Osman türkmenleriniň döwleti
Osman türkmenleriniň döwleti üç yklymyň döwleti ady bilen taryha giripdir. Bir nesilşalyk bilen dyngysyz 624 ýyldan-da köp wagt dowam eden Beýik Osman imperiýasy ýaly döwlet dünýäde ýokdur we bolmandy. Osman türkmenleriniň döwleti ösen döwründe üç yklymda ýerleşip Aziýanyň, Afrikanyň we Ýewropanyň çäkleriniň böleklerini özüne birleşdiripdir.
Emma beýik imperiýanyň taryhynyň öňüsyrasyda bar. XIII asyr Türkmenistan mongol basybalyjylarynyň golastynda düşýär. Müňlerçe türkmenler gelmişeklere tabyn bolmajak bolup, günbatara, Seljuk türkmen nesilşalygynyň wekilleri we olaryň öňki serkerdeleri tarapyndan dolandyrylan türkmen begliklerine, döwletlerine göçüp gidipdirler. Şeyle türkmen harby toparlarynyň biri Horasanda mongollar bilen bolan köp sanly söweşlerden soňra uzak ýol geçip Kiçi Aziýanyň serhedinde peýda bolýar. Oguz türkmenleriniň gaýy taýpasyndan bolan edermen serkerde Ärtogrul Gazynyň günbatara alyp barýan 400 atlysy türkmenleriň gylyjynyň güýjüne ynanypdyr. Seljuk türkmen soltany Alaýeddin Keýkubatyň mongollar bilen söweşýänini eşidip, Ärtogrul Gazy özüniň goşuny bilen duşmana garşy aldym-berdimli söweşe giripdir. Olaryň gaýduwsyzlygy we duşmana berk gaýtawul bermekleri mongol goşunynyň derbi-dagyn edilmegine getiripdir. Ärtogrul Gazynyň bitiren uly hyzmaty üçin soltan oňa Kiçi Aziýanyň demirgazyk günbatarynda ýerleşen Eskişäheriň golaýyndan ýer berýär. Biraz soň, Ärtogrul Gazy Soltan bilen bilelikde Wizantiýanyň garşysyna söweşýär we oňa täze ýerler sowgat berýär. Saparmyrat Nyýazowyň belläp geçişi ýaly, 1270-nji ýylda Ärtogrul Gazynyň ýigitleri Söwüdi Wizantiýalylardan basyp alýarlar we Alaýeddin Keýkubat oňa bu ajaýyp ýeri hem-de Domaniç jülgesini, Ermeni dagyny sowgat berýär. Öz nesillerine uly bolmadyk mülki miras goýan Ärtogrul Gazynyň yzyny 1281-nji ýylda täze garaşsyz begligiň dörändigini yglan eden Osman dowam etdiripdir. Osmanyň begligi beglikleriň içinde iň kiçisi hasaplanypdyr. Weýran ediji uruşlaryň gyzgalaňly döwründe bu kiçijik hanlygyň aman galmagyna näme sebäp bolduka? Onuň aman galmagyna diňe bir Kiçi Aziýanyň demirgazyk-günbataryny goramak üçin amatlylygy, ýagny ol ýerden deňze göni çykyp bolýandygy kömek edendir diýip pikir edýärsiň. Ikinjiden begligiň serdarynyň şahsy ukybynyň çäksizligi we geljege bolan umytlaryň bolmagydyr. Ärtogrul we Osman atlaryna “gazy” sözüniň goşulmagy ýöne ýerden däldir. Olar gaýry dinlere gazawat yglan edip, diňe bir türkmenleri birleşdirmek bilen däl, eýsem, täze dogan aýyň suraty çekilen tugy göterip, yslam dinini ýaýan hakyky azat edijiler hem bolupdyrlar. Osman örän parasatly, adalatly, jomart hökümdar bolupdyr. Ol kiçijik döwleti uly imperiýa öwürip biljek nesli terbiýeläpdir. Onuň ogly Orhan Gazynyň döwründe (1324-1362ýý.) Osmanlylar Balkan ýarymadasynyň uly bölegini eýeläpdirler.
1453-nji ýylda Muhammet II Wizantiýany basyp alypdyr. Wizantiýanyň paýtagty Konstantinopoly – Stambul diýip atlandyrypdyr. Bu Osman döwletiniň paýtagty bolupdyr.
Osman döwletinde ylym, binagärçilik, edebiýat, sungat gülläp ösüpdir. Hatda iňlis patyşasy Genrih VIII (1509-1547) Kanuny Soltan Süleýmanyň ýanyna hukuk ulgamyny öwrenmek üçin ýörite wekilleri ýollapdyr. Osman imperiýasynyň kuwwaty XVI asyrdan soň peselipdir. XX-asyryň başlarynda soltanlyk ýatyrylýar. Mustafa Kemal halk tarapyndan Atatürk diýip yglan edilýär. 1923-nji ýylyň
29-njy oktýabrynda Türkiýe Respublikasy jar edilýär.