ORTAÝER DEŇZINIŇ GÜNDOGARY GADYMY DÖWÜRDE

MOWZUK: ORTAÝER DEŇZINIŇ GÜNDOGARY GADYMY DÖWÜRDE.

Meýilnama:

I umumy okuw

1.Injil we beýleki taryhy çeşmeler.

2.Tebigy şertleri we ilaty.

3.Şäher döwletleriniň döremegi.

1.Ortaýer deňziniň Gündogarynda ýaşan gadymy taýpalaryň we halklaryň taryhyny goňşy ýurtlaryň çeşmeleri we ýerli çeşmeler şöhlelendirýärler.Aýratynam ýazuw çeşmeleri we keramatly kitap Injil möhümdir.Ras-Şamradan (gadymy Ugaritden) tapylan gadymy ykdysady syýasy,dini häsiýetdäki resminamalar,Ebla şäherinden (Siriýadan) tapylan diplomatik,admi- nistratiw,hojalyk,edebi,dini we mekdep mazmunly ýazgylary bolan arhiw,b.e.öňki III müň- ýyllygyň ortalaryna degişli bolan patyşa arhiwi we beýleki ýazuw ýadygärlikleri esasy çeşmeleriň biri bolup hyzmat edýärler.Ortaýer deňziniň Gündogarynda maddy medeniýetiň ýadygärlikleriniň tutuş toplumlary açyldy.Iň uly gazuw-agtaryş işleri Iýerihonda 1907-nji ýylda nemes arheologlary tarapyndan başlanyp,30-50-nji ýyllarda K.Kenionyň ýolbaşçylygynda iňlis ekspedisiýasy tarapyndan dowam etdirildi.Megiddada,Gezerde,Lahişde geçirilen işler has-da netijeli bolupdyr.

Arheologlaryň Finikiýada we Siriýada (Biblde,Tirde,Sidonda),Damaskyň golaýynda tapan tapyndylaryny hem belläp geçmek gerek.Akko şäheriniň golaýynda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde b.e.öňki XIV-XIII asyrlara degişli urşujy-söwdagärleriň mazarlaryndan Müsürde,Zakawkazýede,Mesopotamiýada,Kipr adasynda ýasalan zatlar tapylypdyr.

Ortaýer deňziniň Gündogaryndaky gadymy ýurtlar barada iň möhüm çeşmeleriň biri-de gadymy ýewreý edebiýatynyň ýadygärligi bolan Injildir.”Bibliýa” sözi grek dilinde “kitaplar” diýen manyny aňladýar.Bular iudaizmde we hristiançylykda keramatly diýlip ykrar edilen kitaplardyr.Iudeý Injili hristian Injiliniň Köne sargytlar diýilýän birinji bölümi bilen gabat gelýär.Hristian Injiliniň ikinji bölümi-Täze sargytlar bolsa Iisus Hristosyň ömri we onuň okuwçylarynyň işi baradaky kitapdyr.Köne sargytlar kitaby b.e. başlaryna çenli gutarnykly görnüşe eýe bolýar.Ol hem üçe bölünýär: 1.Kanun ýa-da Töwrat.Ol 5 kitapdan ybarat bolup, Musanyň ady bilen baglanyşyklydyr.Ol b.e.öň I müňýyllygyň ortalarynda gutarnykly görnüşe gelipdir.Töwratda dünýäniň,adamyň döreýşi,Adam ata we How ene,Nukuň tupany,öňki ata- babalar,Musanyň ýewreýleri Müsürden çykaryşy,”on sargyt” barada aýdylýar.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Mukaddes Ruhnamasynda hem Töwrat ba- rada aýdylýar:”Musa pygambere iberilen Töwrat barada Gurhany kerimde Gudraty güýçli Allatagalanyň:”Hakykatdan-da,biz Töwrady iberdik,onda ugur almak üçin ýörelgeler we Hakyň nury bardyr” diýen sözleri getirilýär.”

2. Pygamberler.Muňa b.e.öň VIII-VI asyrlarda Ysraýylda we Iudeýada hereket eden pygamberleriň (Isaýýa,Iýeremiýa,Iýezekiil we beýlekiler) kitaplary degişlidir.Bulara ýakyn durýan “taryhy kitaplarda” ýewreý taýpalarynyň Palestinadaky öz goňşulary bilen alyp baran uruşlary,ilkinji patyşalar Saul,Dawud,Süleýman we olaryň nesilleri barada gürrüň edilýär.

3.Ýazgylar.Onda toý lirikasy we pelsepewi pikirler,gadymy aýatlar beýan edilip, patyşalyk döwri hem,ýesirlikden soňky döwür hem beýanyny tapýar.Ýazgylaryň esasy bölegi b.e.öňki I müňýyllygyň II ýarymyna degişlidir.

Injili ylmy taýdan öwrenmeklige ilkinji ädimi XVII-XIX asyrlarda has-da netijeli bolup,Köne sargytlara girýän eserleriň dürli gatlaklarynyň degişli döwürleri anyklanylýar.

XIX asyryň ahyrlarynda Injili öwrenýänlere gazuw-agtaryş işleriniň netijelerine daýanmaga hem mümkinçilik döredi.

“Ýewropalylaryň “keramatly ýere” zyýaratlary ir wagtdan bäri bolýar eken.Ýöne Ortaýer deňziniň Gündogaryny arheologiki taýdan öwrenmeklik XIX asyryň ahyrlarynda başlandy.Fransuz semitology E.Renan köp işler bitirdi.XX asyryň 20-nji ýyllarynda Biblde gazuw-agtaryş işleri geçirilýär,20-30-njy ýyllarda Ugarit şäheri tapyldy,30-40-njy ýyllarda Alalah şäherinde barlaglar geçirildi.60-70-nji ýyllarda italýan ekspedisiýasy Eblada uly açyşlar et- diler.Häzirki wagta çenli toplanan arheologiki we ýazuw ýadygärlikleri bu ýeriň taryhyny iň gadymy döwürden başlap öwrenmäge mümkinçilik berýär.

2.Ortaýer deňziniň Gündogary Tawr dag eteklerinden we Ýefratyň orta akymlaryn- dan Müsüre çenli uzalyp gidip,oňa Siriýa,Finikiýa we Palestina degişlidir.Bu ýeriň esasy böle- gi gadym zamanlarda Hanaan hem diýipdirler.Bu ýerde iri derýalar ýok.Kiçiräk derýalardan Palestinada Iordan,Siriýada we Finikiýada Oront derýalary bar.Ownuk derýalar we çeşmeler diňe ýagyş ýagýan döwürde suwdan dolupdyrlar.Hasyllylyk ýokary bolmandyr.Ýönekeýje suwaryş desgalary ýerli häsiýetde bolupdyr.Liwan,Antiliwan we beýleki dag gerişleri Ortaýer deňziniň Gündogaryny birnäçe etraplara bölüpdir we olaryň üzňelikde bolmagyna getiripdir. Sähralyk we çöllük ýerlerde çarwa taýpalar ýaşapdyrlar.Olar jülgelere çozupdyrlar.Sebitiň taryhy ösüşi haýal bolupdyr. Ortaýer deňziniň Gündogarynda mis we demir magdanlarynyň ýataklary,tokaý- lar (meşhur liwan kedrleri) kän bolupdyr.Bu zatlar ir wagtdan bäri Müsüriň we Mesopotami- ýanyň döwletleriniň ünsüni özüne çekipdir.Bu ýere söwda we harby ekspedisiýalar iberipdirler.Netijede bolsa Ortaýer deňziniň Gündogaryna bu iki siwilizasiýanyň ýetiren täsiri onuň medeniýetinde mese-mälim ýüze çykypdyr.

3.Ortaýer deňziniň Gündogaryndaky ýerlerde iň gadymy döwürde awçylar we ýyg- naýjylar ýaşapdyrlar.Bu ýerde ilat gür bolandan soň,ýabany haýwanlar ýok edilipdir we ösümlik bilen iýmitlenmäge geçipdirler.B.e.öňki IX-VIII müňýyllyklarda natufiý medeniýetiniň ilaty ýygnaýjylyk bilen meşgullanyp,olar gowaklarda,derýalaryň,kölleriň kenarlaryndaky duralgalarda ýaşapdyrlar.

B.e.öň VIII-VII müňýyllyklarda oturymly ekerançylaryň we çarwalaryň medeniýeti ýüze çykyp,ony has gowy öwrenilen ýeriň ady boýunça Iýerihon medeniýeti diýip atlan- dyrýarlar.Iýerihonlylar arpa we bugdaýyň iki görnüşini ekipdirler,geçileri idedipdirler,gemriji- lere garşy pişikleri saklapdyrlar.Obalary uly bolman,pagsa jaýlarda ýaşapdyrlar.Käbirleriniň daşyna daş diwar aýlanypdyr we goňşy urşujy sähralyk ýeriň ilatynyň howpuna garşy çäreler görlüpdir.Oturymly ekerançylyk medeniýeti b.e.öňki VI-IV müňýyllyklarda has-da ösüpdir. Ekinleriň dürli görnüşleri ekilýär,goýun,doňuz,iri şahly mallar idedilýar,toýun gap-gaçlar ulanylýar.

Ortaýer deňziniň Gündogarynda b.e.öň IV müňýyllygyň ahyrlarynda ekerançylyk jemagatlarynda senetçilikde öňegidişlikler bolýar.Ilki demirgazykda,soňra günortada küý- zegärlik stanogy we keramika önümlerini bişirmek üçin ýörite peçler peýda bolýar.Metaldan zähmet gurallaryny,ýaraglar,gaplar,kiçiräk heýkeljikler ýasap başlaýarlar.Ekerançylyk we Derýaaralygy,Müsür bilen söwda ösýär.Bular b.e.öň III müňýyllykda şäherçeleriň döremegine getiripdir.Şäher merkezleriniň birem Bibl bolupdyr.

B.e.öňki II müňýyllyga degişli baý guburlaryň üsti açylyp,olar şäher häkimleri bolandyr diýlip çak edilýär.Şol wagtlar bu ýerde şäher-döwletler döräpdir diýlip hasaplanylýar.Kenarda kem-kemden Ugarit,Sidon,Tir ýaly Finikiýa şäherleri öňe saýlanýarlar.B.e.öň III müňýyllykda Ortaýer deňziniň Gündogarynda ýaşan ilatyň düzümi dürli bolupdyr.Demirgazykda hurritler,käte hettler ýaşapdyrlar.Esasy ilat semit dillerinde gürläp,onuň hem ebla,gady- my hanaan,ugarit,amoreý şahalary tapawutlanypdyr.Hanaaneý hökümdarlary gadymy müsür we akkad ýazuwyny,ugaritler akkad ýazuwyndan dörän ýazuwy ulanypdyrlar.Siriýa sähralaryndaky taýpalar amoreý dilinde gürläpdirler.

B.e.öň XVIII asyrda amoreýleriň bir topary birnäçe döwletleri we ýerleri birleşdirýän iri uly döwleti döretmäge synanyşyk edipdir.Bu syýasy birleşme Ýamhad adyny alýar. Onuň düýbüni tutanyň hemişelik paýtagty bolmandyr,ýöne Mariniň patyşasy bilen deň esasda hat alşypdyr.Ýamhad Karkemişden Oront derýasynyň ýokary akymyndaky Katna çenli araly- gy öz içine alypdyr.Ýamhadyň ikinji patyşasy Halpany (Aleppo) paýtagt edinipdir.Mari bilen söwda aragatnaşyklaryny saklapdyr.B.e.öň XVII asyrda Ýamhad gowşaýar we garaşsyzlygyny ýitirýär.

Ýamhaddan günortarakda XVIII-XVII asyrlaryň sepgidinde kuwwatly giksos birleşmesi emele gelip,ol birnäçe şäher-döwletlerden durupdyr.Olaryň kuwwatly arabaly goşuny Müsürde agalyk etmäge mümkinçilik beripdir.Olaryň patyşalary Deltada oturyp,Palestinany we Günorta Siriýany gol astynda saklapdyrlar.Giksos birleşmesine Kades,Megiddo ýaly şäherler giripdir.Giksoslaryň döwletinde günbatar semit taýpalary agdyklyk edipdir.Hurritler we hettler hem olara birleşipdir.

B.e.öňki II müňýyllygyň ahyrlarynda I müňýyllygyň başlarynda Ortaýer deňzinde finikiýalylar agalyk edipdirler we halkara söwdasyny elde saklapdyrlar.Finikiýalylar,aýratyn-da Tir we Sidon şäherleri beýleki ýerleri özleşdirip,şäherler döredipdirler.

Olar Demirgazyk Afrika,Ispaniýa,Günbatar Sisiliýa,Sardiniýa,Malta we Bahar adalaryna göçüp barypdyrlar.Tir şäheri ýokary göterilipdir we Sidony boýun egdiripdir.Tir-Sidon patyşalygy patyşa Ahiramyň (969-936ý.) döwründe ösüpdir.Ol Günorta Finikiýany,Palestinanyň bir bölegini,Kiprde Kitiý şäherini özüne tabynlykda saklapdyr.

B.e.öňki X-IX asyrlarda tir-sidon patyşalary materikde ýekeje-de uruş etmän, esasy ünsi deňiz ýollaryna beripdirler.B.e.öňki IX asyryň ahyrlarynda patyşa häkimiýeti gowşapdyr.Wawilonyň we Ugaritiň tamkarlaryndan tapawutlylykda,özbaşdak hereket edýän we hususy söwda gämilerini deňziň aňyrsyna iberýän söwdagärleriň täsiri güýçlenipdir.

Finikiýanyň esasy şäherleri-Tir,Sidon we Bibl aralyk söwdanyň hasabyna baýap- dyrlar.Olar müsür we wawilon harytlaryny Gresiýa,grek harytlaryny bolsa Gündogara satypdyrlar.Müsüre we Derýaaralygyna agaç çykarylypdyr.Senetçilik önümlerinden Tiriň boýag ussahanalary,Sidonyň aýna önümlerini,finikiýalylaryň bezeg şaý-sepleri,gaplary,pil süňkündäki relýef şekilleri meşhur bolupdyrlar.

Söwda bilen birlikde garakçylyk hem ösüpdir.Finikiýada harby ýesirlerden we bergidarlardan emele gelen gullar ujupsyz bolupdyr.Ýöne keseki ýurtlulary alyp-satmak, adamlary bikanun gula öwürmek köp duş gelipdir.B.e.öň I müňýyllykda Finikiýada,aýratynam Tirde gullar köp bolupdyr.

Siriýanyň materik böleginde birnäçe kerwen ýollarynyň kesişýän ýerinde ýerleşen Damask şäheri güýçlenipdir.Damask ussalary Kappadokiýadan demir satyn alyp,ajaýyp ýaraglar ýasapdyrlar.Goňşy sähralardan “gözüňi gamaşdyrýan ak reňkli ýüň” getirilip,Tire satylypdyr.Damaskyň ýokary göterilmegi b.e.öňki II müňýyllygyň ahyrynda arameýleriň göçüp gelmegi bilen baglanyşyklydyr.Bu Arabystandan gelen semit dili taýpalaryň nobatdaky tolkuny bolupdyr.B.e.öňki I müňýyllygyň başlarynda arameýler ýerli amoreý-hurrit ilaty özüne siň- diripdir we arameý dili Alynky Aziýada ikinji gepleşik diline öwrülýär.

B.e.öň IX asyrda damask patyşasy Ysraýylyň Jordanyň aňyrsyndaky ýerlerini we Gnnorta Palestinany eýeläpdir.Benhadad III-ä Demirgazyk Siriýanyň 17 hökümdaryny Orontdaky Hamat patyşalygyna garşy birleşdirmek başardypdyr.Ýöne Hamat patyşalygy onuň garşysyna durmagy başarypdyr we Damaskyň baştutanlygyndaky topar dargapdyr.

B.e.öň IX asyryň ahyrynda Damask Assiriýa patyşasy Adad Nerali III tarapyn- dan basylyp alynýar.

Tir-Sidon,Damask ýaly esasy döwletlerden başga,Karkemiş ýaly ownuk döwletler hem bolupdyr.

II umumy okuw

4.Ysraýyl-Iudeý patyşalygy

5.Iudaizm dini we medeniýetiniň ösüşi.

4.B.e.öň I müňýyllygyň I ýarymynda Ortaýer deňziniň Gündogar kenarynyň günorta- synda täze syýasy birleşme emele gelýär.Ü.e.öňki XIII asyrda 12 sany gadymy ýewreý taýpalarynyň birleşmesi Palestina aralaşýarlar we ýerli hanaaneý şäher-döwletleriň birnäçesini özlerine tabyn edýärler.”Ýewreý” sözi “derýanyň beýleki tarapynyň ýaşaýjysy” diýen manyny aňladýar. Bu bolsa patriarh Awraamyň Ýewfrat derýasynyň aňyrsyndan gelendigi baradaky rowaýat bi- len bilen hem gabat gelýär.

Gadymy ýewreý taýpalary filistimlýanlylar bilen uzaga çeken uruşlar alyp barypdyr lar.Şol uruşlaryň gidişinde Saul patyşa saýlanýar.B.e.öň XI asyrda ony ähli taýpalar ykrar edipdirler.Ol öz ýakyn adamlaryny müňbaşylar we ýüzbaşylar edip belläpdir.Ýöne Saul filis- timlýanlylardan ýeňlişe sezawar bolanynda özüni gylyjynyň üstüne zyňyp heläk edipdir.Soňra onuň giýewi Dawut (1000-965) patyşa bolýar.Ol merkezleşen monarhiýa gurluşly döwleti dö- retmek syýasatyny alyp barypdyr.Dawut Iýerusalimi birleşdirip,täze patyşalygyň paýtagtyna öwürýär.Ýurdy dolandyrmak üçin merkezi döwlet apparatyny döredýär.Patyşanyň ýanynda oňa wepaly bolan kritlilerden we filistimlýanlardan ybarat şahsy goşun döredilýär.Dawut salgyt salmak maksady bilen ilat ýazuwyny geçiripdir.Ol ýene-de ýönekeý hyzmatkärlerden baş- lap,harby serkerdelere we şazadalara çenli hemmeler üçin patyşanyň ýanynda “ýüzüni ýere goýmagy” buýrupdyr.Dawudyň daşary syýasaty üstünlikli bolupdyr.Ol filistimlýanlylar bilen ýaraşyk baglaşypdyr.Günorta araçäkleri Akaba aýlagyna çenli giňeldipdir.

Dawudyň mirasdary onuň kiçi ogly Süleýman (965-935ý.) bolupdyr.Ony akyldarlygy we adalatlylygy bilen rowaýatlarda wasp edipdirler.Onuň dolandyran wagtynda gurluşy- ga köp üns berlipdir.Boşap galan hanaan şäherleri dikeldilipdir,täze şäherler,köşkler gurlup- dyr.Hudaý Ýakwäniň hormatyna Iýerusalimde baý bezegli ybadathana gurlupdyr.Bu binalary gurmak üçin tir patyşasy Ahiram Süleýmana iň gowy ussalary,nakgaşlary,gurluşyk materiallaryny iberipdir.Süleýman bolsa Ahirama galla,zeýtun ýagyny we ýigrimi şäher beripdir.Bu işleri alyp barmak üçin salgytlar artdyrylypdyr.Ysraýyl-Iudeý patyşalygynyň ýerleri 12 wela- ýata bölünip,olaryň hersi bir aýyň dowamynda patyşa azyk getirmeli ekeni.Zähmet borçlulygy hem girizilip,adamlar ýylda dört aý patyşanyň gurluşyk işlerinde işlemeli bolupdyr.Süleýma- nyň dolandyran soňky ýyllarynda döwletiň daşary syýasaty çylşyrymlaşypdyr.Ysraýyl-Iudeý patyşalygynyň demirgazygynda güýçli Damask patyşalygy döräpdir.Taýpalaryň köpüsi Iude- ýadan bölünip aýrylypdyrlar we täze Ysraýyl patyşalygyny döredipdirler.Soňrak (b.e.öň IX a) onuň paýtagty Samariýa şäheri bolupdyr.Dawudyň nesilşalygy ýurduň günortasynda-Iudeý patyşalygynda dolandyrypdyrlar.Ýurduň gowşamagyndan we bölünmeginden Müsür peýdalanypdyr.Faraon Şeşonok I Palestina ýöriş edýär we Iudeý hem Ysraýyl patyşalyklaryny tozdur- ýar.Ýöne Müsüriň gowşamagy Ortaýer deňziniň Gündogarynda onuň öňki agalygyny dikelt- mäge mümkinçilik bermändir.

Durmuş-ykdysady gatnaşyklar.B.e.öň I müňýyllygyň birinji ýarymynda Palestinada söwda we hünärmentçilik ösüpdir.Iri şäherlerde söwdagärleriň we senetçileriň kwartallary döräpdir.

Daşary söwda esasan Tir bilen güýçli ösüpdir.Hususy,jemagat we patyşa ýerleri bo- lupdyr.

B.e.öňki VIII-VI asyrlara degişli çeşmelerde erkin ilatyň dört gatlagy tapawutlandyrylýar:

1.Dünýewi ýokary gatlag (emeldarlar,begzadalar)

2.Ruhanylar

3.Ýerde işleýän ilat-bular erkin ilatyň esasy köpçüligi bolup,olaryň jemagatda paý ýerleri bolan we goşunda gulluk etmäge,salgyt tölemäge borçly ekenler.

4.Keseki ýurtlular.(göçüp gelenler,gelmişekler).Bularyň hukuklary çäklendirilipdir.

Erkin ilatdan başga gullar hem bolupdyr.Gullaryň sany erkin zähmetkeşleriňkiden az bolupdyr.

B.e.öňki VIII-VI asyrlarda Ortaýer deňziniň Gündogary iri döwletleriň agalyk et- mek ugrundaky göreş merkezine öwrülýär.

B.e.öňki VIII asyrda Tiglatpalasar III-niň döwründe Assiriýa güýçlenip ýörişe baş- laýar.Damask we Ysraýyl patyşalyklary oňa garşy birleşýärler.Ýöne b.e.öň 732-nji we 722-nji ýyllarda iki döwlet hem derbi-dagyn edilýär we ilatyň köp bölegi ýesir edilip äkidilýär.Palestinanyň merkezinde wawilon kolonistleri-samariýalylar göçüp ýerleşipdirler.

Soňra Tir-Sidon patyşalygy Assiriýa tarapyndan boýun egdirilipdir.

Assiriýa gowşan soň Tir we Iudeý patyşalyklary gaýtadan döräpdirler.Tir wagtlaýynça bütin Finikiýada agalyk edipdir.Iudeýa hem patyşa Iosiýanyň (640-609) döwründe özbaşdak bolup,demirgazykda we günbatarda assiriýa ýerleriniň hasabyna giňelipdir.Assiriýa heläk bolandan soň ,Ortaýer deňziniň Gündogary Müsüriň XXVI nesilşalygy bilen Täze Wawilon patyşalygynyň arasyndaky dawaly ýere öwrülipdir.

B.e.öň 609-njy ýylda Megiddonyň etegindäki söweşde Iudeý patyşasy faraon Neho II-nji tarapyndan ýeňlip,Müsüre boýun egdirilipdir.B.e.öň 587-nji ýylda wawilon goşunlary Iýerusalimi alyp,iň soňky patyşasy Sidkiýanyň gözüni oýupdyrlar,ilatyň köp bölegini ýesir edip äkidipdirler.Soňra Nawuhodonosor II esasy güýçlerini Tiriň garşysyna sürüpdir we b.e.öň 574-nji ýylda boýun egdiripdir.

Ahamenileriň pars döwleti dörän soň ýagdaý üýtgäpdir.Finikiýa şäherleri oňa meýletin geçipdirler.Pars patyşalary munuň üçin Finikiýanyň ýerlerini demirgazykda we günortada giňeldipdirler.Üç şäheriň-Tiriň,Sidonyň,Arwadyň birleşmesi döredilipdir.

Finikiýa şäherleri Pars döwletiniň möhüm ykdysady merkezlerine öwrülipdir.Ýöne Ahemeniler döwletiniň soňky döwürlerinde Sidon oňa garşy baş göteripdir we weýran edilip- dir.

Ahemeniler artykmaç hukukly Müsüre tarap harby we söwda ýollarynda ýerleşen ybadathanalar şäheri hökmünde Iýerusalimi dikeldipdirler.Wawilona ýesir edilip äkidilen ilaty gaýtaryp getiripdirler.

5.Ösen goňşularynyň şol sanda Müsüriň we Mesopotamiýanyň gazananlaryny peýdalanyp,Ortaýer deňziniň Gündogarynyň ilaty özboluşly baý medeniýeti döredipdirler.Olaryň medeniýeti antik dünýäsine uly täsir edipdir.

Bu ýerde eýýäm b.e.öň V-IV müňýyllyklara degişli keramika,Mesopotamiýanyň güýçli täsiri ýetipdir.Şäherleriň,döwletleriň emele gelmegi bilen iri köşk toplumlary,ybadatha- nalar gurlupdyr.Ýöne olaryň möçberleri Müsüriňkiden we Şumeriňkiden kiçi bolan.Syýasy dagynyklyk we hemişe daşardan howp salnanlygy sebäpli bu ýerde berkitmeleri gurmaga aý- ratyn üns berlipdir.Gala diwarlarynyň göniburçly minaralary bolan,diwarlaryň ýokarsyndaky diş-diş edilip gurlan ýerleriniň aňyrsynda ýaý atýanlar gizlenipdirler.

Daşdan,süňkden dürli heýkeller,şekiller ýasalypdyr.

Giçki Iudeýada b.e.öň VIII-VI asyrlarda pygamberleriň hereketiniň ösmegi bilen, ýeketäk hudaý Ýakwäniň wagyz edilmegi netijesinde Iýerusalimde öňki keramatly şekiller ýok edilipdir,adamlary we haýwanlary şekillendirmek gadagan edilipdir.Şondan söň çeper dö- redijilik işi diňe nagyşlar we möhürlerdäki şekiller bilen çäklenipdir.Ylym babatda finikiýalylar müsürlileri öz halypalary hasaplapdyrlar.Finikiýalylaryň geografiki açyşlaryň taryhynda Gibraltardan geçip Atlantik ummanyna çykmagy we Afrikanyň daşyndan aýlanmagy uly üs- tünlik bolupdyr.

Grek medeniýetiniň gündogardan,esasanam Finikiýadan baglydygyny antik aw- torlar ykrar edipdirler.Ilkinji grek hasabyýetçisi,fizigi,astronomy we filosofy Fales aslynda fi- nikiýaly ekeni (b.e.öň VI a.) Ilkinji elipbiý emele gelmezden öň,Biblde b.e.öň II müňýyllykda 100 belgiden ybarat bogunlaýyn hat,soňra b.e.öň XV-XII asyrlarda ugaritde 30 belgili özbo- luşly klinopis ýazuwyndaky elipbiý döredilipdir.Ahyry hem kämil ýazuw bolan finikiýa elip- biýi ýüze çykyp,onuň 22 sany harpy bolupdyr.Bu elipbiýi ýewreýler,arameýler kabul edip,ony gündogar Hindistandan Merkezi Aziýa çenli ýaýradypdyrlar.Günbatarda Finikiýa elipbiýini greklere we beýlekilere ýaýrapdyr.Ortaýer deňziniň Gündogarynyň halklarynyň dini hem köp- hudaýlylyk bolup,dürli zatlara çokunypdyrlar.Gadymy ýewreýleriň dini hem ilkibaşda şeýle bolupdyr.Ysraýyllylaryň we iudeýleriň esasy çokunýan hudaýy Ýahwe bolupdyr.Olarda beýleki halklaryň hudaýlaryna çokunmak bolmaýar ekeni.

Ýekehudaýlylygyň ösdürilmeginde b.e.öň VIII-VI asyrlardaky pygamberlik hereketleri möhüm ädim bolupdyr.Ysraýyl we Iudeý pygamberleri Ýahwäniň tabşyrmagy bilen halky başga,ýalan hudaýlardan ýüz öwürmäge çagyrypdyrlar.Kem-kemden Ýahwe barada onuň ýeketäk,gudraty güýçli,ýaradyjy hudaýlygy hakyndaky pikir emele gelipdir.Ýahwäniň şekili hiç hili görnüşde-de şekillendirilmändir.Injiliň kitaplarynda Ýahwe bilen onuň halky- nyň arasyndaky özara söýgi agdyklyk ediji mowzuk bolup durýar.

B.e.öň 622-nji ýylda indeý patyşasy Iosiýa özgerdişler geçirip,Ýahwäni ýeke-täk hudaý diýip yglan edip,iýerusalim ybadathanasyny hem oňa çokunylýan ýer diýip yglan edýär.

Ilki Ysraýyl,soňra Iudeýa patyşalyklarynyň başyna düşen betbagtçylyklary pygamberler bu halky günälerden arassalamak üçin hudaýyň berýän jezasy hökmünde düşündiripdirler.Wawilon ýesirligindäki iudeýler halasgäriň gelmegine we ýerde hudaýyň patyşalygynyň bolmagyna garaşypdyrlar.”Wawilon ýesirligi” gutaransoň,Eýran patyşalarynyň gözegçiligi astynda Iudeýada özbaşdak raýat-ybadathana jemagaty döräpdir.Onuň resmi dini hökmünde b.e.öň V-III asyrlarda iudaizm gutarnykly görnüşine gelipdir.