Open main menu
Plov.jpg

Palaw, Tüwiden taýynlanýan naharlaryň arasynda palaw iň saýlanýanydyr.[Çeşme zerur] Ol, umuman, Gündogar halklaryň arasynda giň ýaýran nahar bolansoň, ony taýarlamagyň usullary-da dürli-dürli. Türkmen halkynyň arasynda hatda her taýpanyň, her tiräniň öz bişiriş usuly bar diysek-de ýalňyş bolmaz. Meselem, Türkmenistanyň deňiz ýaka raýonlarynda ete derek balyk atybam, balykly palaw bişirilýandigini belläp gecmeli.[Çeşme zerur] Şoňa görä palaw taýarlamagyň usulynda umymylyklar-da, ayratynlyklar-da bar, ýöne köplenç bişiriliş usullary bir meňzeş. Esasy aýratynlyk onuň içine atylýan zatlarda we näçe atylýanlygynda.[Çeşme zerur]


GörnüşleriEdit

Toý PalawyEdit

Toý palawy beýlekilerden känbir parhlanmaýar ol köp mukdarda bişirilýär. Şonuň üçin aşagy köýmez ýaly, atyljak başga bir gazanda gowrulýar. Taýýar bolup palaw tabaklara salnanda, eti dogralyp, üstüne goýulýar.

Gök Tuwili PalawEdit

Şalynyň birinji hasyly, ýagny gök tüwi elde dowülmegi bilen taýýarlanylýan palaw görnüşidir.

Mäşli PalawEdit

Arassalanan we suwda ýumşadylan mäş bilen taýýarlanylýan palaw görnüşi. Arassalanan tüwi bilen mäş garyşdyrylyp bişirilýär.

Wermişelden PalawEdit

Tüwi ýerine wermişel ulanylýan palaw.

Beýili PalawEdit

Beýi gatylan palaw görnüşi.

Şalgamly PalawEdit

Şalgam gatylan palaw görnüşi.

Towuk Etli PalawEdit

Towuk eti ulanylmagy bilen bişirilýän palaw görnüşi.

Saryýagly PalawEdit

Saryýag ulanylmagy bilen taýýarlanylýan palaw görnüşi.

Künji Ýagly PalawEdit

Künji ýagy ulanylmagy bilen taýýarlanylýan palaw görnüşi.

Guýruk Ýagly PalawEdit

Guýruk ýagy ulanylmagy bilen taýýarlanylýan palaw görnüşi.

Ýilikli PalawEdit

Sygyr ýilik ýagy ulanylmagy bilen taýýarlanylýan palaw görnüşi.