Owganystanda 1978-nji ýylyň döwlet agdarylyşygy

Owganystanda 1973-nji ýyla çenli patyşalyk düzgüni höküm sürüpdi. 1931-1973-nji ýyllarda ýurtda Muhammet Zahyr şalyk etdi. 1973-nji ýylyň 17-nji iýulynda patyşalyk düzgüni agdaryldy. Owganystan respublikasy jar edildi. Zahyr şanyň ikidoganoglany hem-de giýewsi bolan Muhammet Dawut özüni respublikanyň premýer-ministri we goranmak ministri diýip jar etdi. Muhammet Dawut döwründe ýurduň ady respublika bolsa-da, iş ýüzünde onuň şahsy hökmürowanlygy berkarar edildi. Muhammet Dawudyň düzgüni 1978-nji ýylyň aprel wakalaryna çenli dowam etdi.

1978-nji ýylyň döwlet agdarylyşygy.

Aprel wakalarynyň baş sebäpkäri Owganystanyň Halk Demokratik partiýasy (OHDP) bolupdy. Bu partiýa Nurmuhammet Tarakiniň ýolbaşçylygyndaky “Halk”, Babrak Karmalyň ýolbaşçylygyndaky “Parçam” (“Baýdak”) syýasy toparlanyşyklarynyň birleşmegi netijesinde 1965-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda döräpdi. 10 ýyldan gowrak bu partiýa hökümete garşy gozgalaňa taýýarlandy. Onyň esasy agzalary goşundaky ýaş serkerdelerdi. Şolara daýanyp, 1978-nji ýylyň 27-nji aprelinde Kabulda ýaragly gozgalaň başlandy, Ýurduň ýolbaşçysy Muhammet Dawut boýun egmän ýogaldy. Häkimiýete Nurmuhammet Tarakiniň ýolbaşçylygyndaky çepçi toparlanyşyk geldi. Aprel wakalary ynkylap diýlip atlandyryldy.

1978-nji ýylyň aprelinde häkimiýete gelen OHDP gysga wagtda ýurtda sosializm gurmaklygy şygar edindi. Kabulyň halkara aeroportunda “Sosialistik ynkylabyň täze nusgaly ýurduna hoş geldiňiz!” diýen ýazgy asyldy. 30-njy aprelde ýurt resmi taýdan Owganystan Demokratik Respublikasy (ODR) diýlip jar edildi. Respublikanyň premýer-ministri we partiýanyň baş sekretary Nurmuhammet Taraki boldy.

Täze hökümet sosialistik özgerdişlere girişdi. Obalarda iri mülkäarlaryň, şäherlerde senagat eýeleriniň emläkleri zorluk bilen ellerinden alnyp, döwletiň haýryna geçirildi. Asyrlarboýy dowam edip gelýän däp-dessurlara, edim-gylymlara, dine garşy göreş başlandy. Kommunistik ruhly terbiýe berýän mekdepler açyldy. Bu zatlaryň ählisini halk ýigrenç bilen garşy aldy. Bu çäreler dünýä jemgyýetçiligini-de, döwletlerini-de biperwaý galdyrmady. Dünýäniň ünsi Owganystana gönükdi.