Osman döwletleri XVI – XVII asyryñ başlarynda

Mowzuk: Osman döwletleri XVI – XVII asyryñ başlarynda

Meýilnama:

1. XVI asyrdaky türk basybalyjylary. Osman döwletiniñ harby hojalyk gurluşy.

2. Türkiýe Süleýman II döwründe . Hojalyk gurluşy kanunçylygy harby guramaçylyk işleri

3. Balkan ýarym adasynyñ halklarynyñ türk zulumyna garşy göreşi. Osman döwletiniñ gowşamagynyñ sebäpleri

Maksady: XVI – XVII asyrda Osman döwletiniñ harby hojalyk gurluşy we basyp alyşlary barada düşünje bermek

Wezipesi: Osman döwletiniñ medeniýetine seljuk soltanlygynyñ ýetiren täsirini düşündirmeli.

Bu döwlet seljuk türkmenleriniñ nebereleri tarapyndan Anadoluda 1300-nji ýylda Marydan ilkinji ýöriş eden seljuk türkmeni Ärtogrul gazynyñ ogly Osman gazy tarapyndan binýat edildi.

1071-nji ýylda Çagry batyryñ ogly Alp Arslan Rum iliniñ derwezesini açmak üçin Wizantiýa hökümdarlygy bilen gazaply söweş edýär. Bu söweşde türkmenler uly ýeñiş gazanýarlar. Gysga wagtyñ içinde tutuş Anadolyny ele geçiren türkmenler bu ýere yslamy ýaýradyp, halkyny türkmenleşdirip başlaýarlar. Malazgirt söweşiniñ netijesinde Anadoly türkmenleriñ eline geçýär. Anadolyda 1075-nji ýylda Anadoly türkmen döwleti gurulýar, bu döwlet 1308-nji ýyla çenli dowam edýär. Eýýäm 1300-nji ýýllara çenli Anadoly Seljuk türkmenleriniñ döwleti dargap başlaýar. Onuñ ýerini ýuwaş – ýuwaş türkmen beglikleri alýar. Taryhda Osman türkmen döwletini döreden şol türkmen beglikleridir. Olaryñ başyny Ärtogrul gazy çekipdir. Özüniñ dört ýüz türkmen atlysyna baş bolup gelendigi aýdylýar. Ärtogrul gazy dogany Dündar bilen Anadolynyñ ýollaryny baglýar. Beýleki iki dogany Gündogdy bilen Sungur hökümdar Horasana dolanýar. Ärtogrul gazy “Bu 400 türkmen öýlüden bir döwlet dünýä iner” diýip , altyn sözleri aýdypdyr. Olar Anadoluda birnäçe ýerlerden geçip, 1270-nji ýylda söwüdi wizantiýalylardan basyp aldylar. Seljuklylaryñ soltany Alaeddin Keý kubat bu ýeñşi üçin Söwüdi oturmaga Domaniç we Ermeni dagyny bolsa, ýaýla üçin Ärtogrul bege berdi. Ärtogrul beg tiresi bilen Söwüde ýerleşdi. Ol 1281-nji ýylda 93 ýaşynda wepat bolýar.

Ärtogryl gazydan soñ begligiñ başyna ogly Osman geçdi. 1300-nji ýylda bolsa, Anadoludaky türkmen begleri toplanyp, uly döwlet döretdiler. Osman gazy Ärtogrul begiñ üç oglundan biridir. Osman beg beýleki doganlaryndan aýratyn tapawutlanmaýardy, ýöne barypýatan bir häkimýetçilik häsiýeti bardy. Kakasy wepat bolandan soñra , tiräniñ ähli begleri hem Osman gazynyñ tiräniñ başyna geçmegini isleýärler. Ol begligiñ başyna geçen wagty 23 ýaşynda bolupdyr. Osman beg türkmeniñ görmegeý ýigidi bolupdyr, ol uzyn boýly, giñ döşli we goç burunly bolupdyr, göwresiniñ bilden ýokary bölegi aşaky bölegine görä has uzyn bolupdyr.

Kakasy Ärtogrul gazy ölüm ýassygynda ýatyrka , şeýle wesýet edipdir diýip, taryhy çeşmelerde görkezilýär : “Oglum ölümine boýun egmän dünýä gelen hiç bir adam ýokdur. Maña-da Hezretli Allanyñ emri bilen ölmüm ýakynlaşdy. Bu döwleti saña amanat edýärin. Seni hem Tañra tabşyrdym. Her işiñde adalaty ýokarda goý” . Kakasy Ärtogrul gazy bilen Osman begiñ guran döwleti soñlugy bilen Osman döwleti ady astynda dünýäniñ üçden birine 600-ýyldan gowrak wagtlap höküm edýär.

1453-nji ýylda türk imperiýasy konstantinobyly basyp alan soñ özüniñ territoriýasyny giñeltmekligi dowam etdirdiler. Balkan ýarym adasynda Serbiýany, Bosniýany, Albaniýany basyp alýar. Albaniýa türkler tarapyndan iki gezek basylyp alynýar.Iki rotanyñ arasynda Albaniýa göreş alyp baryp azatlygyny saklady. 1443-nji ýylda Albaniýada Kostirýot türklere garşy söweşde ýolbaşçylyk edip özüniñ garaşsyzlygyny gazanýar. 1468-nji ýylda Kostirýot ölensoñ içki garşylyklaryñ ýitileşmegi bilen ikinji gezek türkler basyp alýar. 70-nji ýylyñ ortalarynda Krymy basyp alýarlar. Kiçi Aziýada Tranezund şäherlerini, Ýewfrat derýasyna çenli basyp aldylar. Mehmet iki gezek ýeñlişe sezewar bolýar. Belgyrada ýöriş edende hem-de Rodos adasyna ýöriş edende ýeñlişe sezewar bolýar. Selim I döwründe täzeden ýöriş başlanýar, ol Eýrana garşy göreş edip Azerbeýjana, Ermenistana, Guruziýany, Dagystany, Kürtüstany basyp alýar. Siriýany, Müsüri birleşdirdi. Eýýeländen soñ Selim I yslamyñ ýolbaşçysy hökmünde halyflyk titunyny alýar. Osman döwleti Süleýman II komuiçi döwründe has hem giñelýär. Örän köp territoriýalary basyp alýar. Ol özüniñ patyşalyk edip başlanda Belgrady we Rodasy basyp alýar. 1526-njy ýylda Mahaçyn eteginde birleşen çeh – wenger goşunyny derbi – dagyn edýär. Moldawiýada , Wolohiýa gutarnykly türk soltanlygynyñ köşgüne öwrülýär. Süleýman 1529-njy ýylda Wenýanyñ üstüne çozýar, emma ony basyp alyp bilmeýär. Bagdat şäheri bilen bilelikde Messopatamiýany eýeleýär. Demirgazyk Afrika hem ýöriş edýär. Gripolini, Alžiri basyp alýar. Türkler Süleýmanyñ döwründe bütin Arabystany hem basyp alýar. Wizantiýanyñ eýelik edýän territoriýasynyñ ählisini birleşdirdi. Soltanyñ elinde ol ýerleriñ uly bölegi degişli bolupdyr. Süleýman dünde Osman döwleti Ýewropa syýasatyna örän aktiw gatnaşypdyrlar. 1529-njy ýylda Süleýman Awstriýa garşy ýoriş edýär. 1535-nji ýylda Türkleriñ gol astyndaky ýerlerde salgyt tölemek bilen Fransiýa söwdagärlerine doly hukuk berlipdir. Türk soltany tarapyndan eýelenen territoriýalarda administratiw gurluş deñ bolýar. Ähli döwlet 21 welaýata bölünýär. Olam 250 sany etraba bölünýär. Welaýatyñ başynda gubernatorlar durupdyrlar. Etrabyñ ýolbaşçylaryna somjak diýlipdir. Özleriniñ ünsüni harby işe beripdirler. Harby goşunlaryñ bir böleginiñ ýagdaýyny ýeñilleşdirmek üçin ýorite karar çykarypdyrlar. Esasy bölegine Ýaniçar diýilipdir. Olaryñ sany 12-20 müñe çenli bolupdyr. Harby işden boş wagty Türk Soltandan köp ýeñillikler alypdyrlar. Türk goşunynyñ esasy bölegi iri ýer eýleri bolupdyr. Dürli ýer eýeleri hökmany harby ýörişlere gatnaşmaly bolupdyrlar. Ýerleriñ mukdaryna görä ýaragly otrýady getirmäge borçly bolupdyrlar. Süleýman daýhanlaryñ feodal borçlaryny kanuny tertipde kesgitläpdir. Ilkinji nobatda döwlet salgydyny tölemeli bolýar. Öz hojalygyna ýer üçin , mal üçin tölemeli bolýar. Gaçyp giden daýhanlary kesgitli wagtdan soñ tapyp yzyna getirmäge mümkinçilik beripdir. Türk daýhanlary bilen deñeşdireniñde basylyp alynan ilatyñ ýagdaýy has agyr bolupdyr. Özbaşdaklygy ýok edilipdir. Sähelçe hereketi üçin daýhanlaryñ üstüne talañçylykly ekspedisiýalar gurapdyrlar. Balkan ýarym adasy pese gaçyar. Natural hojalyk agalyk edip başlaýar. Türk eýeçiligi dünde Balkan halky örän horlanýar. 15-16 asyrlardan soñky 100 ýyllykda Balkan halky türklere garşy göreşini dowam etdiripdirler. Türkleriñ uly armiýasy üçin köp harajat gerek bolýar. Basylyp alnan ilatyñ duşmançylyk hereketi güýçlenýär. Daglyk ýerlerdäki ilatyñ göreşi güýçli bolýar. Duşmanlar adada saklaýan türkleriñ harby güýçlerine zarba urup durýarlar. Türk dolandyryjylaryna garşy berk göreş alnyp barylýar. Duşmanlar dürli-dürli atlar dakynypdyrlar. Grek duşmanlary özlerini Kleftlez diýip, Dolmasiýa Uskotlar diýip at dakypdyrlar. Bu hereketler halk aýdymlarda özleriniñ beýanyny tapýar. Türkler özleriniñ hereketlerini güýçlendirip olary yzarlap basyp ýatyrýarlar. Duşmanlaryñ türk häkimýetini ýok eder ýaly güýçleri bolmandyr. Ikinji bir tarapy halkyñ olara garşy dildüwüşikleri bolup durupdyr. Aýry – aýry şäherlerde 1594-nji ýylda bolan Serbleriñ gozgalañy bolýar. Gozgalaña Banato gozgalañy diýip at dakypdyrlar. 1598-nji ýylda Çernow şäherlerinde gozgalañ bolýar. Oña Çernow – Mitropowlitiý Diýonisi, Boýarlar ýolbaşçylyk etdiler. Şu gozgalañ ýeterlik taýyarlanylmandyr. XVII asyryñ başlarynda Serbler, Çernogorelylar üstünlikler gazanýar. 1603-nji ýylda Serbler Türk goşunyndan üstün çykýar. Türkler bilen urşuñ gidişinde Slobýan ýurtlary ruslardan kömek alyp durupdyrlar. Ýurtda garşylygyñ ýitileşmegi uly türk armiýasynyñ gowşamagyna alyp barýar. Syýasy gurluşy gowşaýar. Türk imperiýasynyñ dolandyryş sistemasynyñ öz içinde garşylyklar ýitileşip gowşaklyk döretdi. Süleýman I nesilleri döwründe biri-birine garşy toparlar döredýär. Oña ýançarlar hem gatnaşypdyrlar. Ondüriji güýçler haýal ösýär. Ýakyn gündogaryñ halklary türk eýeçiligine çenli halkara söwdasynda uly rol oýnapdyrlar. Indi bolsa şol söwda bütinleýin ýatyp galýar. Türk häkimýeti uzak wagtlap uruş alyp barmagy bilen başga işe eli degmändir. F.Engels : Türk düzgünine harby ýurt basarlarynyñ düzgüni diýp at berýär. Önümçiligi hiç wagt ösdürmändir. Her bir urşy täze-täze territoriýalary berýär. Şu ýagdaý bolsa içki sosial syýasy ýagdaýyny ýitileşdirdi. Türkler soñky uruşlarynda ýeñlişe sezewar bolýarlar. XVII asyryñ ahyrlaryndan başlap Türk imperiýasynyñ territoriýasy kiçelip başlaýar. Olar 1571-nji ýylda Lepantonyñ ýanynda bolan söweşde ýewropalylardan erbet ýeñilýär. Uly türk floty Ispaniýa, Wenesiýa , Rim papasynyñ flotyndan ýeñlişe sezewar bolýar. Oña Don huan Awstriskiý ýolbaşçylyk edýär. Şondan soñ hem türkler Wenesiýadan Kirp adasyny gaýtaryp alýar. XVI asyryñ 70-90-njy ýyllarynda Türkiýada örän güýçli sosial – syýasy krizis bolup geçýär. Ýurtda iri ýer salgytlarynyñ göterilmegi bilen birnäçe halk hereketleri bolup geçýär. 1591-nji ýylda güýçli gozgalañ bolup geçýär. 1595-1603-nji ýyllar aralygynda ul gozgalañlar dowam edýär. Ýanyçarlar he topalañ turuzýarlar. Soltanyñ özi hem harby köşk öwrülişiginde öldürilýär. XVII asyryñ başynda Türkiýa Eýran bilen alyp baran urşunda uly ýeñlişe sezewar bolýar. Eýran şasy Abbas I Azerbeýjany, Ermenistany, Gruziýany, Mosul, Bagdat şäheri bilen birlikde Messopotamiýany eýeleýär. 1619-njy ýyldaky Stambul ýaragsyzlygy boýunça bütin Kawkaziýany we Messopotamiýany elden gitdirýärler. Türkleriñ Rusiýa bilen çaknyşygy XVI asyryñ ikinji ýarymynda bolýar. Soltan topy basyp alan soñ Astrahany almak üçin synanyşyar. Ony eýeläp Eýrana ýoriş etmekligiñ planyny düžýär. Astrahan 1568-nji ýylda Türk goşunlaryna garşy berk gaýtawul berýär. Astrahany alyp bilmän yza çekilmäge mejbur bolýar. Gazaklaryñ Krym türkler bilen alyp barýan uruşlary soñky ýyllarda dowam edýär. XVII asyryñ ikinji ýarymynda Türkler Wenesiýa , Awstriýa, Rusiýa bilen köp uruşlar alyp bardy. Şol uruşda ýeñilmegi bütin Ýewropanyñ öñünde Türk döwletiniñ içki tarapdan gowşamaklygy hem-de harby topardan yza galaklygyny görkezdi.