Pampaslar
Pampa (Pampáslar) (isp. Pampa) — Günorta Amerikanyň günorta-gündogarynda, esasan subtropik zolakda La-Plata estuarisiniň sebtinde ýerleşýän sähra. Pampaslar günbatarda Andlar, gündogarda Atlantik okean bilen araçäkleşýär. Onuň demirgazyk tarapynda Gran-Çako sawannasy uzalyp gidýär.
Pampaslara territoriýasy galtaşýan ýurtlar Argentina, Urugwaý we Braziliýa bolup durýar. Pampa Argentinanyň esasy oba-hojalyk pudagy bolmak bilen, esasan maldarçylyk üçin ulanylýar.