Omar Haýýam
Giýasaddun Abul Fatih ibn Ibrahim Omar Haýýam Nişapuri – XI asyrda ýaşap geçen görnükli şahs bolup, ol 1048-nji ýylda Nişapurda dogulýar, şol ýerde önüp ösýär we ilkinji sowady şol ýerde alýar. Soňra bolsa şol döwrüň esasy bilim ojagy ýerleşen Balhda we Samarkantda bilimini dowam etdirýär.
Omar Haýýam (Pars) عمر خیام | |
Eýran, Nişapur , Omar Haýýam | |
Doglan wagty we ýeri | Maý 18[1] 1048[2] Nişapur, Horosan, Eýran |
---|---|
Aradan çykan wagty we ýeri | Dekabr 4 [1] 1131 (ýaş 83)[2] Nişapur, Horosan, Eýran |
Käri | Şähyr, Ýazyjy, Matematikaçy, Filozofçy, Astronomçy |
Etnikasy | Pars |
1069-njy ýylda Samarkanda gelýär we algebranyň meseleleriniň çözlüş usullary barada traktat ýazýar. Oňa çenli diňe iki sany matematika traktaty bardy. Soňra Omar Haýýam astronomiýa bilen gyzyklanýar, 1074-nji ýylda Ispihandaky astronomiýa bilen bagly barlag-amaly merkezine barýar. 1077-nji ýylda bu baradaky kitabyny ýazyp gutarýar. 1079-njy ýylda egindeşleri bilen bilelikde senenama (kalendar) döredýär.
XI asyryň 90-njy ýyllarynda, barlag-amaly merkezi ýapylandan soň, Omar Haýýam Mekkä zyýarata gitýär. 1097 ýyldan başlap Horasanda lukman bolup işleýär. Şol döwürde hem özüniň ‘’Umumy barlyk barada’’ filosofiki traktatyny ýazýar.
Omar haýýam ömrüniň soňky 10-15 ýyllaryny Nişapurda ýekelikde geçiripdir. Adamlar bilen az gatnaşykda bolupdyr. Bu ýyllarda diňe kitap bilen dostlaşypdyr. Bu barada taryhçy Beýhaki onuň diňe kitap ýazmak we okatmak bilen meşgullanandygyny belläp geçýär. Şeýle hem ömrüniň ahyrynda kynçylyk çekip ýaşapdyr diýen maglumat hem bar. Beýhakiniň aytmagyna görä, ol ölmeginiň öňi syrasynda Ibn Sinanyň saglygy bejeriş baradaky kitabyny okapdyr.
Ol diňe bir goşgy ýazman, eýsem, astronomiýa, matematika, fizika we beýleki ylymlara hem köp goşant goşupdyr. Häzirki wagtda onuň ýazan traktatlary bütin dünýäde peýdalanylýar. Onuň döredijiligi Merkezi Aziýanyň, Eýranyň we bütin adamzadyň taryhynda, medeniýetinde öçmejek yz bolup galandygy giňden ykrar edilýär[Çeşme zerur] . Onuň ýazan rubagylary elden ele, öýden öýe, ýurtdan ýurda, asyrdan asyra geçip, biziň döwrümize çenli gelip ýetipdir. Onuň rubagylarynda adamzada uly ähmiýet berendigi bellenip geçilýär[Çeşme zerur] . Tebigatyň kanunlarynyň üstüni açypdyr, adamlara öz-özüniň ruhy baknaçylygyndan azat bolmaklaryna kömek etmäge çalşypdyr. Gahar-gazabyň hem ynsan ruhynyň tussaglygy diýip belläpdir. Şol tussaglykdan özüňi halas edip bilse, adamyň erkin we bagtly durmuşa ýetjekdigini aýdypdyr. Şeýle hem, Omar Haýýamyň döredijiliginde durmuşa bolan hyjuwy duýmak bolýar. Ondan başga-da, onuň eserleri orta asyrlarda adamlaryň ruhy taýdan ösüşlere ýetendiginiň subutnamasy hökmünde garalýar.
Çeşme
düzet- ↑ 1.0 1.1 Sitirleme säwligi: Nädogry
<ref>
tegi;britannica
atly refler üçin tekst görkezilmändir - ↑ 2.0 2.1 Professor Seyyed Hossein Nasr and Professor Mehdi Aminrazavi. “An Anthology of Philosophy in Persia, Vol. 1: From Zoroaster to ‘Umar Khayyam”, I.B. Tauris in association with The Institute of Ismaili Studies, 2007.