11-njy asyryň ahyrynda esaslandyrylan Oksford uniwersiteti Beýik Britaniýada ýerleşýär, Ýewropanyň iň gadymy ýokary okuw mekdepleriň biri hasaplanýar. Häzirki wagtda uniwersitetiň talyplarynyň dörtden biri daşary ýurtlydyr. Oksford uniwersiteti beýleki ýokary okuw mekdepleriň arasynda durnukly öňdeligini saklap, reýtingde Kembrij uniwersiteti we Garward uniwersitetleri bilen çekeleşikli bäsleşikdedir.Oksford maý baýramçylygyny, Kraýs Çerj kollejini, Garri potter filmniň surata düşürilen ýerleri görmek üçin bu ýere ýylda millionlarça jahankeşdeler gelýär.

Meşhur uçurymlary:

Oksforduň mugallymlarynyň hem-de uçurymlarynyň 40-sy nobel baýragynyň eýeleridir. Birleşen şalygyň premýer ministrleriniň 25- si, şalarynyň 6- sy, ruhanylarynyň 12- si 50- ä golaý olimpiada ýeňijileri,şonuň ýaly hem dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň 20- ä golaýy, syýasatçylaryň,alymlaryň müňlerçesi şu ýokary okuw mekdebiniň uçurymlarydyr.Oksfordda okuw oktýabr aýynda başlaýar we 3 tapgyrda geçirilýar.