942-nji ýylda ýazyp gutarýar. Powestde türkmen halkynyň milli saz sungatyna, onuň at owazasyny ýokary derejä göteren belli sazanda Şükür bagşy barada ýazylýar. Eserde suratlandyrylýan waka hakyky durmuşdan, ýagny XIX asyryň ahyrlarynda – 1871-nji ýyl töwereginde Duşak sebitinde bolup geçipdir.

Halkyň arasynda ady belli bolan sazanda Şükür bagşy şol ýyllar otuz ýaşlary töweregindedi. Şükür bagşy sazandady. Ol obama-oba aýlanyp, halka hezil bererdi. Bir gün Şükür obasyna gaýdyp gelende öýünde öz agasynyň atynyň, soňra bolsa agasynyň özüniň hem ýokdugyny synlaýar. Soňra ony Eýran hany Mämmetýar tussag etdi habaryny alansoň biraz oýlanmak üçin dutar çalmana geçýär. Çalyp bolanyndan soňra, daşynda üýşen obadaşlary oňa ol ýok wagty geçen maslahat hakynda gürrüň berýärler. Şükür agasyny alyp gaýtmak niýeti bilen Çolak batyr atly obaň batyry saýlama ýigitleri alyp, Eýran hanynyň üstüne atly-ýaragly çozmakçy. Muňa obaň aksakgaly Artyk aga hem goşulýar. Emma Şüküriň öz pikiri bar. Ol oňa ilkinji dutaryny alyp beren agasyny dutary bilen boşatmasa rahatlanmajak. Obadaşlarynyň maslahatyna kaýyl bolman, ol dag aşyp, Eýran hanyna saz çalyp berip, öz doganyny zyndandan boşatmakçy. Eýran hanynyň ýanyna baranda Eýran hany başda onuň üstünden gülýär. Emma Şükür özüniň obadaşlary bilen çozup gelip biljekdigini, ýöne ony islemedigini, oň deregine şu dutary bilen gelip iki sany heň çalyp, öz doganyny zyndandan alyp gitmäne gelendigini agzanyndan soň Mämmetýar han gaharlanýar. Ol Şüküre öz doganyny ýöne iki saz çaldyryp aldyrtjak däl. Onuň deregine han bagşysy Gulam bagşy bilen ýaryşdyryp, iliň içinde masgaralamagy niýet edýär. Ýaryşyň başynda Gulam bagşy başlap, Şükür ony kowýar. Eýýam şu ýerde Gulam bagşy bäsdeşiniň ussatlygyna göz ýetirýär. Gulam bagşy näme heň çalsa, Şükür hem çalyp dur. Indi gezek Şüküriňki. Şükür bagşy hem Gulamyň başlan heňini çalyp başlaýar, Gulam kowýar. Birnäçe heň çalynýar. Gulam hem elde baryny edýär, asla galar ýaly däl. Soňky heň çalynýar. Bu heňi Şükür şu jedelli ýaryş edip otyrka döredipdir. Gulam bu sesiň nirelerden çykýandygyny duýman galýar. Şükür bagşy üstün çykýar, doganyny azat edip, obasyna dolanyp gelýär.

Powestiň baş gahrymany Şükür bagşy 97 ýaşap 1928-nji ýylda aradan çykan tanymal saz ussady.