Parfiýa döwletinde lukmançylyk

(Parfiýa döwletinde lukmançylygyň ösüşi sahypasyndan gönükdirildi)

Parfiýa döwletinde lukmançylykParfiýa döwletinde medeniýete, sungata ylma şol sanda lukmançylyk ylmyna hem uly üns berlipdir. Taryhy maglumatlara görä Parfia şasy Mitridat tebpiçilik bn içgin gyzyklanypdyr . Ol rim lukmany Asklepiadyn, Neponyň şahsy lukmany Adromahyn , gadymy grek alymy Gippokratyn ylmy işlerini öwrenipdir. Mitridat 22 dilde gürlap bilipdir, özüniň 56 yyl şalyk süren döwründe Parfiýa döwletiniň dürli künjeklerinde ýaşaýan halklaryň wekilleri bilen düşünişmek üçin bir gezek hem dilmaja yüz tutmandyr. Mitridat öz ýurdunda duş gelyän we tebipçilikde ulanylýan derman serişdeleri barada köp maglumatlar toplapdyr. Ol esasanda haywanlaryň önümlerinden we ösümliklerden alynýan dermanlary synag usuly bn barlap görüpdir bogunagyryda bogunlarda duz yygnalanda samyryň hamyndan tikilen aýakgaby ulanmagy maslahat beripdir. Demgysma garşy skif otunyñ ve gylýal süýdüniň (gymyzynyň) peydalydygyny belläpdir.. Mitridat zäherlenmelere garşy täsir edýän emleri döretmekde hem köp açyşlar edipdir. Ol barada Gündogaryň beýik alymy dünýä meşhur Abu Ali ibn Sina özüniň lukmançylyk ylmynyň kanunlary atly ylmy eserinde ýörite belläp geçýär.

Salgylanma

düzet

N.Mollaýew, J.Sopyýew TDLU. 2007, y.Shenbe, 1nji-dekabr. Tükrkmenistan gazeti