Ownuk gözlüje eginpisint teneçirjik

Teneçirler otrýady Egin pisint teneçirler maşgalasy Ýagdaýy. Derejesi II. Ýitip barýan görnüş. Genofondy gorap saklamakda ähmiýeti. Türkmenistan bu teneçirjigiň ýaýran ýerleriniň gündogar çetidir. Gysgaça beýany. Göwresi aram ululykdaky teneçir. Ganatynyň pterostigmasy ortaça ululykda ýa-da uzynlygy 2 mm-e barabar. Göwresiniň kükrek we garyn bölümleri goňurdan gara reňke çenli üýtgäp durýar. Erkek teneçirleriň garyn bölüminde köp sanly ýaşyl tegmiller, menekler bar. Ýaýraýşy. Günbatar Köpetdag. Türkmenistandan daşarda — Demirgazyk Zakawkaze, Palestina. Ýaşaýan ýerleri. Sumbar derýasynyň kenar ýakalary we dag çeşmeleriniň töweregi. Sany we onuň üýtgemek ýagdaýy. Çürtkesik azalýar. Mör-möjek tutujy tor 100 gezek geçirilende 1–2 sany teneçir düşýär. Esasy çäklendiriji sebäpler. Derýalaryň tebigy akymynyň bozulmagy. Biologiýasynyň aýratynlyklary. Teneçirler alagaraňkyda has işjeňleşýär. Liçinkalary diňe akar suwlarda bolýar. Uly teneçirler iýunda-awgustda uçýar. Köpeldilişi. Iş geçirilmedi. Gorag üçin görlen çäreler. Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna (1999) girizildi. Sünt-Hasardag döwlet goraghanasynda goralýar. Gorag üçin zerur çäreler. Sünt-Hasardag döwlet goraghanasynda görnüşi goramak boýunça gorag çärelerini güýçlendirmeli. Barlaglar boýunça teklipler. Uly teneçirleriň ekologiýasyny öwrenmeli, liçinkasynyň biologiýasyny beýan etmeli. Düzüji: S. K. Durdyýew